Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MHA wakalary we awtoritar döwletler


Ukrainada Edward Snowdeniň goldawyna geçirilen ýörişden bir pursat.
Ukrainada Edward Snowdeniň goldawyna geçirilen ýörişden bir pursat.
Golaýda Amerikanyň Milli howpsuzlyk agentliginiň internet içalyçylyk programmasynyň üstüniň açylmagy Birleşen Ştatlarda alasarmyk ýagdaýy döretdi we Waşingtonyň hyzmatdaşlaryny alada goýdy, şeýle hem Obamanyň administrasiýasyny aljyraňňy ýagdaýda muňa düşündirişler bermäge mejbur etdi. Ýöne bu mesele dünýäniň çar künjegindäki awtoritar režimler üçin Hudaý tarapyn göýberilen garaşylmadyk peşgeş ýaly boldy.

Totalitar hökümetler

Internet ekspertleriň aýtmaklaryna görä, daşary ýurtlylaryň internetde edýän ähli işlerine Facebook, Google, Skype ýaly kompaniýalaryň serwerlerine baglanmak arkaly gözegçilik edýän Waşingtonyň bu gizlin programmasy gönüden-göni totalitar režimleriň peýdasyna oýnap biler.

Bu gizlin programmanyň üstüniň açylmagy agzalýan režimleriň interneti gözegçilikde saklaýan häzirki bar bolan pragrammalaryna düşündiriş bermäge kömek eder, şol bir wagtyň özünde täze çäreleri görmäge-de esas bolar.

Ronald Deýbert Toronto uniwersitetiniň binýadyndaky "Citizen Lab" laboratoriýasynyň müdiri. Agzalýan labarotoriýa kibergiňişlik, global howpsuzlyk we adam hukuklarynyň özara hyzmatdaşlygy boýunça dünýäniň iň öňdebaryjy barlag merkezidir.

Onuň bellemegine görä, häzirki günlerde Birleşen Ştatlaryň internet azatlyklaryny goramak babatda gazanan abraýyna şikes ýetdi. Ol bu hakda şeýle diýýär: “Dünýädäki ýurtlar öz içerki aragatnaşyk ulgamlaryna Birleşen Ştatlardaky we beýleki döwletlerdäki köp sanly struktura güýçleriniň gizlin programmalar arkaly aralaşyp, maglumat ogurlap bilýändigine göz ýetirdiler, şeýlelikde olar munuň öňüni almak üçin öz ýerli aragatnaşyk ulgamlaryny diňe özleriniň territorial gözegçiliginde saklamagyň ugruna çykarlar. Bu ýagdaý hem, gürrüňsiz, internetiň bölünmegine ýol açyp, biziň islemeýän netijelerimizi berer”.

“Milli internet”

“Milli internet” bireýýäm Demirgazyk Koreýada we Kubada ulanyşyga girizildi we habar bermeklerine görä, Eýranda hem bu ugurda işler alnyp barylýar.

Milli howpsuzlyk agentligindäki dawa, adamlaryň gürrüňleriniň diňlenip, ýazylmagy ýaly hukuk bozmalar bellige alnan Orsýet ýaly ýurtlarda internet meselesinde berk çäre görülmegine getirdi.

Russiýa Federasiýasynyň Ýokary Geňeşiniň agzasy Ruslan Gattarow 14-nji iýulda "The New York Times" gazetine beren interwýusynda şeýle diýýär: “Biz Google, Microsoft we Facebook ýaly halkara derejesinde iş alyp barýan kompaniýalary haýal etmän gözegçilikde saklamagyň ugruna çykmaly.”

Ol şeýle-de Milli howpsuzlyk agentliginiň ozalky işgäri we Birleşen Ştatlarda bar bolan içalyçylyk programmalary barada maglumat syzdyran Snowdeniň “beren sapagynyň” şu ugurda zerur çäreleri görmäge ugrukdyrandygyny aýtdy.

Orsýet

Orsýetde hereket edýän amerikan internet kompaniýalary we beýleki ýurtlaryň internet serwerleri häzirden häkimiýetler tarapyndan we güýç ulanyjy edaralar tarapyndan basyşlara sezewar boldular we öz maglumatlaryny paýlaşmaga mejbur edilip başlandylar. Ekspertleriň aýtmaklaryna görä bu basyş wagtyň geçmegi bilen has hem güýçlener.

Milli howpsuzlyk agentliginiň içalyçylyk programmasynyň üsti açylanyndan soň ors parlamentiniň düzüminde "Informasion jemgyýetiň ösüşi barada komissiýany" döreden Ruslan Gattarow Facebook, Twitter we Yahoo ýaly kompaniýalaryň içerki maglumat goraglylygy baradaky kanunlary bozup-bozmandyklarynyň derňelýändigini we ulanyjylar bilen aradaky ylalaşyklaryň düzgünlerine düzedişleriň girizilmeginiň ahmaldygyny aýdyp, çykyş etdi.

Döwlet Dumasyndaky “Ýedinnaýa Rossiýa” partiýasynyň başlygynyň orunbasary Sergeý Železnýak agzalýan internet kompaniýalarynyň ors ulanyjylarynyň maglumatlaryny Orsýetiň içindäki serwerlerde saklamaklaryny talap edýän kanunçylygy teklip etdi. Bu hem zerur halatynda maglumatlary ýerli häkimiýetlere elýeterli edip biler.

Toronto uniwersitetinden Deýbertiň aýtmagyna görä, Milli howpsuzlyk agentliginiň içalyçylyk programmasy baradaky meseleler, kiber giňişligiň dolandyrylyşy baradaky halkara şertnamalaryň täzeden dikeldilmegine ýol açyp biler. Ýöne geçmişde bu şertnama internet azatlygynyň tarapdarlary we günbatarly häkimiýetler howatyrly garaýardylar.

"Kodeks"

Deýbert 2011-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambileýasynda Hytaýyň, Orsýetiň, Özbegistanyň we Täjigistanyň kiber giňişlikde “özüňi alyp barmak kodeksini” teklip edendiklerini ýatlatdy.

Bu kodeks kiber giňişlikde döwlet gözegçiligini goldaýar. Deýbert bu hakda şeýle gürrüň berýär: “Birleşen Milletler Guramasynda Orsýet we beýleki käbir döwletleriň kanun kabul etmek baradaky teklibi syýasy äheňde bolany üçin başa barmady. Ýöne soňky bolan wakalardan soň şeýle teklipler täzeden galdyrylar we internet azatlygynyň göreşijisi hökmündäki Birleşen Ştatlara şübheli garaýan köp sanly döwletler şeýle teklipleri iki elläp goldarlar”.

Beýleki käbir ekspertler amerikan hökümetiniň içalyçylyk programmasy baradaky beren düşündirişine-de alada bildirýärler we berlen düşündirişler repressiw häkimiýetler tarapyndan manipulirlenip bilner.

Waşingtondaky "Täze Amerika" guramasynyň internet azatlygy boýunça eksperti Rebekka MakKinnonyň bellemegine görä, Birleşen Ştatlar soňky bolan wakalaryň özge häkimiýetler tarapyndan bet maksatlar üçin peýdalanylmagyna garşy işleri alyp barmagyny dowam etmeli.

Onuň pikirine görä, muny käbir reformalary geçirmek arkaly we howpsuzlygy üpjün etmek arkaly amala aşyryp bolar: "Amerikanyň Birleşen Ştatlary özüniň içalyçylyk ulgamlaryny we milli howpsuzlygyny özüniň konsititusion kanunlary bilen aýakdaş alyp barmalydyr. Meniň pikirimçe, eger şeýle edilmese, beýleki ýurtlar bu ýalňyşlygymyzdan peýdalanyp, jogapkärçilikden gaçarlar. Eger-de biz nusga bolmasak, onda, gynansagam, ýagdaýlar gowy bolmaz".

17-nji iýulda Kongresde geçirilen Milli howpsuzlyk agentliginiň uçran skandaly baradaky diňlenişikde senatorlar hökümete gözegçiligi güýçlendirmegi talap etdiler. Olaryň käbiri bu pogrammany alyp barmakda hökümetiň hukuklary çäklendirilmelidigini nygtadylar.
XS
SM
MD
LG