Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şekersoltan: Otly durman geçýär


Serhetabatlylar ýolagçy otlusyna garaşýar
Serhetabatlylar ýolagçy otlusyna garaşýar
Häzirki wagt türkmen hökümeti birnäçe, şol sanda “Demirgazyk-Günorta” we “Türkmenistan-Owgansytan-Täjigistan” ýaly halkara demirýol proýektlerine gatnaşýar.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan adaty türkmenistanlylar ýurduň demirýol pudagynyň ýerli halkyň talabyny ödärden daşdadygyny, kassalarda biletleriň ýetmezçilik edýändigini, parahorlugyň höküm sürýändigini belleýärler.

Ýakynda Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna:

“Salam men Kerim. Özüm Türkmenistanyň Mary welaýatynda ýaşaýaryn. Welaýatyň wokzalynda Aşgabada gitmekçi bolýanlara bilet ýok. Öň irden Aşgabada gidýän otly bardy, indi şol hem agşama geçdi. Mary welaýatynyň ýaşaýjylary şu sebäpden kösenýär” diýen mazmunly hat hem geldi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa “Mary-Serhetabat” ýolagçy otlusynyň häzirki ýagdaýy barada serhetabatly Şekersoltan bilen ýörite söhbetdeşlik geçirdi.

XS
SM
MD
LG