Azerbaýjanda bäsleşikli prezidentlik saýlawlary Abulfaz Elçibeýiň bu wezipä gelen ýyly bolan 1992-den bäri bolanok. Ýöne ýurduň oppozision syýasy güýçleri öňümizdäki oktýabrda geçjek saýlawlarda bu ýagdaýy üýtgetmegi umyt edýärler.
28-nji maýda ýurduň oppozisiýasynyň uly bölegi ýazyjy Rustam Ibragimbekowyň ýolbaşçylygynda bir ”Milli geňeş” döretmek üçin ýygnandylar. 74 ýaşly Ibragimbekow "Güne ýanan"diýip atlandyrylan ors kinofilmine ýazan senarisi üçin 1995-nji ýylda "Oskar" baýragy bilen sylaglanan adam.
"Milli geňeş” "Musawat" partiýasyny, Ali Kerimliniň "Halk Fronty" partiýasyny, "El" hereketini, "Graždan Raýdaşlygy" partiýasyny, parlamentiň öňki başlygy Rasul Kuiliýewiň "Açyk Jemgyýet" partiýasyny, şeýle hem 15 töweregi beýleki partiýalary öz içine alýar.
Hökümet biynjalyk bolýar
Bakuwly syýasy analizçi Huseýnbala Salimow bu wakanyň halkara jemgyýetçiliginiň hem-de Azerbaýjan hökümetiniň ünsüni özüne çekendigini aýdýar:
"Geçmişde oppozisiýa kabul ederliksiz, Orsýete duşmançylykly, çetleşdirilen toparlar bilen çäklenýärdi. Indi bolsa, garaşylmadyk ýagdaýda Oskar baýragynyň laureaty, işi üstünlikli bir adam oppozisiýa goşuldy. Şol sebäpden hökümet biynjalyk bolýar. Ozal ne Günbatar oppozisiýa çynlakaý bir gyzyklanma bildirýärdi, ne Eýran, ne-de Orsýet. Ýöne indi bu gyzyklanmanyň peýda bolmagy mümkin".
"Milli geňeş” 28-nji maýda gurlaly bäri assa-ýuwaşdan ilerläp gelýär. Onuň programmasynda täze konstitusiýa, parlamentar hökümet, şeýle hem 2015-nji ýylda täze parlament saýlawlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Hökümet täze gurlan bu organyň ähmiýetini kiçeltjek bolup, onuň oppozisiýany birleşdirmek üçin edilen ozalky synanyşyklar ýaly şowsuzlyga uçramagyny umyt edýär.
"Daşardan berilýän buýruklar"
Prezident Aliýew 7-nji iýunda "Ýeni Azerbaýjan" partiýasynyň ýygnagynda eden çykyşynda ”Milli geňeşi” agzamasa-da, "olar daşardan özlerine berilýän buýruklary" bitirýärler diýip, umuman oppozisiýany garalady.
"Ýeni Azerbaýjan" partiýasynyň ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Mubariz Gurbanly hem Azatlyk Radiosyna beren beýanatynda şeýle diýdi: "Birinjiden, men olar bir kandidat barada ylalaşyp biler diýip pikir edemok. Ikinjiden, ylalaşaýsalar-da, bu olaryň garaşyşy ýaly, saýlawyň sosial-syýasy prosesinde düýpli bir netije bermez. Olar kimi kandidat belleseler-de, üýtgän zat bolmaz".
”Milli geňeşde” ýeke-täk kandidat barada güýçli çekişme gitse-de, Ibragimbekowyň goldaw tapjakdygy belli däl. Ol Azerbaýjanda halk tarapyndan hormatlanýan we giňden tanalýan medeni şahsyýet bolsa-da, syýasy tejribesi köp däl. Galyberse-de, ol soňky birnäçe ýyllykda daşary ýurtlarda boldy.
Aňdaky kandidat
Ibragimbekow özüniň oppozisiýanyň kandidaty bolmagy isleýändgini açyk aýdanok. Ol Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi:
"Aňymda meniň öz bir kandidatym bar. Biz bu barada pikir alşarys. Bir ýeke-täk kandidat barada ylalaşylar diýip umyt edýärin. Birnäçe adam meniň kandidat bolmgymy isleýärler. Meniň muny goldamaýanlygymyň 5-6 sany sebäbi bar. Bu barada gürlärden entek ir. Men öz delillerimi wagty gelende aýan ederin. Ýöne birnäçe sebäbe görä, munuň bilen ylalaşmak maňa kyn düşer".
Bakuwyň "Atlas" ylmy barlaglar merkeziniň başlygy Elham Şahinoglunyň garaýşyça, Ibragimbekowyň kandidat saýlanmagynyň Aliýew bilen "Ýeni Azerbaýjan" partiýasynyň saýlawlara çemeleşişini üýtgetmegi mümkin.
"Ibragimbekow ýeke Azerbaýjanda däl, eýsem tutuş dünýäde tanalýan adam. Häkimiýetler onuň garşysyna aňsatlyk bilen galp kampaniýa alyp baryp bilmezler. Ol Waşingtonda, Moskwada we Ýewropa Bileleşigine degişli döwletlerde goldalar. Maliýe çeşmeleri-de onuň şansyny artdyrýar. Azerbaýjanyň garyp oppozisiýasyndan tapawutlylykda Ibragimbekow öz saýlaw kampaniýasyny we ”Milli geňeşi” özbaşdak maliýeleşdirip biler. Bu hem häzirki wagtda gaty ähmiýetli" diýip, Şahinoglu aýdýar.