Damask hökümet güýçleriniň, Liwanyň söweşiji "Hezbolla" topary bilen birigip, takmynan üç hepdä çeken söweşden soň Siriýanyň strategik serhet şäheri Kusairi yzyna alandygyny habar berýär.
Ýöne "Hezbolla" özüniň Siriýada söweş meýdanynda gazanan ilkinji üstünligine guwansa-da, analitikleriň aglabasy bir gün bu ýeňiş serhetdeş ýurtlarda şaýylar bilen sünnüleriň arasynda konflikt oduny tutaşdyrar diýip, duýduryş berýärler.
Adamlary has-da beter aladalandyrýan howplaryň biri bu konfliktiň Liwanyň öz içine ýaýramagydyr.
Liwanly söweşijiler
Fransiýanyň Lýondaky Gremmo ylmy-barlag merkeziniň direktory Fabris Balanş munuň sebäbini Kusairde ýüz beren söweşiň esasy böleginiň liwanly şaýylar bilen liwanly sünnüleriň arasynda bolandygy bilen düşündirýär: "Hezbolla” toparynyň Siriýadaky söweşe garyşmgy gaty möhüm zat. Sebäbi Kusairde liwanly söweşijiler-de bar. Siriýaly gozgalaňçylary goldaýan sünni söweşijiler bar. Şol sebäpden biz Kusairdäki söweşe Liwan söweşi hem diýip bileris. Dogry, ol Liwanyň territoriýasy däl, ol serhet, ýöne ol ýerde özara uruşýan liwanlylar bar".
Balanşyň aýtmagyna görä, Siriýanyň hökümetiniň Liwan serhediniň 10 kilometrliginde ýerleşýän Kusair howpsuz diýmegi liwanly sünni we şaýy söweşijileriniň arasyndaky başa-baş urşuň soňlanandygyny aňladanok.
Beýrutyň Amerikan uniwersitetiniň politologiýa boýunça professory Hilal Haşan hem bu pikir bilen ylalaşýar. Onuň aýtmagyna görä, demirgazyk Liwanda tarapdarlary barha köpelýän salafist toparlar Liwanda täsir ugrunda "Hezbolla" bilen Siriýada uruşýarlar.
"Siriýada söweşýän müňlerçe liwanly, aýratyn-da demirgazyk liwanly sünnüler bar. ”Hezbolla” toparynyň başlygy Hasan Nasrullah öz soňky çykyşynda 'Liwanda uruşmalyň. Kim uruşjak bolsa, Siriýa baryp, urşalyň' diýdi" diýip, Haşan aýdýar.
Haşanyň bellemegine görä, Tripolide Siriýa režiminiň tarapyny çalýanlar bilen onuň opponentleriniň arasynda wagtal-wagtal bolýan çaknyşyklary aýdaýmasaň, häzirki wagtda taraplaryň hiç biri söweşi öz watanyna getirmäge meýilli görnenok.
Şaýy-sünni bölünişigi
Siriýada liwanly sünni we şaýy toparlaryň arasyndaky çaknyşyklar çet ýurtly söweşijileriň regiondaky ýurtlardan Siriýa baryp, şaýy-sünni liniýasy boýunça konflikte goşulýandygyny görkezýär.
Teodore Karasik Dubaýyň Ýakyn Gündogar we Aýlagyň harby analizleri institutynyň işgäri. Ol şeýle duýduryş berýär: "Meniň pikirimçe, muňa sünni-şaýy bölünişigi diýip garamak - iň aňsady. Geçmişde sünnüler bilen şaýylaryň arasynda uly uruşlar boldy. Bu uruşlaryň taryhyna seredenimizde bularyň bir ýyla däl-de, onlarça ýyla çekenini görýäris. Meniň pikirimçe, Siriýadaky sünnüler bilen şaýylaryň arasyndaky urşuň Liwan ýaly ýerlere syrykmagy biziň dolanuwsyz nokada gelendigimizi görkezýär".
Görnüp duran howpa garamazdan, çet ýurtly söweşijileri Siriýa iberýän toparlaryň hiç biri özüniň bu işinden el üzerli görnenok.
Ýaranlar
Analitik Haşan Eýran tarapyndan goldalýan "Hezbolla" toparynyň gaty işjeňdigini, sebäbi onuň özüniň mundan beýläk aýak üstünde galmagynyň bu söweşiň netijesine baglydygyny aýdýar.
"Siriýa ”Hezbolla” toparyna diri galmaga mümkinçilik hödürleýär. Bu toparyň ok-därisi, işgärleriniň Eýrana sapary, ähli zat, Siriýanyň üsti bilen bolýar. Siriýanyň elden gitmegi Siriýa-Hezbolla-Eýran ýaranlygynyň dargamagyna getirer. Şol sebäpden "Hezbolla" Siriýada uruşmak bilen Liwanda öz barlygyny goraýandygyna ynanýar" diýip, Haşan belleýär.
Bu duýgy ekstremistik sünni ýolbaşçylarda-da bara meňzeýär. Üstümizdäki ýylyň başlarynda "Hezbolla" Siriýa gireninden soň Katarda ýaşaýan müsürli ruhany Ýusuf al-Karadawy "eýranly şaýylar" sünni musulmanlary "iýmäge" synanyşýarlar diýip, duýduryş berdi.