Ýakyn Gündogarda ölüm howply bir täze wirusyň ýaýramagy Mekgä haç zyýaratyny gurnaýan käbir toparlary aladalandyrýar.
Bu toparlaryň biri "Britan Hajylarynyň Assosiasiýasy". Düýbi Birmingemde ýerleşýän bu toparyň işi haç zyýaratyna gidýänlere ýolbaşçylyk etmek. Olar haja gitjeklere oktýabr aýynda ýola düşmezden öň aýratyn ätiýaçlylygy maslahat berýärler.
"Biz bedeniniň immuniteti gowşak adamlara bu ýyl haja gitmezlik barada duýduryş berýäris. Beýleki adamlara hem ýola düşmezden öň öz lukmanlaryna saglyk ýagdaýlaryny barlatmagy berk ündeýäris. Şeýle hem adamlara Saud Arabystanynda bolan mahallary gigiýena düzgünlerini berjaý etmegi maslahat berýäris. Olar goş-golamlaryny, gap-çanaklaryny beýlekiler bilen paýlaşmaly däl. Şeýle hem märekäniň bar ýerinde üsgürmeli däl" diýip, guramanyň baş sekretary Halid Perwez aýdýar.
Ölýänleriň sany barha artýar
Berilýan bu duýduryşlar Ýakyn Gündogarda "MERS-KoW" diýip atlandyrylýan wirusdan ölýänleriň sanynyň barha artmagy sebäpli edilýän alada bilen baglanyşykly.
Bu wirus 50-den gowrak adama ýokaşyp, olaryň ýarpysyndan gowragy aradan çykdy.
Bu ölüm derejesi 10 ýyl mundan ozal günorta-gündogar Aziýada ýaýrap, 775-den gowrak adamyň başyna ýeten SARS keselinden hem ýokary. 2003-nji ýylda bu global epidemiýadan ölenler oňa uçranlaryň diňe 10 prosentidi.
Ýokaşanlary demikdirip öldürýän "MERS" baradaky duýduryşlar has ýokary bolsa-da, ekspertler häzirki wagtda adaty saglyk ätiýaçlygy zerur diýýärler.
Britaniýanyň Reading uniwersitetinde wirusologiýa boýunça professor Ian Jonez muny şeýle düşündirýär: "Haç zyýaraty üçin meniň berjek öwüdim häzirki wagtda bir aýratyn zat däl-de, diňe uly märekeler üçin berýän maslahatym. Ol hem şahsy gigiýenanyň mümkin boldugyça gowy bolmagy. Nahar gigiýenasyna dykgat etmeli. Arassalyk taýdan şübheli görünýän ýerlerden gaça durmaly. Özüňi bir töwekgelçilikli ýagdaýa salmaly däl. Ýöne bu ýeke bu wirus barada däl, eýsem ýokanç keselleriň köpüsi barada şeýle".
Ekspertlere ynjalyk berýän zat
Ekspertlere ynjalyk berýän zat, habar berilişine görä, ölenleriň sanynyň o diýen köp däldigi. Bularyň hem aglabasy Saud Arabystanynda. Mundan bolsa, bu wirusyň adamlara ýokaşma tizligi 10 ýyl mundan öňki SARS-dan haýal diýip çaklasa bolýar.
Londonyň Kween Mary Kollejinde wirusologiýa professory Jon Oksfordyň aýtmagyna görä, "MERS" infeksiýasy öten ýylky haç zyýaratyndan öň, ýagny 2012-nji ýylyň oktýabr aýyndan öň peýda bolupdyr. Ýöne infeksiýa beýleki adamlara ýokary tizlik bilen ýaýramandyr.
"Bu Ýakyn Gündogarda ilkinji gezek öten ýylky haç zyýaratyndan öň peýda boldy. Ondan öň [kesellän] bir ýa iki adamdy. Göräýmäge, wirusyň ýaýrama mümkinçiligi bar ýaly, ýöne bu wirus ony etmedi. Meniň pikirimçe, bu wirusyň ol derejedäki täsirlilige ýetmändigini görkezýär. Biz muňa şükür etmeli" diýip, Oksford aýdýar.
Muňa garamazdan, saglyk işgärleri gaty seresaply. Sebäbi bu wirus baradaky soraglaryň köpüsi häzir jogapsyz ýatyr. Mysal üçin, ol nireden gelýär, adama nädip ýokaşýar, adamdan-adama aňsatlyk bilen geçýärmi?
Dünýä Saglyk Guramasy ol ýerdäki ýagdaýyň näderejede töwekgelçilikdigine baha bermek üçin şu aý Saud Arabystanyna bir topar iberdi. Ýöne bu guramanyň bu ýurda sapar edilmegini çäklendirmeli ýa uçar meýdanlarynda ýolagçylar saglyk taýdan barlanmaly diýen ýaly, beren maslahaty ýok.
Ýylda tutuş dünýäden iki milliondan agdyk adamyň Mekgä üýşmegine sebäp bolýan haç zyýaraty bu ýyl 13-nji oktýabr bilen 18-nji oktýabr aralygynda bolar.