Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Dünýewi partiýalar howp astynda


Pakistanyň Peşewar şäherinde saýlaw kampaniýasyny alyp barýanlara hüjüm edildi. 16-njy aprel, 2013 ý.
Pakistanyň Peşewar şäherinde saýlaw kampaniýasyny alyp barýanlara hüjüm edildi. 16-njy aprel, 2013 ý.
Pakistanda dünýewi partiýalar, umumy saýlawlaryň öňüsyrasynda, ”Talyban” güýçleri tarapyndan özlerine we tarapdarlaryna howp abanýandygy sebäpli hökümeti özlerini goramak üçin köpräk çäre görmäge çagyrýarlar.

Yslamabadyň geljekki ugruny 11-nji maýda geçjek saýlawlaryň kesgitlemegi mümkin. Parlamente kontrollyk ugrunda göreşýän dünýewi partiýalar gowşak, konserwatiw we dinçi kandidatlaryň güýç-kuwwady bolsa gitdigiçe artýar.

Iki toparyň arasyndaky aratapawut o diýen ýokary däl. Ýöne dünýewiler soňky wagtlarda bolan zorluklaryň özleriniň potensial saýlawçylar bilen duşuşmagyny bökdeýändigini aýdyp, iň soňunda geçen bäş ýyllykda parlamente edilen ýolbaşçylygyň elden gitmegi mümkin diýip, duýduryş berýärler.


"Awami milli" partiýasy

Gazaply hereketlerden has-da beter ejir çeken tarapdarlarynyň köpüsi puştunlardan durýan "Awami milli" partiýasy boldy. Geçen iki hepdelikde Hiber Puhtunhwa welaýatynda bu partiýanyň dört kandidaty ýaralanyp, bombaly hüjümlerde onuň ençeme tarapdary öldi.

Bu hüjümleriň jogapkärçiligini ”Talyban” güýçleri öz üstüne aldy. 2008-nji ýylda geçen saýlawlardan bäri "Awami milli" partiýasynyň 700-den agdyk agzasy öldürildi.

Soňky hüjümlerden soň "Awami milli" Pakistanyň Saýlaw komissiýasyna hat ýazyp, partiýanyň kampaniýalaryny erkin alyp barmagy üçin köpräk iş edilmegini haýyş etdi.

Premýer-ministr Mir Hazar Han Hoso hem öten hepde saýlawlarda ähli kandidatlar barada howpsuzlyk çärelerini güýçlendirmeli diýip perman çykardy.

Ýöne "Awami milli" partiýasynyň Hiber Puhtunhwa welaýatynyň başlygy Afrasiab Hattak 15-nji aprelde žurnalistlere hökümetiň partiýanyň haýyşnamasyna göni jogap bermändigini aýtdy.

"Demokratiýa garşy güýçler 'Awami milli' partiýasynyň golaýlap gelýän üstünliginden gorkýarlar. Olar zorluk bilen biziň kampaniýamyzy togtatjak bolýarlar. Olaryň maksady 'Awami milli' partiýasyny goldaýanlaryň ganyny dökmek bilen, halkyň gözüni gorkuzmak. Olar, şeýdip, saýlawy ogurlajak bolýarlar, şeýdip, halkyň hakyky kararyny bozup, öz isleglerini olaryň üstüne ýüklejek bolýarlar. Olaryň esasy maksady şol" diýip, Hattak aýtdy.

Günorata Pakistanda hem iki sany dünýewi partiýa - "Muttahida kuami hereket" bilen "Pakistanyň Halk partiýasy" - öňküler ýaly giň gerimli kampaniýa alyp barmakdan saklanýarlar.

"Demokratiýanyň geljegi howp astynda"

Yslamabatly syýasy kommentator Hadim Hussein ýurtda demokratiýanyň geljegi howp astynda diýýär: "Betbagtçylyklaryň öňüni almagyň ýeke-täk ýoly - özlerini halka tanatmak üçin syýasy partiýalaryň hemmesiniň deň mümkinçiliginiň bolmagy. Wekillerini erkin saýlamagy üçin halka ynam edilmeli, olaryň karary kabul edilmeli".

Saýlaw komissiýasynyň sözçüsi Hurşit Alem saýlawyň erkin we adalatly geçmegini kepillendirmek üçin komissiýanyň hökümet we howpsuzlyk gulluklary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigini aýdýar.

Muňa garamazdan Hiber Puhtunhwa welaýatynda we günorta-günbatar Bulujystan welaýatynda, şeýle hem Karaçi şäherinde dünýewi kandidatlaryň aglabasy gapy-gapy aýlanyp, kampaniýa geçirmegi goýdular.

Ýöne "Awami Milli" partiýasynyň başlygy Hattak abanýan howplara garamazdan öz patiýasynyň saýlawlary boýkot etmejekdigini aýdýar.

Ol ýaňy syýasy bäsdeşelerini soňky zorluklary berk ýazgarmaga çagyryp, şeýle diýdi:

"Terrorizm bilen ýüzbe-ýüz bolma nobaty ertir size ýeter, onsoň hiç kim sesini gataldyp, siziň aladaňyz etmez"
XS
SM
MD
LG