Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji aprelde Orsýetiň Aşgabada gelen delegasiýasynyň baştutany, daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi.
Prezident Türkmenistanyň deňhukuklylyk, özara hormat-sylag ýörelgelerine, gurujylyga daýanýan türkmen-ors dialogyny mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtap, bu iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň diňe geçen ýyl bäş milliard dollardan aşandygyny nygtady.
Iki tarap hem razy
Şeýle-de Berdimuhamedow, türkmen mediasynyň berýän maglumatyna görä, Türkmenistan bilen Orsýetiň gumanitar-magaryf, ylym we medeniýet pudaklarynda, halkara syýasatynda edýän hyzmatdaşlygynyň ümzüginiň ileridigini belläpdir.
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem, türkmen telewideniýesinde berlen reportaždan görnüşine görä, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň depgininden razy:
“Biz siziň özara gatnaşyklara berýän bahaňyz bilen doly ylalaşýarys, biz söwdanyň ösüşinden, bilelikdäki ykdysady proýektleriň ýaýbaňlanyşyndan razy” diýip, Lawrow gumanitar işgärleriň arasyndaky gatnaşyklaryň barha ýygjamlaşmagyna, medeniýet, ylym-bilim hyzmatdaşlygyna we Türkmenistanda ors diline berilýän ünse örän gadyr goýýandyklaryny aýdypdyr.
Lawrow soň žurnalistleriň soraglaryna jogap berende, Türkmenistanda Orsýet bilen medeni gatnaşyklary ösdürmäge, rus dilini goldamaga uly üns berilýändigini, A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän mekdebiň bu hili mekdepler meselesinde etalon bolup durýandygyny belläpdir.
Şeýle-de ol žurnalistlere türkmen lideri bilen halkara meseleleri, iki ýurduň BMG boýunça hyzmatdaşlygy, GDA-nyň çägindäki gatnaşyklar barada maslahat edendiklerini aýdypdyr.
Goşa raýatlyk meselesi
Mälim bolşy ýaly, S.Lawrowyň Aşgabada saparyndan öň ors metbugatynda we türkmen aktiwistleriniň internet saýtlarynda türkmen-ors goşa raýatlygyna eýe bolan adamlaryň haýsam bolsa bir raýatlygy saýlap almak barada edilýän talap bilen bagly aladalary, bu mesele boýunça ors prezidenti bilen türkmen prezidentiniň arasynda bolan telefon gürrüňi barada habarlar çykypdy.
Döwlet eýeçiligindäki türkmen metbugatynda duşuşyk mahalynda bu meseläniň gozgalyp-gozgalmandygy barada hiç zat aýdylmaýar.
Emma Orsýetiň habar serişdeleri, şol sanda RIA Nowosti habar gullugy, ors DIM-ine salgylanyp, resmi Aşgabadyň Kremle Türkmenistanda ýaşaýan ors raýatlarynyň hukuklarynyň bozulmajagyna kepillik berendigini ýazýar.
S.Lawrowyň türkmen tarapy bilen geçirilen gepleşikler barada žurnalistleriň soraglaryna beren jogaplary Orsýet DIM-iniň resmi internet sahypasynda wideoýazgysy bilen bile çap edildi.
Şol wideoýazgyda Lawrow Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow we daşary işler ministri R.Meredow bilen konstruktiw gepleşikleriň bolandygyny, “özara gatnaşyklaryň ähli ugurlary barada maslahatlaşylandygyny, syýasy dialogyň derejesinden, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüş depgininden iki tarapyň hem kanagatlanmasynyň bellenilendigini, medeni-gumanitar hyzmatdaşlyk barada maslahat edilendigini” tassyklaýar.
"Hiç bir adam kemsidilmez"
Şeýle-de Lawrow goşa raýatlyk meselesiniň gozgalyp-gozgalmandygy baradaky soraga jogap berip, şeýle diýipdir:
“Gumanitar meseleleriň çäginde biz, sözsüz, iki raýatlygy bolan adamlaryň hem problemasyny maslahatlaşdyk. Biz bildirilýän aladalardan, şol sanda Türkmenistanyň daşary ýurt pasportlarynyň şu ýylyň iýulynda çalşylyp gutarylmalydygy bilen bagly meselelerden habarly. Prezident G.Berdimuhamedow Türkmenistanda ýaşaýan adamlaryň hiç biriniň kemsidilmegine we hukugynyň bozulmagyna ýol berilmejegine kepillik bermäge taýyndygyny tassyklady” diýip, Lawrow türkmen lideriniň bu zatlary biraz öň Orsýetiň prezidenti W.Putin bilen eden telefon gürrüňinde hem aýdandygyny ýatlapdyr.
Şeýle-de Lawrow duşuşykda “eýýäm praktiki planda ýüze çykýan birnäçe problema predmetleýin seredilendigini” aýdyp: “Bizde prezidentiň, adamlar rahatsyz bolmaz ýaly, her bir anyk adamyň anyk problemasyna serediljegine we ol problemanyň çözüljegine beren kepilligi bar” diýipdir.
S.Lawrow bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde, ministr R.Meredow bilen geçirilen gepleşiklerde hem anyk gürrüň edilendigini aýdýar:
“Ýakyn wagtlarda, bu meseläniň hakykatdanam hut şeýle çözülmegi üçin, Orsýetiň Ilçihanasynyň gatnaşmagynda ýörite mehanizmler barada ylalaşyga gelner” diýip, Lawrow žurnalistleriň soraglaryna jogap berende aýtdy.
Şeýle-de Lawrow duşuşykda Kaspi meselesi boýunça özara hyzmatdaşlyk temasynyň gozgalandygyny, bäş hazarýaka döwletiniň gepleşikleriniň çäginde taýýarlanýan dokumentleri tijemek zerurlygy, nobatdaky sammiti taýýarlamagyň we onuň geçjek wagtyny kesgitlemegiň tizleşdirilmegi barada umumy pikir-düşünjäniň bardygyny aýdypdyr.