Sowuk uruş Ýewropada henizem dowam eden bolsady, şu günki gün Çehiýanyň Temelin atom elektrostansiýasyny iň uly söweş meýdanyna deňäp bolardy.
Waşington we Moskwa tarapyndan goldanýan konsorsiumlar bahasy çak bilen 10 milliard dollarlyk proýektiň üstünde güýçli göreş alyp barýarlar. Proýektiň çäginde Çehiýanyň Temelin atom elektrostansiýasynda iki sany goşmaça reaktor gurulmaly. Bu proýektiň energiýa garanda geosyýasy täsiriniň has uly boljagyna garaşylýar.
Çehler bu proýektiň ýeňijilerini sentýabr aýynda yglan etmeli.
Ilkinji netijeler
Şu hepdede Çehiýanyň energiýa toparynyň (CEZ) ýaýradan ilkinji maglumatlaryna görä, uly bölegi döwlete degişli bolan Temelin atom elektrostansiýasynyň gurluşygyny ýerine ýetirmek boýunça bäsdeşlikde Westinghouse atly amerikan-ýapon konsorsiumy öňe saýlanana meňzeýär. Çeh tarapy gelnen tehniki netijeler barada jikme-jik maglumatlary köpçülige mälim etmedik hem bolsa, yurduň habar serişdeleriniň maglumatyna görä, Westinghouse konsorsiumynyň proýekti amala aşyrmak boýunça hödürlän tekliplerine tehniki talaplara we lizensiýa degişli kriterilerden has ýokary baha berlipdir. Orsýetiň MIR.1200 atly konsorsiumynyň teklipleri bolsa baha taýdan has amatly diýlip kesgitlenipdir.
Westinghouse konsorsiumynyň baş müdiri Denni Roderik 25-nji martda geçirilen metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda özüni bäsdeşlikde öňde barýan tarap hökmünde duýýandygyny aýtdy. Orsýet tarapy bolsa Çehiýanyň energiýa toparynyň yglan eden maglumatlaryna “ilkinji netijeler” hökmünde garaýandygyny aýtdy.
Çeh tarapy konsorsiumlaryň ikisi bilen hem gepleşik geçirip, olary teklipleri gowulandyrmaga çagyrjakdygyny habar berdi.
Şertnama ugrundaky bäsdeşlik
Praganyň Karlow uniwersitetinden syýasaty öwreniji Ýan Hornat konsorsiumlaryň ikisiniň-de öz ýurtlarynyň hökümetleri tarapyndan açyk goldanýandygyny we Çehiýa Respiblikasynda jemgyýetçilik gatnaşyklary taýdan göreş alyp barýandygyny belledi.
Çehiýaly bilermen Pragadaky amerikan ilçihanasynyň Temelin atom elektrostansiýasynyň gurluşygy boýunça gepleşikleriň açyk alnyp barylmagyny we köpçülige mälim bolmagyny isleýändigini aýtdy. Ýan Hornatyň bellemegine görä, amerikan tarapy orsýet tarapynyň gepleşikleri ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirip, syýasy maglumatlaryň ählisiniň köpçülige ýetirilmeýänligini çak edýär.
Waşington Çeh Respublikasynyň energiýa taýdan Orsýetden garaşsyz bolmagynyň ähmiýetini nygtaýar. Çeh Respublikasynyň satyn alýan gazynyň 70%-i, nebitiniň 60%-i we ýadro ýangyjynyň ählisi Orsýetden import edilýär.
Orsýet bolsa Temelin atom elektrostansiýasynyň gurluşygyna gatnaşmaklyga özi üçin iňňän wajyp mesele hökmünde garaýar we dünýäde ýadro obýektleriniň gurluşygy boýunça lider bolmaga çalyşýar.
Potensial bäsdeşler
Temelin proýektine gatnaşmak islän dalaşgärleriň ýene biri Fransiýa geçen ýylyň oktýabr aýynda talaplary berjaý edip bilmändigi sebäpli, basdeşlikden çykarylypdy.
Çeh Respublikasynyň energiýa toparynyň aksiýalarynyň 70 prosentiniň eýesi bolan çeh hökümeti-de basdeşligiň ýene bir oýunçysy bolup biler. Emma hökümet bäsdeşlige maliýe taýdan ukyply bolmak üçin elektrik togunyň her megawatynyň 50 ýewrodan satyn alynjagyny öňünden kepil geçmeli bolar.
Şu çaka çenli hökümet jemgyýetde närazylyk döretmejek bolup, şeýle çäreden saklanyp gelýär. Häzirki wagtda Çehiýada elektrik togunyň her megawatynyň bahasy 10 ýewro barabar.