Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Neresse çagalarmy ýa ýaş işewürler?


Aşgabadyň etegindäki söwda bazarynda arabaly ýük daşaýan ýaş oglanlardan biri. Aşgabat, maý, 2010.
Aşgabadyň etegindäki söwda bazarynda arabaly ýük daşaýan ýaş oglanlardan biri. Aşgabat, maý, 2010.
Beýleki ösüp barýan ýurtlara mahsus bolşy ýaly, häzirki Türkmenistanda-da jemgyýet “tütjar baý”, “orta gurply” we “garyp” ýaly gatlaklara bölünen. Dürli çaklamalara görä, çendenaşa baý durmuşda ýaşaýanlaryň we garyplykda güzeran dolandyrýanlaryň arasyndaky tapawut ýylyň-ýylyna artyp barýana meňzeýär.

Türkmen jemgyýetiniň dürli gatlaklara bölünmegi ýaş çagalaryň hem arasynda mese-mälim duýulýar. Barlylaryň cagasy bol-elinlikde ýaşap, il aýtmyşlaýyn “ýag iýip, ýüpek geýinýän” bolsa, garyp maşgalaň çagalarynyň arasynda ýeter-ýetmezçilik zerarly çagalykdan gara zähmete girişenlerini ýygy görmek bolýar.

Çaga zähmetli bazarlar

Ýaşlykdan pul gazanmagyň ýoluna düşen oglanjyklara ýurduň beýleki welaýatdyr etraplarynda hem duş gelinýändir welin, bu ýagdaý Daşoguzyň ady belli bazarlarynda hasam göze ilýär. Çagalaryň ekabyrraklary öz agramyndan iki-üç esse agyr, üsti ýükli arabadyr galtaklary itekläp ýören bolsa, beýlekileri uly bazaryň içinde boş çüýşedir plastik gaplary ýygnap, olary halta salyp, arkalap ýörler.

Mekdep ýaşyndaky bu oglanlaryň ýene-de bir topary awtobusdan ýa hususy ulaglardan düşenlere käte özbekçeläp, käte türkmençeläp “daýy, gelneje, bazarda satyn aljak zatlaryňyzy göterşeýinmi” ýa-da “getiriň, sumkalaryňyzy we paketleriňizi duralga çenli eltip bereýin” diýşip, öz hyzmatlaryny hödürleýärler.

Uly ýaşlylaryň bu çagalara bolan garaýşy hem dürli-dürli. Mysal üçin, bazaryň içinde tertip-düzgüne gözegçilik edýän polisiýa işgärleri zähmet çekýän ýaş oglanlary bazardan kowmak bilen bolsalar, ýönekeý adamlar bu “hyzmatkärler” barada her hili pikir edýärler.

Käbirleri ol çagalary görenlerinde rehimdarlyk duýgulary bilen ownuk pul uzadyp, olara “neressejikler” diýip, içini hümletseler, beýlekileri olaryň “hyzmatyndan” peýdalanmagy özlerine utanç hasaplaýarlar.

Bazarda gazanç edýän ýaş ýetginjekleriň hemmesini diýen ýaly bir zat birikdirýär. Adamlaryň gylyk-häsiýetlerini mazaly öwrenen bu oglanlaryň her birini ýörite bilimi bolmadyk psihologlaryň hataryna arkaýyn goşsa bolýar.

Arabaçy Kemal

Kemal 16 ýaşlaryndaky oglan. Emma uzak wagt bäri agyr fiziki zähmet bilen tanyş bolan Kemalyň boýy we güýji armiýa gitjek 17-18 ýaşly oglanlaryňkydan birjik-de pes däl.

Ol Daşoguzyň ady belli “Baý bazarynyň” golaýyndaky mekdepleriň birinde “okaýar”. Soňky sözi goşa dyrnak içine almagymyň öz sebäbi bar. Kemalyň mekdebe baran gününden barmadyk güni köp. Bu ýagdaýa Kemalyň klas ýolbaşçysy-da, mekdebiň beýleki mugallymlary-da indi öwrenişipdir.

Türkmenabat şäheriniň köçelerinde süýt satyp ýören oglanjyk. Türkmenabat, maý, 2012.
Türkmenabat şäheriniň köçelerinde süýt satyp ýören oglanjyk. Türkmenabat, maý, 2012.
“Şäherimizde meniň ýalylar üçin agşamky mekdep ýok, şonuň üçin meni mekdebiň mugallymlary oňuşdyrmaga mejbur” diýip, saçlary hüžžerip giden ýetginjek öz okuwy barada göwünli-göwünsiz gurruň berýar. Emma özüniň bazardaky işi barada welin Kemal sagatlap hem aýtmaga taýýar.

“Bazaryň öz kanunlary bar, şolary bilseň, işlese bolýar, bilmeseňem seni ol ýerde birinjiden-ä işletmezler, eger işledäýselerem, gazananyň bezeneniňe ýetmez” diýip, ol uly kişiler ýaly pikirini beýan edýär. Kemalyň aýtmagyna görä, bazaryň içerki kanunlary kagyza ýazylmadyk, ýöne olary bilmeklik welin zerur.

Haýsy polisiýa işgärine haçan we näçeräk “pul joşmaly”? Bazaryň haýsy ýerinde “žirnyý kliýent” diýlip atlandyrylýan pully müşderiler köp sataşýar? Kisekeserlerden nädip ägä bolmaly? Bu we beýleki million soraglaryň jogaby Kemal ýaly bazarda işläp ýören ýetginjeklerde bireýýäm taýýar.

Hudaýşükür

Hudaýşükür atly 12-13 ýaşyndaky oglanjygyň özüniň aýtmagyna görä, onuň gündeki gazanýan girdejisi arabaçy Kemalyňkydan köp bolsa köpdir, az-a däl. Hudaýşükürem Kemal ýaly şaheriň Çumnyý diýlip atlandyrylýan ýerindäki mekdepleriň birinde “okaýar”. Emma onuň iş ýeri uly bazarda däl-de, öýüniň golaýyndaky balyk satylýan bazarjykda.

Hudaýşükür günüň esli wagtyny iş ýerinde geçirýär, ol bazarjykda adamlaryň satyn alan balygyny gowy arassalap, gazana salaýmaly edip bölekläp hem berýär. Ol öňündäki ullakan töňňäniň üstünde balygy teňňesinden oňat dişlenen orak bilen ussatlyk bilen arassalaýar, soňra bolsa arassalanan balygy paltajygy bilen iki sekundyň içinde bölekleýar welin, hatda onuň işini synlap duran müşderileriň käbirleri muňa lezzet bilen syn edýärler.

Her bir satyn alynýan balygyň kilosyndan çen tutup, Hudaýşükür öz hyzmatyna nyrh kesýär. Gyşyň günleri sowuk bolany üçin önler kilosyna 20 teňňe alýan Hudaýşükür häzir 40 teňňä çenli nyrhyny galdyrypdyr.

Hudaýşükür baý adamlaryň bardygyna we olaryň kän bir emgenmek islemeýändiklerine begenýär. Onuň aýtmagyna görä, orta gurpda ýaşaýanlaryň aglabasy, garyp durmuşda ýaşaýanlaryň bolsa hemmesi Çumnydaky bu bazarjykdan satyn alýan balygyny öýlerine äkidip, özleri arassalaýarlar.

“Meniň hyzmatymdan barly adamlar, balygy köp mukdarda satyn alýanlar peýdalanýarlar, olaryň sowukda ellerini balyga uraslary gelenok, pul berip, maňa arassaladanlaryny amatly görýärler. Günde bolmady diýenimde täze puldan 20 manat, boldy diýenimde bolsa 30-35 manat arkaýyn işläp gazanýan. Gazanjymyň bir bölegini öýdäkilere berýän, galanyna özüme egin-eşik, köwüş, dürli tagamlar alýan” diýip, işewür oglanjyk Hudaýşükür gürrüň berýär.

Kim günäkär?

Ýerli bazarlarda, awtobus we demirýol wokzallarynda ýük daşap, awtoduralgalarda adamlaryň ulaglaryny ýuwup gazanç edýän şular ýaly çagalary göreniňde “bu bolýan ýagdaýa kim günäkär¬?” diýen sorag hem keserýär.

Elbetde, bu meselede jemgyýetiň dürli gatlaklara bölünişine getiren döwlet ýolbaşçylarynyň alyp barýan içerki syýasatyny tankytlajaklaram tapylar, ene-atalaryň we mekdep mugallymlarynyň üstüne ähli günäni ýüklejeklerem bolar, zähmet çekýän çagalaryň “ýüzüni ýuwmajaklaram”, belki, tapylar.

Näçe adam bar bolsa, şonça-da bu mesele boýunça pikiriň bolmagy ähtimal. Ýöne halkara şertnamalary tarapyndan we Türkmenistanyň öz kanunçylygy taýdanam çaga zähmeti gadagan edilýän Türkmenistnda kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň mejbury ýa-da “meýletin” ýagdaýda uly adamlaryň hatarynda agyr zähmet çekmeklerine adalatly ýagdaý diýmek hem kyn.

Şoňa görä-de, men bu öýlanmalarymy ata-babalarymyzyň “ýagşyny gör-de, pikir et, ýamany gör-de, şükür et” diýen pähimi bilen tamamlamagy makul bildim. Okyjylar, bu barada siz nähili pikirde?

Kerim Artykow türkmenistanly žurnalistiň, ýerli synçynyň edebi lakamy. Bu blogdaky pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG