Sişenbe günki gepleşikleriň öňüsyrasynda Eýranyň urany baýlaşdyrmak üçin has tiz işleýän we güýçli gurallary işe girizýändigini yglan etmegi ýadro programmasynyň daşyndaky krizisi ýene-de dartgynlaşdyrdy.
Analitikler Eýranyň beýannamasy tassyklansa, munuň öwrülişik pursaty boljagyny aýdýarlar.
Londonda ýerleşýän Strategik barlaglar institutynyň ýadro meseleleri boýunça bilermeni Mark Fitspatrik Eýranyň Natanzdaky ýerasty obýektinde güýçli sentrifugalary gurýandygy barada aýdan sözleriniň aladalanma döredýändigini belledi. Bilermeniň pikirine görä, Eýran aýdyşy ýaly, üç müňe golaý täze guralyny işletse, onda bu ýagdaýy düýpgöter üýtgedip biler.
Mark Fitspatrigiň bellemegine görä, Eýran urany baýlaşdyrmak boýunça mümkinçiliklerini artdyran ýagdaýynda bu Ýadro ýaragynyň ýaýbaňlanmazlygy baradaky halkara ylalaşyga ters gelýär.
Şübhe bilen garalýar
Eýranyň müňlerçe täze sentrifugalary gurandygy barada eden beýannamasy hakykata gabat gelýärmi?
Tähranyň bu beýannamasyna belli bir derejede şübhe bildirilýär. Sebäbi bu hakykata gabat gelýän bolsa, onda Tähran täze gurallary döretmek boýunça şu çaka çenli bar bolan problemalaryny birden çözen bolmaly.
Bilermen Mark Fitspatrik çözülmedik problemalaryň şu çaka çenli gaty köp bolandygyny aýtdy.
Bilermeniň sözlerine görä, “Täze gurallaryň döredilmegi üçin berk metallar, polat we uglewodorod süýümleri gerek bolýar. Eýranyň bolsa şeýle serişdeleri işläp çykarmaga ukyby ýok diýip hasap edilýärdi. Eýrana garşy girizilen halkara sanksiýalar onuň şeýle serişdeleri ýurduň daşyndan almak mümkinçiliklerini hem çäklendiripdi”.
Eýranyň täze sentrifugalar baradaky beýannamasyny 26-njy fewralda Gazagystanda geçirlýän duşuşykda öz çykyşynyň täsirini güýçlendirmek üçin eden bolmagy çak edilýär. Eýran halkara sanksiýalarynyň öz ýadro programmasyna täsir ýetirmeýändigini aýdyp gelýär. Tähranyň sözlerine görä, sanksiýalar diňe ýönekeý eýranlylara zyýan ýetirýär.
Häzirki wagtda Eýran Natanzdaky we Fardodaky ýerasty obýektlerinde urany 20% baýlaşdyrmak boýunça iş alyp barýar. Ýadro ýangyjy hökmünde ulanmak üçin uranyň üç prosent baýlaşdyrylmagy ýeterlik.
Ýadro ýaragyny döretmek üçin 90% baýlaşdyrylan uran ulanylýar.