Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Hazarylar hökümeti hereketsizlikde aýyplaýar


Şaýy musulmanlary bomba hüjümine garşy şygarlary gegyrýar. 18-nji fewral, 2013 ý.
Şaýy musulmanlary bomba hüjümine garşy şygarlary gegyrýar. 18-nji fewral, 2013 ý.
Pakistanyň pitneçilikden ejir çekýän günorta-günbatar welaýatynda konserwatiw sünni toparyň hüjümleriniň öňüni almagy başarmazlygy indi onuň özüne zyýan berip, ýetip gelýän milli saýlawlara howp salýar.

Sünni ekstremistik "Laşkar-e Jhangwi" toparynyň 16-njy fewralda Bulujystan welaýatynda şaýy hazarylara garşy adam pidaly bomba hüjümini amala aşyrmagy netijesinde tutuş ýurtda protestler turdy.

Synçylar, häkimiýetler bu krizisi jylawlap bilmese, onda Pakistanda milli azlykdaky şaýylar bilen köplük sünnüleriň arasyndaky dawa-jenjeliň maý aýynyň başlaryna planlaşdyrylan parlament saýlawlaryny gijikdirip biljekdigini belleýärler.

Hökümetden nägilelik

Hazarylar hökümeti özlerine edilýän hüjümlere garşy hiç bir iş etmeýänlikde aýyplaýarlar hem-de ara salym salman "Laşkar-e Jhangwi" toparynyň öňüni almak üçin, çäre görülmegini talap edýärler.

16-njy fewralda Kuettada uly märekeli bazarda partladylan bombada 90 töweregi hazary öldi. Hazarylar hökümete öz närazylygyny bildirmäge başga ýol tapman, bir adatdan daşary çärä ýüz urdular. Olar bu hüjümde heläklenen adamlary jaýlamakdan boýun gaçyrýarlar.

Pakistanly syýasy ekspert Zahur Şahwanynyň pikiriçe, häkimiýetleriň "Laşkar-e Jhangwi" toparynyň möhüm agzalaryndan hiç bir adamy tutmanlygynyň ýa kanun esasynda yzarlamanlygynyň çynlakaý syýasy netijeleriniň bolmagy mümkin.

Ol bu hakda şeýle diýär: "Bular ýaly hüjümler dowam etse, onda halkyň ünsüni saýlawlara çekmegiň kyn boljakdygy belli zat. Janlary we mallary howp astynda bolsa, syýasatçylar halky nädip ýygnap, ýerli ilat bilen nädip üýşmeleň geçirsin? Gorkuly, näbelli ýagdaýda saýlawlar nädip geçsin?".

Eýran

Pakistanly howpsuzlyk boýunça synçy Aýeşa Siddikanyň aýtmagyna görä, Pakistanda şaýylaryň nyşana alynmagy köpden bäri Eýran bilen baglanyşykly.

"Eýranyň regional ambisiýalary, onuň Pakistandaky şaýylar bilen aragatnaşygy Pakistanyň howpsuzlyk gulluklarynyň içindäki käbir ekstremistik toparlary we elementleri gaharlandyrýar" diýip, Siddika belleýär.

Bilnişi ýaly, Eýranda konserwatiw şaýy ruhanylar režimi höküm sürýär. Pakistandaky şaýylar hem san taýdan Eýrandan soň dünýäde ikinji orunda durýar. Pakistanyň 180 million ilatynyň 20 prosenti şaýylar.

Siddikanyň aýtmagyna görä, "Laşkar-e Jhangwi" indi ozalkysy ýaly bir kiçijik gurama däl: "Bu bir maliýe serşidesine baý gurama. Ol indi diňe bir öz esasy bazasy bolan gündogar Penjap welaýatynda iş alyp baranok. Ol Sind we Bulujystan welaýatlarynda hem aktiw. Onuň bir şahamçasy Owganystanda iş alyp baran "Laşkar-e Jhangwi al-Alam". Bu müňlerçe harby kadrly bir uly gurama. Olar 1980-nji ýyllardan bäri söweşip gelýärler. Bu hereketiň gaty köp agzasy bar".
XS
SM
MD
LG