Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Elektron çilimler näderejede zyýansyz?


Elektron çilimi çekýän bir adam.
Elektron çilimi çekýän bir adam.

Köp adamlar elektron çilimleri zyýansyz hasplaýarlar. Bu hakykatdan hem şeýlemi?

Elektron çilimler käbir söwda merkezlerinde şu wagt hem täzelik hasaplanýar. Olary ulanýanlara nähili at bermelidigi entäk çözülmän gelýär. Olara, käbir amerikanlaryň öz elektron çilim çekýän işdeşlerini atlandyryşy ýaly, “buglaýanlar” diýmelimi?

Tüssesiz çilimleri çekýänleri näme diýip atlandyrsaň-da, olaryň sanynyň köpelýändigini boýun almak gerek.

Britaniýadaky Çilimkeşlik we saglyk barada iş alyp barýan merkeziň barlaglary ýurtda elektron çilimleri ulanýanlaryň 9%-den 22%-e ýetmek bilen, gün-günden köpelýändigini görkezýär.

Elektron çilimleri ulanýanlaryň ählisi diýen ýaly öň çilim çeken adamlar we olaryň 40%-i täze usula geçmek adaty çilimiň zyýanly netijelerini aýrar diýip pikir edýär.

Ol zyýanly netijeler rak keselinden ölmek howpy bilen bir hatarda tütedilýän çilim tüssesini içiňe çekeniňde zyýanly toksinleriň adam organizminde galmagy esasynda ýüze çykýar.

Elektron çilim çekmek adaty çilim çekmekden zyýansyzmy?

Britaniýanyň Çilimkeşlik we saglyk barada iş alyp barýan merkeziniň barlagçysy Amanda Sanford şeýle diýýär: “Nikotiniň täk özi, çilimiň tüssesinden aýratynlykda, zyýansyzrakdyr. Hawa, ol çilime endik etdirýän we çilimi taşlanlary ýene-de çilimkeşlige getirýän serişdedir. Ýöne çilimkeşligiň esasy zyýany onuň tüssesini içiňe çekmekden gelýär. Nikotiniň temmäkiden arassalanyp alnan görnüşi belli bir derejede zyýansyzdyr”.

Elektron çilimlerinde kiçi batareýa ulanylýar we ol belli bir mukdarda suwuk haldaky nikotini gyzdyryp bug bilen garyşdyrýar. Buguň düzüminde özbaşdak gowy eräp bilýän yslandyryjy suw hem bar.

Sandfordyň sözlerinden çen tutulsa, häzirki wagtda elektron çilimleriniň saglyga täsiri barada bir zat aýtmak kyn, sebäbi olaryň Britaniýa ýaýranyna iküç ýyl boldy. Soraglara gapysy açyk köpugurly medisina barlaglary entek kän geçirilmeli.

Adamlar zyýansyz diýip, elektron çilimleri köp çekermi ýa adaty çilimi çekmeklerini dowam ederlermi? Elektron çiilimleriň üsti bilen organizme girizilýän nikotine endik etmek näderejede töwekgelçilikli?

Ýöne has ýiti sorag, esasan, Hytaý we beýleki Aziýa ýurtlaryndan import edilýän elektron çilimleriň düzümindäki zatlaryň hakykatdan-da bardygyny nädip bilmekdedir.

Elektron çilimleriň düzümi

Käbir elektron çilimleriň düzümindäki nikotiniň derejesi dürli-dürli. Ýogsam, olaryň daşyna “ýeňil” ýa-da “güýçli” derejede diýlen ýazgylar bar. Mundan başga-da olaryň düzümindäki dürli yslandyryjylaryň derejesi barada-da bellei zat ýok.

Köp ýurtlaryň hökümetleri elektron çilimleriň hili barada ýörite standart girizmekde iş alyp barýarlar. Şol bir wagtyň özünde-de täze elektron çiilimiň biznesi bilen adaty çilim öndürýän kompaniýalaryň arasynda dawalar ýüze çykýar. Dawalar diňe alyjylaryň hukuklary babatynda bolman, täze elektron çilimleri öndürýän kompaniýalaryň öndürýän önümlerine ”çilim önümleri” diýip at bermäge hem edýän synanyşyklary babatyndadyr.

Düýbi Birleşen Ştatlarda ýeleşýän Elektron çilim asosiasiýasynyň ýolbaşçysy Reý Storiniň aýtmagyna görä, Ýewropanyň standartlar birleşmesi elektron çilimleri medisina guraly ýa-da derman hökmünde hasaba aljak bolýar. Bu ýagdaý täze çilimleriň satuwyny gysýar we adaty çilim söwdasyny bäsleşikden goraýar.

Elektron çilim biznesini ýöredýän kompaniýalar standartlar birleşmeleri bilen dawalaşýarlar. Olaryň maksady sudda kanun esasynda täze çilimlere nähili at bermegi çözmekdir.

Standartlar birleşmeleri elektron çilimleriň dermandygyny nygtaýarlar, ýöne olar bize anyk subutnama ýa-da esas berenoklar. Soň biz bu meseläni gozgap durmaly we önümi her hili ýagdaýda-da belli bir ýurtlarda satjak bolýarys. Beýle etmegimiz käbir çäklendirmeleri, hukuk meselesini, arz-şikaýatlary döreder. Soňunda biz suda bararys we önümlerimizi söwda guramalarynyň belligi esasynda satmanlygymyz üçin bize gönükdirilen soraglara jogap bereris. Soňra näme üçin belli bir önümiň belli bir kategoriýa düşüp bilýändigi barada sorag dörär”.

Dawalar dowam edýär, elektron çilimler bolsa dükanlaryň tekjelerinde adaty çilimlerden seýrek duşýar.

Ýöne dürli pikirlere görä, Birleşen Ştatlaryň esasy çilim öndürýän kompaniýalaryň arasynda elektron çilimleri öndürmäge gyzyklanma döredi we bu köp çilimkeşleri täze çilime geçmäge itergi berer.

Eger çilim öndüriji läheňler elektron çilimleri-de öndürip başlasalar, tüsseli dünýä gelejekde tüssesizräk bolar.
XS
SM
MD
LG