Ýene-de söýgi hakda
Munda höwes eýläp yşga düşen ýok,
Dänenem ýok gerek çagy erk eýläp.
Menem ýesir düşdüm söýgi goluna,
Söýgüm tutdy meni zabun, berk eýläp.
Gündiz bitap etdi, gije entetdi,
Bikarar, bitakat güzere indim.
Söýgüm menden ejiz ýa rüstem geldiň,
Bir günem gitdiň sen, lebziňden dändiň.
Aýan, gitmediň sen söýgüden dänip,
Bilýän, dänip gitdiň sen menden şol gün.
...Çendan söýgüm üçin aglasym gelýär,
Maňa düşünjek däl, geňlejek il-gün.
***
Gaplaň
Bir kişiniň gaýraty deý gaýratly,
Kyrk kişiniň ýüregi deý ýürekli
Gaplaň, ykbalyňa gözüm gitmedi,
Seni wagşy saýyp ýörmek gerekmi?
Hamyňa güýçliler hyrydar-ýagy,
Läşiňe ejizler hyrydar-ýagy.
Hamyňy, deriňi goramak üçin,
Gaplaň bolman kim bolardyň sen dagy?!
***
Diýjek sözlerim bar...
“Ogullaryma 40 öwüt” atly goşgular toplumyndan nusgalar
“Bölüneni böri iýer” diýerler,
Il bilen il boluň, il gorag, saraý.
Özüňiz börini iýjek bolsaňyz,
Bölüniň,
Özgeden gözlemäň haraý.
***
Siz hergiz şübheden yrak, daş durmaň,
Şübhe was-was hala ýetdigiň däldir.
Şübheden tazykmaň, ondan daş gitmäň,
Müňkürlige sary gitdigiň däldir.
Batyryň şübhesi – ýowa bahasy,
Dananyň şübhesi – geçirim ýaňra.
Serdaryň şübhesi – şöhrada germew,
Mollanyň şübhesi – ynamy Taňra.
Öz-özüňe şübhe – özüňe bahaň,
Ynam pyçak bolsa, şübhe çyn gyndyr.
Köňül gözgüsinde şübhe bar adam,
Adyllyga, eglişige ýakyndyr.
***
Agramy bolmazmyş gerekli daşyň,
Gerek daşy tanamakda gep bardyr.
Özgäň öwdi bilen daş götermäň hiç,
“Peşgeş berlen daş” yzynda çöp bardyr.
Munda höwes eýläp yşga düşen ýok,
Dänenem ýok gerek çagy erk eýläp.
Menem ýesir düşdüm söýgi goluna,
Söýgüm tutdy meni zabun, berk eýläp.
Gündiz bitap etdi, gije entetdi,
Bikarar, bitakat güzere indim.
Söýgüm menden ejiz ýa rüstem geldiň,
Bir günem gitdiň sen, lebziňden dändiň.
Aýan, gitmediň sen söýgüden dänip,
Bilýän, dänip gitdiň sen menden şol gün.
...Çendan söýgüm üçin aglasym gelýär,
Maňa düşünjek däl, geňlejek il-gün.
***
Gaplaň
Bir kişiniň gaýraty deý gaýratly,
Kyrk kişiniň ýüregi deý ýürekli
Gaplaň, ykbalyňa gözüm gitmedi,
Seni wagşy saýyp ýörmek gerekmi?
Hamyňa güýçliler hyrydar-ýagy,
Läşiňe ejizler hyrydar-ýagy.
Hamyňy, deriňi goramak üçin,
Gaplaň bolman kim bolardyň sen dagy?!
***
Diýjek sözlerim bar...
“Ogullaryma 40 öwüt” atly goşgular toplumyndan nusgalar
“Bölüneni böri iýer” diýerler,
Il bilen il boluň, il gorag, saraý.
Özüňiz börini iýjek bolsaňyz,
Bölüniň,
Özgeden gözlemäň haraý.
***
Siz hergiz şübheden yrak, daş durmaň,
Şübhe was-was hala ýetdigiň däldir.
Şübheden tazykmaň, ondan daş gitmäň,
Müňkürlige sary gitdigiň däldir.
Batyryň şübhesi – ýowa bahasy,
Dananyň şübhesi – geçirim ýaňra.
Serdaryň şübhesi – şöhrada germew,
Mollanyň şübhesi – ynamy Taňra.
Öz-özüňe şübhe – özüňe bahaň,
Ynam pyçak bolsa, şübhe çyn gyndyr.
Köňül gözgüsinde şübhe bar adam,
Adyllyga, eglişige ýakyndyr.
***
Agramy bolmazmyş gerekli daşyň,
Gerek daşy tanamakda gep bardyr.
Özgäň öwdi bilen daş götermäň hiç,
“Peşgeş berlen daş” yzynda çöp bardyr.