Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen dramaturgynyň eseri Dagystanyň teatr festiwalynda birinji boldy


Dagystanyň Derbent şäheriniň Lezgin Drama teatry
Dagystanyň Derbent şäheriniň Lezgin Drama teatry
Orsýetde ýaşaýan türkmen dramaturgy Jora Hudaýberdiýewiň eseri Dagystanyň teatr festiwalynda esasy baýraga mynasyp boldy. Onyň “Müneçjim” spektaklyny Tabasaran teatry görkezdi.

Azatlyk Radiosy bu medeni waka barada awtoryň özi Jora Hudaýberdiýew bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jora aga, ýakynda siziň eseriňiz Orsýetde medeni festiwallaryň birinde birinji orun eýeledi. Bu waka haçan we nirede boldy?

Jora Hudaýberdiýew: Bu festiwal Dagystanyň Mahaçkala we Derbent şäherlerinde bolup geçdi, oňa ona golaý spektakl gatnaşdy. Şonda “Müneçjim” komediýasy üstünlik gazandy. Gaty üýtgeşik festiwal boldy. Dagystanyň Medeniýet ministrligi örän gowy iş etdi. Olar teatrlara klassika eserleriň pýesalaryny bize görkeziň diýip, teklip etdiler we teatrlary höweslendirmek üçin geçen hepdede klassika repertuary boýunça teatrlaryň festiwalyny geçirdiler. Meni bir gyssagly ýagdaýda çagyrdylar. Sebäbi
Tabasaran teatry we onuň repertuaryndaky “Müneçjim” komediýam festiwala asla niýetlenmändi.

Sebäbi men klassik däl. Beýleki teatrlaryň klassika repertuarlarynda meşhur awtorlar bar. Olaryň arasynda abraýly teatrlar bar. Tabasaran halkynyň teatry bolsa ýakynda döredilen teatr. Olarda tejribe-de ýok. Netijede, festiwalyň üçünji güni biz hem çykyş etdik. Bizi örän gowy garşyladylar, halk tarapyndan hem Moskwadan gelen žýuri tarapyndan.

Azatlyk Radiosy: Siz spektaklyňyzyň birinji orun eýelemegini nähili kabul etdiňiz?

Jora Hudaýberdiýew: Bizde hiç hili tama ýokdy, birden ine şunuň ýaly gaty gowy üstünlik boldy, iň gowy spektakl diýip birinji orun berildi. Iň esasy, bu spektakl ýene bir hepdeden Kawkazyň teatr festiwalyna gatnaşmaga rugsat aldy. Elbetde, men örän şat, örän begenýärin. Ýöne, şunuň bilen birlikde men spektaklyň kemçiliklerini hem bilýärin, gördüm. Ine, spektraklda “zadnik” diýýärler, boş diwary görkezmezlik üçin bir zat, bir surat bolmaly-da. Şol zatlar hem ýok olarda. Baryp başga bir spektakldan bir şäheriň görnüşini alypdyrlar, ol hem sahnanyň hemmesini “zadnik” diýilýän ýerini ýapanok. Ine, şunuň ýaly bir garyp sahna-da. Ine, şol kemçilikleri bar.

Azatlyk Radiosy: Jora aga, “Müneçjim” spektaklyňyz barada ýatlatsaňyz. Ol ilkinji gezek näçinji ýylda we nirede sahnalaşdyryldy?

Jora Hudaýberdiýew: Ol ilkinji gezek 1990-njy ýylda Özbegistanyň Surhanderýa welaýatynyň Termez şäherinde sahnalaşdyryldy. Soň şol teatr 1991-nji ýylyň iýun aýynyň ortalarynda Türkmenistana bardy. Spektakl gaty gowy garşylandy.

Azatlyk Radiosy: Türkmen sahnasynda goýulmadymy bu spektakl?

Jora Hudaýberdiýew: Ýok, olar gaty köp wagtlap yza çekdiler, goýmadylar, ýöne 1997-nji ýylda goýlupdyr, diýip eşitdim, emma özüm muny görmedim.
XS
SM
MD
LG