Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ dünýäniň iň uly nebit öndürijisi bolar


Nebit tankerleri Birleşen Ştatlaryň Nýu-Jersi ştatynda, 2011-nji ýyl.
Nebit tankerleri Birleşen Ştatlaryň Nýu-Jersi ştatynda, 2011-nji ýyl.
Geçen bäş ýyllykda slans ýataklaryndan nebit-gaz almakda edilen öňegidişlikler Birleşen Ştatlarda energiýa senagatyny düýpgöter üýtgetdi.

Indi bolsa düýbi Parižde ýerleşýän Halklara energiýa gullugynyň täze hasabatynda onuň global energiýa bazaryny hem sarsdyrmagynyň mümkindigi bellenýär. Gullugyň 12-nji noýabrda çykan hasabatynda "Birleşen Ştatlar aňyrsy 2017-nji ýyldan beýläk dünýäde nebit öndürmekde ýolbaşçy orny eýeläp, häzir birinji we ikinji orunlarda durýan Orsýet bilen Saud Arabystanyny yzda galdyrar" diýilýär.

Özüniň köplençe Günbatar ýurtlaryndan durýan 28 agzasynyň energiýa üpjünçiligini howpsuzlandyrmak ugrunda iş alyp barýan Halkara energiýa gullugy Birleşen Ştatlaryň 2030-njy ýyla çenli asla nebit eksportirleýän ýurda öwrüljekdigini, 2035-nji ýyla çenli hem öz energiýa hajatlarynyň tas hemmesini özüniň üpjün etjekdigini çaklaýar. Birleşen Ştatlar häzir sarp edýän energiýasynyň 20 prosentini import edýär.

Bu zatlar Amerikanyň bütin dünýä energiýa bazaryndaky häzirki pozisiýasyny düýpgöter üýtgeder. Bu özgerişi ilkinjiler bolup duýanlar hem Orsýet, OPEK we Ýewropa bolar.

Ýewropa häzir bütinleý diýen ýaly Orsýetiň we Orta Gündogaryň nebitine garaşly. Sebäbi golaýdaky beýleki mümkin çeşme bolan Günbatar Afrikanyň nebiti Birleşen Ştatlara gidýär. Ýöne Amerika Günbatar Afrikadan edýän importyny togtatsa, Ýewropa bu ýerden köpräk nebit alyp biler.

Bu hem, bir tarapdan, özüniň energiýa çeşmelerini köpletlmegi üçin Ýewropa kömek bolsa, beýleki tarapdan-da, Orsýet bilen OPEK-iň Aziýa bazarlarynyň gözlegine çykmagyna sebäp bolar.

Halkara energiýa gullugynyň çaklamagyna görä, aňyrsy 2035-nji ýyldan beýläk Orta Gündogarda önýän nebitiň 90 prosenti Aziýa gider. Häzir Azia gidýän onuň 60 prosenti. Munuň hem uly bölegini Hytaý bilen Hindistan alýar.

Londonda ýerleşýän "Chatham House" guramasynyň enregiýa eksperti John Mitçeliň pikiriçe, munuň Aziýanyň energiýa problemasyny çözmäge kömegi degmegi mümkin: "Orta Gündogaryň eksport artykmaçlyklary şu wagt-da Aziýa bazarlarynyň import ýetmezçiliklerini doldurmaga ýeterlik däl".

Ýöne senagat analitikleri slans nebitine täze baýan Birleşen Ştatlar nebit eksportirleýän esasy ýurt bolar diýip pikir edenoklar. Munuň hem iki sebäbi bar. Bu sebäpleriň biri - ykdysady. Häzir nebitiň bahasy – bir barrel 80 dollardan. Amerika global bazary nebitden dolduran halatynda, bu baha zyýan ýetip, onuň aşaklamagy mümkin.

Mundan başga-da bir gorky bar. Slans nebitini köpräk öndürjek bolsaň, aşa köp guýy gerek. Sebäbi az sanly guýylar öndürijilikli bolmaýar.

Londonda neşir edilýän "Petroleom Argus" energiýa žurnalynyň redaktory Riçard Çaýld muny şeýle düşündirýär: "Saud Arabystanynda bir guýydan alynýan nebit ortaça hasap bilen häzir Amerikada esasy slans regiony bolan Demirgazyk Dakota ştatynda bir guýydan alynýandan 26 esse ýokary".

Diýmek, Amerika nebit eksportirleýän esasy döwletler bilen bäsleşjek bolsa, öz landşaftyny buraw desgalaryndan doldurmaly. Bu hem ekologik ýagdaýlara görä, o diýen ähtimal däl.

"Nebit öndürmek baradaky tehnologiýa zyýansyz metodlary kämilleşdirmekde çalt ösýär. Tehnologik ösüş ýok däl. Ýöne, meniň pikirimçe, muňa garamazdan, problemalar bolar. Slans nebitini özleşdirmek üçin gapysyny açmaga garşy çykan ştatlar, käbir ýerler tapylar" diýip, Mitçel aýdýar.

Her niçik-de bolsa öňümizdäki 10 ýyllykda nebit dünýäde ozalkylaryndan köp bolar. Ýöne onuň bahasy aşaklamaz, sebäbi oňa bolan talap-da şonça artar.
XS
SM
MD
LG