Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürji saýlawlary: Sapaklar we tejribeler


Gürjüstanyň oppozisiýasynyň tarapdarlary saýlawlaryň deslapky netijelerini şatlyk-şowhun bilen garşy alýarlar. Tbilisi, 2-nji oktýabr, 2012.
Gürjüstanyň oppozisiýasynyň tarapdarlary saýlawlaryň deslapky netijelerini şatlyk-şowhun bilen garşy alýarlar. Tbilisi, 2-nji oktýabr, 2012.
Gürjüstandaky parlament saýlawlarynyň gutarnykly netijeleriniň heniz doly yglan edilmändigine garamazdan, deslapky sanlar gürjüstanly milliarder Bidzina Iwanişwiliniň “Gürji arzuwy” atly oppozision koalisiýasynyň sesleriň sany boýunça görnetin öňde barýandygyny görkezýär.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we käbir beýleki halkara guramalarynyň synçylary Gürjüstandaky bu saýlawlara adalatly saýlawlar hökmünde baha berdiler.

“Sapak alarlykly waka”

Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Akmuhammet Welsapar Gürjüstandaky bu saýlawlaryň postsowet giňişligindäki käbir awtoritar režimler, şol sanda Türkmenistanyň režimi üçinem oňyn sapak alarlykly bir wakadygyny aýtdy.

“Şu saýlawlardan bir sapak almaly bolsa, türkmen häkimiýetleri şeýle ýeňlişe örän parahat seretmelidigine düşünmeli hem-de şony öwrenmeli. Sebäbi, bu bir tebigy ýol bilen häkimiýetiň hem-de häkimiýet başynda oturanlaryň çalşygy. Şeýle bolmasa, hiç bir ýurtda ösüş bolup bilmez” diýip, Akmuhammet Welsapar belledi.

Eýsem, oppozisiýanyň gatnaşmagynda geçirilýän Gürjüstandaky ýaly saýlawlardan türkmen häkimiýetleri sapak ýa tejribeler alarlar diýip garaşmak üçin nähilidir bir esaslar barmy?

Bosgunlykdaky “Respublika” oppozision partiýasynyň lideri Nurmuhammet Hanamow bular ýaly wakalaryň gaýtda türkmen häkimiýetlerine ters täsir etmeginiň mümkindigini öňe sürdi.

“Türkmenistan mundan ters sapak alar. Sebäbi, häkimiýetler ýurduň içinde oppozisiýa bolaýanda, erteki gün biziň ýerimize şular ýaly oppozisionerler geler diýip, gaýta, režimi has berkidýärler. Türkmenistanda bular ýaly demokratik saýlawlaryň bolmajakdygyny aýtmagymyň sebäbi Saakaşwiliniň Gürjüstanda nähili ýagdaýda häkimiýet başyna gelendigi bilen baglanyşykly. Gürjüstanyň içinde oppozisiýa bardy, Türkmenistanda olar ýaly zat ýok. Türkmenistan bu saýlawlar bilen bagly özüne netije çykaraýanda-da, tersine, şular ýaly waka bolmaz ýaly edip netije çykarar” diýip, Hanamow öz garaýşyny mälim etdi.

Orsýet-gürji gatnaşyklary nähili bolar?

Gürjüstanda 2003-nji ýylda bägül rewolýusiýasynyň netijesinde häkimiýet başyna Günbatara tarapdar Mihail Saakaşwiliniň gelmegi bilen, orsýet-gürji gatnaşyklary-da belli bir derejede ýaramazlaşdy.

Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwili oppozision koalisiýanyň häzirki lideri Bidzina Iwanişwilini Orsýetde biznes alyp barmakda hem-de Orsýetiň bähbidini araýanlykda-da aýyplap çykyş edipdi.

Bidzina Iwanişwiliniň özi Orsýet bilen gatnaşyklary gowulandyrmagyň tarapyny tutsa-da, özüniň diňe Gürjüstanyň bähbitlerinden ugur alýandygyny nygtap gelýär.

Ýazyjy Akmuhammet Welsapar gürjüstanly biznesmenleriň hakykatdanam Orsýetde uly bähbitleriniň bardygyny bellemek bilen bir wagtda, oppozisiýadaky täsirli bizesmenleriň, barybir, Gürjüstanyň milli bähbitlerini-de hökman göz öňünde tutmaly boljakdyklaryny aýtdy.

Mihail Saakşwiliniň ýurda ýolbaşçylyk edip gelýän döwründe, 2008-nji ýylda Orsýetiň ýardam bermeginde Gürjüstanyň Abhaziýa we Günorta Osetiýa regionlary özleriniň garaşsyzlyklaryny yglan etdiler. Olaryň garaşsyzlygyny bolsa, Orsýet ilkinji bolup ykrar etdi. Elbetde, bu ýagdaýlar Orsýet bilen Gürjüstanyň arasyndaky gatnaşyklary has-da dartgynlaşdyrdy.

Bosgunlykdaky “Respublika” oppozision partiýasynyň lideri Nurmuhammet Hanamow Gürjüstanyň täze häkimiýetleriniň Orsýet bilen gatnaşyklary gowulandyrmak ugrundaky synanyşyklarynda şu separatistik regonlar bilen baglanyşykly meseläniň örän kyn mesele boljakdygyny, ýöne, muňa garamazdan, taraplaryň ikisiniň-de bu ugurda özara ylalaşykly bir ýoly saýlamaly boljakdyklaryny atdy.

Nurmuhammet Hanamow hem, türkmenistanly käbir beýleki ekspertler hem Gürjüstanda häkimiýet başyna täze syýasy güýjüň geçeni bilenem, bu ýurtdaky demokratik reformalaryň togtamajakdygyny we Orsýet bilen gatnaşyklaryň ýakynlaşmagynyň-da muňa ýaramaz täsir etmejekdigini belleýärler.
XS
SM
MD
LG