Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yragyň mekdepleri okuwçylardan hyryn-dykyn doly


Şu hepde Yrakda täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, problemanyň hakyky möçberi ýüze çykdy.
Şu hepde Yrakda täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, problemanyň hakyky möçberi ýüze çykdy.
Geçen ýyl Yragyň mekdepleri okuwçylardan hyryn-dykyn doludy. Hökümetiň mekdepleri täzeden gurmak programmasynyň başa barmany üçin bu güýzde ýagdaý has hem erbetleşdi.

Yragyň Bilim ministrligi tarapyndan maliýe serişdesi tölenensoň, gurluşyk firmalary ulurak mekdepleri gurmak üçin maý aýynda bütin ýurtda köne mekdep jaýlaryny ýykyp başladylar. Netijede ýüzlerçe okuw jaýlary ýykyldy. Ýöne täze mekdepler gurulmady we Bilim ministrligi häzirki wagtda täze binalary gurmak üçin serişdäniň ýokdugyny aýdýar.

Şu hepde Yrakda täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, problemanyň hakyky möçberi ýüze çykdy.

Maý aýyndan bäri diňe Diýala welaýatynda 100-den gowrak mekdep ýykylyp, olaryň deregine asla täze mekdep salynmandyr. Şol welaýatyň Al-Adhlm atly şäherinde bolsa 28 sany mekdebi ýykypdyrlar.

15 ýaşly Ahmet 9-njy synpyň okuwçysy. Geçen ýyl ol Al-Adhlm Nuh adyndaky orta medebe gatnaýardy. Häzirki wagtda ol mekdepleri ýykylan başlangyç synp okuwçylary bilen bir mekdepde okamaga mejbur boldy.

"Biz geçen ýyl öz okuw jaýymyzda okaýardyk, ýöne ony ýykdylar. Şonuň üçin indi biz ýakyndaky başlangyç mekdebe okuwa gitmäge mejbur bolýarys. Ol mekdep örän dyknyşyk bolany üçin biz üç smenada, ýagny ertir, öýlän hem-de agşam okamaly bolýarysdiýip, Ahmet aýdýar. "Meniň okuwym irden sagat 11-den öýlän 2-ä çenli dowam edýär. Her sapak 30 minut dowam edensoň, onda nämedir bir zada düşünmek kyn bolýar. Mekdebimizi ýakynda gaýtadan gurarlar diýip umyt edýäris".

Sebäp näme?

Al-Adhlmyň ýerli dolandyryjysy Mohammed Ibrahimiň aýtmagyna görä, problemanyň sebäbi gurluşyk potratçylary bilen Yragyň hökümetiniň arasyndaky şübheli kontrakt ylalaşyklary bilen bagly: "Biz mekdepleri ýykmak we olary gaýtadan gurmaklygyň Bilim ministrliginiň kararydygyny bilýäris. Gynansak-da, olar gaýtadan gurulmady. Şu wagt biziň çagalarymyzyň mekdebi ýok. Köpüsi açyk meýdanda okamaga mejbur bolýarlar. Biz ministrlik bilen ilteşigi bolan kompaniýalar tarapyndan ýykylan mekdepleriň problemasyny çözmek zerur diýip hasap edýäris".

Yragyň Bilim ministrliginiň sözçüsi Walid Hussein mekdeplerde okuwçylaryň sanynyň çakdanaşa köp bolmagynda welaýat hökümetlerini günäkärläp, täze mekdepleriň gurluşygynyň çykdajylaryny olaryň özleriniň tölemelidigini aýdýar: "Biz ähli welaýatlaryň geňeşleriniň gatnaşmagynda tutuş ýurtda kompaniýa geçirilip, olaryň öz býujetlerinden maliýe goşant goşmak arkaly mekdepleriň gurulmagy üçin puluň tygşytlanmagyna bil baglaýarys. Her ýyl biziň okuwçylarymyzyň sanynyň artmagy bilen mekdep bilen bagly problemalarymyz hem ýyl saýyn ulalýar. Biz bu ýyl diňe birinji synp okuwçylarynyň 1 million 250 müňüsini kabul etdik. Mekdebi tamamlaýan okuwçylaryň sany bolsa diňe 250 müň. Ýöne okuw binalarymyzyň sany ýeterlik däl. Okuwa kabul edilen täze okuwçylar üçin 700-800 töweregi täze okuw binalary gerek".

Ýöne parlamentiň dokladçysy Mohammed Al-Halidi Bilim ministrliginiň ýykylan mekdep binalary bilen bagly problemadan çetleşmeginiň ýalňyşdygyny aýdýar: "Paýtagt Bagdatda-da geçen ýyldan bäri 150 töweregi okuw binasy ýykyldy".

Bagdadyň welaýat geňeşiniň Bilim komitetiniň agzasy Nasrin Hadiniň aýtmagyna görä, şol binalary gurmak bilen meşgullanýan Kipr firmasy köne okuw binalaryny ýykandan soň, baglaşylan şertnamadaky borçlaryny ýerine ýetirmezligi sebäpli mekdepler gaýtadan gurulmandyr.

Hadi mekdepleriň gurluşygy baradaky şertnamanyň Bilim ministrligi tarapyndan maliýeleşdirilendigini, şeýle hem oňa Gurluşyk hem-de ýaşaýyş jaý ministrliginiň bir pudagy bolan "Al-Fao" döwlet firmasynyň gol çekendigini aýdýar.

Bagdadyň welaýat geňeşiniň bilim boýunça maslahatçysy Ahmed Raşid şäherdäki orta mekdeplerdäki synplaryň köpüsiniň ortaça 25-30 okuwça niýetlenendigini, emma häzirki wagtda her synpda 80-den gowrak okuwçynyň bardygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG