Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: dini azlyklara basyş edilýär


Feliks Körli: "Bu soňky wakalar dini azlyklara, şol sanda protestant hristianlara garşy reýd geçirmek, haýbat atmak, jerime salmak ýaly basyşlaryň bir bölegi bolup görünýär”.
Feliks Körli: "Bu soňky wakalar dini azlyklara, şol sanda protestant hristianlara garşy reýd geçirmek, haýbat atmak, jerime salmak ýaly basyşlaryň bir bölegi bolup görünýär”.
Çarşenbe güni dini azatlyklaryň ýagdaýyna syn edýän “Forum-18” guramasy Türkmenistanyň Lebap welaýatynda protestant hristianlardan azyndan bäşisiniň işi boýunça sud diňlenişiginiň geçirilendigi we olara uly möçberde jerime salnandygy barada maglumat ýaýratdy.

Düýbi Osloda ýerleşýän “Forum-18” guramasynyň baş redaktory Feliks Körli protestant hristian dininiň wekillerine garşy geçirilen bu sud proseslerinden biriniň Türkmenabat şäherinde, ýene ikisiniň bolsa Lebap welaýatynyň iki sany dürli etrabynda geçirilendigini aýtdy.

“Awgust aýynyň ahyrynda Lebap welaýatynda üç sany sud diňlenişigi geçirildi. Olara 400 manat bilen 1200 manadyň aralygynda jerime salnypdyr. Bu soňky wakalar dini azlyklara, şol sanda protestant hristianlara garşy reýd geçirmek, haýbat atmak, jerime salmak ýaly basyşlaryň bir bölegi bolup görünýär” diýip, Feliks Körli belledi.

Howpsuzlyk aladalary

Feliks Körli suduň karary bilen jerimä sezewar edilen bu dindarlaryň adyny bermekden saklandy we muny ol adamlaryň özleriniň hem-de dogan-garyndaşlarynyň howpsuzlygy baradaky aladalar bilen baglanyşdyrdy.

Ol: “Biz bu wakalara dahylly adamlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, bu sud prosesleri baradaky anyk zatlary çap etmekden saklandyk. Şular ýaly wakalaryň käbir beýleki regionlarda, şol sanda Tejende-de bolandygy barada bizde maglumat bar. Ýöne soňky sud prosesleriniň üçüsi Lebap welaýatynda boldy” diýip belledi.

Ýöne bu soňky sud prosesleri barada garaşsyz çeşmelerden anyk maglumat alynmady. Feliks Körli hem Türkmenistanyň häkimiýetleriniň-de bu sud prosesleri barada maglumat bermek islemeýändiklerini aýdýar.

Dini azatlyklaryň ýagdaýyna syn edýän “Forum-18” guramasy bu soňky wakalar barada ýaýradan maglumatynda Türkmenistanda resmi taýdan registrasiýa edilmedik dini toparlaryň ýygnak ýa dini üýşmeleň geçirmeklerine henizem köplenç ýol berilmeýändigini belleýär.

Gurama Lebap welaýatynda geçirilen sud proseslerini-de resmi hasaba alynmadyk Protest dininiň wekilleriniň ýygnak geçirmeklerine garşy görlen çäre hökmünde düşündirýär.

Oňyn ädimler bar, emma...

Mälim bolşy ýaly, garaşsyzlygyň başky ýyllarynda Türkmenistanda dini azlyklara degişli guramalar köp wagtlap resmi taýdan hasaba alynmandylar. Halkara jemgyýetçiliginiň basyşlary netijesinde diňe 2004-nji ýyldan soň şeýle dini azlyklara degişli guramalaryň dokuzysy paýtagt Aşgabatda registrasiýa edildi.

Şular ýaly resmi hasaba alnan guramalardan biri bolan Halkara Krişna aň ýetiriş jemgyýetiniň agzasy Gurban registrasiýadan soň özleriniň dini üýşmeleň geçirmeklerine indi häkimiýetler tarapyndan päsgelçilik döredilmeýändigini aýtdy.

“Krişnaçylaryň ýagdaýy indi kadaly. Indi hiç kim towugyňa tok diýenok. Bize gelib-ä azar berýän ýok. Alty-ýedi ýyl mundan ozal bolsa-bolandyr welin, indi olar ýaly zatlar galdy” diýip, Gurban ýagdaýa baha berdi.

Ýöne, şol bir wagtyň özünde-de, Gurban resmi registrasiýa edilen dini azlykdaky guramalaryň registrasiýasynyň diňe paýtagt Aşgabatda geçirilendigini, emma welaýatlarda bu guramalaryň bölümleriniň henizem registrasiýa edilmeýändigini we munuň sebäbi barada-da häkimiýetlerden anyk jogap alyp bolmaýandygyny aýdýar.

“Guramalar her welaýatda-da registrasiýa edilmeli diýýärler. Ýöne Aşgabatda registrasiýa edilenem bolsa, Maryda we beýleki welaýatlarda registrasiýa edenoklar. Häkimliklere baryp, registrasiýa etdirjek bolaňda, olar belli bir jogap berenoklar. Olaryň özlerem bilenoklar näme üçin registrasiýa edilmeýändigini. Olar belli bir zat aýdyp bilenoklar” diýip, Krişna aň ýetiriş jemgyýetiniň agzasy Gurban gürrüň berýär.

“Forum-18” guramasynyň baş redaktory Feliks Körli hem Türkmenistanda bu ugurda käbir öňegidişlikleriň bardygyna garamazdan, ýurduň kanunçylygynda henizem ýerli dini guramalary hasaba almak, dindarlar üçin alternatiw harby gulluklary döretmek ýaly birgiden meseleleriň göz öňünde tutulmaýandygyny belledi.
XS
SM
MD
LG