Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Geňeş agzalygyna saýlawlar boljakmyş...


19-njy awgustda Türkmenistanda Geňeş agzalarynyň saýlawy geçirilmeli.
19-njy awgustda Türkmenistanda Geňeş agzalarynyň saýlawy geçirilmeli.
Türkmenistanyň habar serişdeleri mundan biraz ozal, ýagny 25-nji iýulda, ýurtda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň mejlisinde 19-njy awgustda geçiriljek Geňeş agzalarynyň saýlawlaryna degişli meselelere seredilendigi barada maglumat ýaýradypdylar.

Mejlisde 19-njy awgustda geçiriljek saýlawlara dalaşgärleri görkezmek we olary hasaba almak boýunça saýlawlaryň nobatdaky ähmiýetli tapgyrynyň tamamlanandygy, Geňeş agzalarynyň 6,100 sany mandaty ugrunda bäsleşjek jemi 12,309 dalaşgäriň hasaba alnandygy nygtaldy.

Dalaşgärlere ses beriljek günüň golaýlaşmagy bilen ýerli mediada saýlawlar, ýurduň Konstitusiýasy, demokratiýa, saýlawlary bäsdeşlik esasynda geçirmek, raýat jemgyýetini ösdürmek we şuňa meňzeş düşünjeler hakynda has köp gürrüň edilip başlanandygyny ýerli synçylar belleýarler.

Emma metbugatdaky we beýleki habar serişdelerdäki gün-günden güýjeýän syýasy-düşündiriş işlere garamazdan, saýlawçylaryň sanawyna goşulan etrap merkezleriniň we oba ýerleriniň käbir ýaşaýjylary 19-njy awgustda geçiriljek saýlawlardan, ol saýlawlarda kimleriň haýsy ýerlere saýlanmaga hödürlenenliginden özleriniň bihabardyklaryny aýdýarlar.

Gulagyň duşundan geçýän sözler

Ýerli gazetleriň birinde habarçy bolup işleýän dostumyň aýtmagyna gorä, hökümete degişli habar serişdeleriň saýlawlar bilen bagly temany alyp barýan žurnalistleriň edýän tagallalary köplenç puja çykýar, olar öz öňlerinde goýlan wezipäň hötdesinden gelip bilmeýärler. Munuň hem öz sebäbi bar.

Ýerli habarçyň pikiriçe, saýlawçylara gönükdirilen propagandistik sözleriň, media serişdeleriniň ilatyň üstünden eňterýän habar akymynyň adamlaryň gulagynyň duşundan geçmeginiň esasy sebäbi okyjylaryň, teletomaşaçylaryň, radiodiňleýjileriň birmeňzeş öwgüli, mahabatlandyryjy äheňe ýugrulan şol makalalardan, teleradiogepleşiklerden halys bizar bolanlygyndan.

“Oba ýerlerde gazet-jurnallaryň gaty hem açylmaýar. Poçtalýonyň getirişi ýaly ol neşirleriň petdesi bilen tamdyrda, ojakda ot ýakylanda tutaşdyryk edilýändigine meniň özüm gözli şaýat. Onsoň oba adamlary saýlawlar, oba Geňeşligiň düzümi, onuň durmuşda oýnaýan roly hakynda hiç zat bilenoklar” diýip, ýerli žurnalist janygyp aýdýar.

Oba adamlarynyň özlerem bu pikir bilen ylalaşýarlar. Olaryň sözlerine görä, mal-gara, ekin-dikin, bäş şaýy gazanmak, güzerany dolandyrmak bilen bagly iş-aladalaryň köp bolany üçin, gazet okamak beýlede dursun, ýerli telekanallarda berilýän gepleşiklere tomaşa etmäge-de özleriniň wagt tapmaýandyklaryny aýdýarlar.

“Onsoňam-how, boş wagtym bolaýanda-da meniň özümem, çagalarymam milli telewideniýäniň gepleşiklerine tomaşa edenden, orslaryň, goňşy özbekleriň ýa-da bolmasa türkleriň görkezýän zatlaryna tomaşa edenimizi gowy görýäris” diýip, Görogly etrabynyň goňşy Özbegistan bilen serhetýaka zolagyna golaý “Edermen” obasynyň özüni Haýytguly diýip tanyşdyran ýaşaýjysy gürrüň berýär.

Umumy biparhlyk

Şeýle seredeniňde, metbugatda, radiodyr telewideniýede alnyp barylýan gürrüňler, wagyz we düşündirişler adamlaryň syýasy we jemgyýetçilik aktiwligini bolmalysyndanam beter galdyraýjak ýaly. Emma beýle däl. Tersine. 19-njy awgustda geçiriljek Geňeş agzalarynyň saýlawlarynyň öň ýanynda oba ýerlerde asudalyk, ilat arasynda bolsa birhili umumy biparhlyk mese-mälim duýulýar.

Munuň sebäbi bilen gyzyklanyp, men oba adamlarynyň, şol sanda hakyky daýhanlaryň, öý-hojalykçy zenanlaryň, oba intelligensiýasyna girýän mekdep mugallymlary we medisina işgärleri bilen söhbetdeş boldum. Olaryň aýtmaklaryna görä, adamlardaky biparhlygyň özeni olaryň ýüregine ornan ynamsyzlykdan.

“Biz oba Geňeşiniň agzasynyň özüniň ýa-da oba Geňeşiniň tutuş düzümi bilen bir iş bitirip biljegine ynanmaýas, onsoň biz näme diýip saýlawlara gyzyklanma bildirmeli? Ýurdumyzda hemme meseläni bir adam çözýär – olam Arkadag adyny alan prezidentimiz. Ol aýtmasa, bu jelegaýlarda çöp başy hem gymyldamaz. Ýol gurmak,ýumrulan köprüleri dikeltmek, çagalar bagy, hammam ýaly adamlara zerur zatlar hakynda gürrüň hem etmäli” diýip, Könürgenjin “Hakykat” daýhan birleşiginden özüni Allaberdi diýip tanyşdyran kärendeçi aýdýar.

Meniň beýleki söhbetdeşim Aýsenem atly oba mugallymy. Ol adamlardaky soňky 20 ýylda emele gelen biparhlygyň esasy sebäpkärini häkimiýet başynda oturan ketdelerden görýär. Aýsenemiň sözlerine görä, adamlary syýasatdan daşlaşdyrmak işiniň başy Nyýazow döwründe başlansa-da, ol iş Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwründe-de dowam etdirilýär.

“Geňeş ýa etrap halk maslahatynyň agzasyna-da, Mejlisiň deputatlygyna-da dalaşgärleri görkezmek hukugy hereket edýän kanun boýunça diňe hökümete degişli, resmi taýdan hasaba alnan partiýalara we jemgyýetçilik guramalaryna berilýär. Saýlawly organlara gulak asyp, wepaly hyzmat edäýjek, üstesine-de gizlin gulluklar tarapyndan ýedi elekden geçirilen, ýedi arkasy barlanan ynamdar adamlar çekilýar. Halka hakyky hyzmat edäýjek raýatlar, hakykat we adalat uçin göreşjekler bolsa çetleşdirilýär. Bu bolýan zatlary adamlar görüp, eşidip ýörler, ana, onsoň olarda şol aýdylýan biparhlyk döreýär” diýip, 43 ýaşly taryh mugallymy Aýsenem aýdýar.

Näme bolsa-da, saýlawlar guramaçylykly geçer

Bolýan şyýasy çärelere saýlawçylar näderejede biparhlyk bildirselerem, ýerli synçylaryň pikiriçe, Geňeş agzalarynyň 19-njy awgustdaky saýlawlary talap edilişi ýaly ýokary guramaçylyk we umumy aktiwlik derejesinde geçiriler.

Ýerli gazetleriň birinde habarçy bolup işleýän dostumyň aýtmagyna görä, eger 19-njy awgustda ses berijileriň hemmejesi saýlaw uçastogyna barmakdan we ses bermekden ýüz owürselerem, saýlawlaryň her bir tapgyryna pugta gözegçilik edýän häkimiýet wekilleri her zat ederler welin, ýöne saýlawlaryň guramaçylykly we ýokary derejede geçirilendigini subut ederler.

“Ähli halklaryň we döwürleriň Serdary diýlen ady alan Ýosif Staliniň iň esasysy adamlaryň kime we nähili ses berenligi däl-de, kimiň we nädip ol sesleri sananlygy” diýip, bir mahalky aýdan sözleri biziň ýurdumyzda şu çaka çenli geçirilen we ýakyn günlerde geçiriljek saýlawlara dogry gelip dur” diýip, žurnalist kärdeşim aýdýar.

Synçynyň aýtmagyna görä, Geňeşliklere geçiriljek saýlawlar ýönekeý halkyň ýaşaýyş we sosial-durmuş şertlerine öz oňyn täsirini ýetirip bilmez. Hiç bir zat üýtgemän, şol öňki-öňküligine-de galar.

Emma şonda-da häkimiýet başynda oturanlaryň saýlawlaryň gidişi, ses berlişi, sesleriň sanalyşy, ahyrky görkezijileriň çykarylyp, olaryň ilat köpçüligine ýetirilişi ýaly wajyp işleri öz akymyna göýbermejekdigi belli.

Kerim Artykow türkmenistanly garaşsyz synçynyň edebi lakamy. Bu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG