Türkmenistanda, resmi habara görä, 2013-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyklar, döwlet kömek pullary we pensiýalar degişlilikde 10, 15 prosent köpeldilýär.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken kararyna laýyklykda, Türkmenistandaky minimal aýlyk 440 manat bolmaly.
Şonuň bilen bir wagtda, Türkmenistanyň ilatynyň umumy güzeran derejesiniň o diýen ýokary däldigi, iş, gazanç gözläp, obasyndan, şäherinden, hatda ýurdundan gitmeli bolýan adamlaryň hem az däldigi aýdylýar.
Ýetde-gütdelik
Aşgabatly pensioner Gülnabat Dädäýewa Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysynyň alýan pensiýasynyň güzeran aýlamaga ýetip-ýetmeýänligi baradaky soragyna şeýle jogap berdi:
“Hemme zady aljak bolsaň, ýetenok şol, et almaly bolýaň azajyk, mesge almaly, şeker almaly bolýaň. Hemme zada-da ýetirinjek bolýaň-da, ýarym kilodan alýaň welin...”
Gülnabat Dädäýewa häzir dermanlaryň gymmatlygy zerarly köp adamyň saglygyna seretdirmek üçin hassahana hem girip bilmeýändigini hem sözüniň üstüne goşdy:
“Gymmat bolansoň, köp adam bolnisa-da girip bilenok, doly dermanlar bilenem üpjün edilip bilenok. Diňe gymmat bahasy bilen almaly diýýä, gymmat bahasy bilen hemme kişi alyp bilenog-a.”
Gülnabat Dädäýewa özlerini ot-çöp, suwlar bilen bejerjek bolup, keselleriniň beterleýän halatlarynyň hem bolýandygyny gürrüň berdi.
Zähmet haklarynyň möçberini artdyrmaly
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 6-njy iýulda geçiren hökümet maslahatynda gurluşyklara milli gurluşyk kompaniýalaryny, şol sanda hususy firmalary çekmäge aýratyn üns bermelidigini nygtady we ykdysadyýetiň ähli pudagynda zähmet haklarynyň möçberini mundan beýläk-de artdyrmak boýunça ähli tagallany etmelidigini belledi.
Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynda ýaşaýan 35 ýaşly kärendeçi Tahyr Häkimow Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy bilen söhbetdeşlikde “işiň köpelýändigini, halkyň işlidigini, munça bolsa ýaman däldigini, berilýän aýlygyň güzeran aýlamaga ýeterlikdigini” aýtdy.
Ýöne ol öz ýaşaýan etrabynda aýal-gyzlar üçin işiň ýeterlik däldigini, ýaşlaryň başga ýerlere gidip işlemäge ýykgyn edýändigini we aýraçylygyň kändigini hem tassyk etdi.
Ýaşlar şähere we daşary ýurtlara gidýär
Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynda ýaşaýan 42 ýaşly öý hojalykçy Gülbahar Kerimowa bolsa, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde obadaky ýaşlaryň möwsümleýin oba hojalyk işlerinden soň işsiz galýandygyny aýtdy hem-de gazanç üçin şähere we başga ýerelere gitmegiň adaty bir zada öwrülendigini gürrüň berdi.
80 ýaşly maryly pensioner Mämmetýaz aganyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Türkmenistanda işlejege iş tapdyrýar. Ýöne, Mämmetýaz aganyň pikiriçe, ýurtda edara, hökümet işleri, belli aýlykly iş azrak görünýär.
Iş ýerleri köpeldilse...
Ol: “Ýaşlar daşary ýurtlara gidip däl-de, ýurt içinde işleseler has gowy bolaýjak ýaly” diýýär. Emma maryly pensioner ýaşlaryň ýurt içinde işläp, çeken azaplaryna garanda az hak alýandygyny we köpräk gazanç gözläp, daşary ýurtlara gitmäge mejbur bolýandygy bilen hem ylalaşýar.
Şol bir wagtda, Mämmetýaz aganyň maglumatlaryna görä, daşary ýurtlara giden ýaşlaryň käsi gowy gazanç etse, käbiri özüni aldadyp, eden işiniň hakyny alyp bilmän, yzyna bergili bolup gelýär.
Lebaply Gülbahar Kerimowanyň pikiriçe, oba, etrap ýerlerinde has köp iş ýerleriniň döredilmegi diňe gün-güzeran üçin däl, eýsem geljekde ene bolmaly gyzlaryň gözýetiminiň giňemegi üçin hem möhüm bolup durýar.
Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda gurulýan gurluşyklar, täze binalara edilýän çykdajylar barada belli bir maglumat berilýär, emma ýurduň ilatynyň iş bilen üpjünçiligi, işsizligiň derejesi, obalardan şäherlere, daşary ýurtlara gidip işleýän raýatlaryň sany, olaryň maşgalalaryna aýda näçe pul iberip bilýändigi barada anyk statistiki sanlar çap edilmeýär.