Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hazardaky dawaly ýataklar: kim näme isleýär?


Azerbaýjan, Bakuwdaky Nebit daşlary.
Azerbaýjan, Bakuwdaky Nebit daşlary.
Resmi Aşgabadyň 29-njy iýunda Hazardaky dawaly ýataklar baradaky pozisiýasyny aýdyňlaşdyryp, Hazardaky üç nebit-gaz ýatagy baradaky meseläni BMG-niň Halkara adalat sudunda çözmekçidigini aýtmagy iňlis, rus we azeri habar serişdelerinde türkmen-azeri dawasy barada dürli pikirleriň peýda bolmagyna getirdi.

Aşgabat Bakuwyň aýdýanlaryny ýalana çykardy

Türkmenistanyň nebit-gaz senagaty we mineral rusurslary ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Kakageldi Abdyllaýewiň aýtmagyna görä, prezident Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylda Azerbaýjana eden saparynda iki ýurduň arasynda dawaly ýataklar barda hiç hili ylalaşyga gol çekilmändir we resmi Aşgabadyň bu meseledäki teklipleri Baku tarapyndan goldaw tapmandyr.

Emma Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Elman Abdyllaýew 18-nji iýunda Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugyna Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisine protest notasynyň gowşurylmagy bilen bagly beren düşündirişinde prezidentler Alyýew bilen Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylda Hazar deňziniň hukuk durumy çözülmezinden öň dawaly ýataklarda hiç hili iş geçirmezlik barada ylalaşyk baglaşandygyny aýdypdy.

Türkmenistan Azerbaýjanyň hukuk durumy kesgitlenmedik “Omar” we “Osman” ýataklarynda ençeme wagtdan bäri iş balyp barýandygyny we resmi Aşgabadyň bu işleri togtatmak baradaky talaplaryna jogap bermegiň ýerine, öz bikanun hereketlerini ýaşyrmaga hem-de özüni mamla edip görkezmäge çalyşýandygyny öňe sürýär.

Täze dartgynlyklar, "Transhazar" proýekti we rus bähbitleri

Iňlis dilinde çykýan “Scotland on Sunday” neşiri Türkmenistanyň Hazardaky dawaly ýataklar ugrundaky diplomatiki hüjümleri güsýçlendirendigini belläp, iki ýurduň arasyndaky täze dartgynlyklaryň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Ýewropa Orsýetden sowa türkmen we azeri energiýasyny getirmeli “Transhazar” geçirijisine howp salýandygyna ünsi çekýär. Şeýle-de bu neşir, Eýranyň ýarym resmi habar gullugyna salgylanyp, Tähranyň Hazar deňzine suwasty gämilerini ýerleşdirmek plany barada habar berýär.

“Golos Rossii” radiosy Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň golaýda bolan duşuşygy, Azerbaýjan we Türkmenistan bilen "Transhazar" geçirijisi barada ylalaşyk baglaşmaga baglanýan umyt hem-de türkmen-azeri dawasy barada pikir alyşmak üçin Orsýetiň Energiýa we maliýe institutynyň ykdysadyýet bölüminiň müdiri Sergeý Agibalow bilen söhbetdeşlik gurapdyr.

Agibalowyň pikirine görä, Orsýetiň Türkmenistany Ýewropanyň gaz bazaryndan üzňeleşdirmek ugrundaky hereketleri Moskwanyň öz bähbitlerine garşy bolup çykypdyr.

“Belki-de biz Türkmenistany Ýewropa goýbermezlik meselesinde üstünlik gazandyk, ýöne şol bir wagtda bu ýere hiç kimiň garaşmadyk başga oýunçylary geldi” diýip, Sergeý Agibalow Hytaýyň Türkmenistan bilen alyp barýan işlerine, eýýäm bir gaz geçirijisini gurandygyna ünsi çekýär. Şeýle-de ol Türkmenistandan Pakistana we Hindistana çekilmekçi bolýan gaz geçirijisiniň has real görnüp başlandygyny belleýär.

“Biz hakykatda türkmen gazyny dünýäniň bir bölegine goýbermezlik üçin Ýewropa bilen göreşýäris, emma ol işjeňlik bilen başga ýere aralaşýar” diýip, Agibalow aýdýar.

Rus ekspertiniň pikiriçe, bu ýerde esasy mesele diňe Hazara çemeleşişde hem däl, eýsem Orsýetiň Türkmenistana gatnaşygyny “gaýtadan gurmagy” gerek. “Häzir hut rus tarapy utulyş ýagdaýynda, biz hakykatda Türkmenistanyň we onuň energiýa pudagynyň ösüşine gatnaşamzok” diýip, Agibalow “Golos Rossii” radiosyna aýdypdyr.

"Türkmenistan bilen oňşarys, ýöne..."

Azerbaýjanyň “Vesti.az” habar gullugy “Türkmenistan bilen oňşarys, ýöne Eýran bilen düşünişmek kynrak bolar” diýen at bilen çap eden makalasynda Hazar dawasy barada azerbaýjanly ekspertleriň pikirlerini beýan edipdir.

Syýasaty öwreniji Fikret Sadykow “Türkmenistan “Kepaz” ýatagyna dawa etmek bilen Baku bilen Tähranyň arasynyň ýaramazlaşmagyndan peýdalanmakçy bolýar” diýen pikiri öňe sürýär. Sadykow Baku bilen Aşgabadyň arasynyň bozulmagynda Kremliň eliniň bolmagyny hem aradan aýyrmaýar.

Syýasaty öwreniji Ilgar Mammedow bolsa, Türkmenistanyň dolandyryjy elitasynda, milli bähbitler bilen bir hatarda, Kremliň bähbitlerini yzarlaýan adamlaryň hem bardygyny öňe sürýär.

Syýasaty öwreniji Zarduşt Alizade “Vesti.az” habar gullugyna Hazar bilen bagly soňky wakalarda üýtgeşik gorkuly zat görmeýändigini, iki döwletiň ýolbaşçylary umumy dil tapyşar diýip pikir edýändigini, bu meselede uruş-gowga bolmajagyny aýdypdyr.

Türkmenistan 2001-nji we 2009-njy ýyllaryň tomsunda hem Azerbaýjany Hazar meselesi boýunça halkara suduna berjekdigini aýdypdy.

Şularlykda TDH prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlän sözleriniň, “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” ady bilen, azeri dilinde özbaşdak kitap edilip çykarylandygyny habar berdi.
XS
SM
MD
LG