Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan Türkmenistana protest bildirýär


Hazar (arhiwden)
Hazar (arhiwden)
Azerbaýjan Türkmenistana protest bildirýär. Muňa Türkmenistanyň “Kepez” (türkmen tarapy “Serdar” diýip atlandyrýar) ýangyç ýatagynda seýsmiki işleri alyp barmagy sebäp boldy diýlip, habar berilýär. Azeri tarapy, eger-de Türkmenistan bu işlerini togtatmasa, onda "degişli çäreleri" görjekdigini duýdurýar.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda aýdylmagyna görä, 2008-nji ýylda iki ýurduň prezidentleri Hazaryň suwasty çäkleri boýunça rezolýusiýa kabul edilýänçä, bu dawaly ýerde gözleg-burawlaýyş işlerini geçirmezlik barada ylalaşypdyrlar.

18-nji iýunda Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi Toýly Kömekow Azerbaýjanyň DIM-ne çagyrylyp, oňa protest notasy gowşuryldy. Daşary işler ministriniň orunbasary Halaf Halafow Türkmenistan tarapyna ylalaşygyň bozulmagy bilen bagly berk protest bildirdi diýlip, maglumatda aýdylýar.

Duşuşykda Türkmenistanyň “bikanun hereketleriniň kabul edilip bilinmejekdigi”, şeýle hem Azerbaýjan tarapynyň Hazar deňzinde özygtyýarlylygyny goramak üçin "degişli çäreleri görmäge" hukugynyň bardygy türkmen tarapyna ýetirildi diýlip, habar berilýär.

1991-nji ýylda SSSR-iň dargamagyndan bäri, hazarýaka döwletleri bolan Orsýet, Azerbaýjan, Gazagystan, Türkmenistan we Eýran Hazar deňziniň territorial bölünişigi boýunça ylalaşyk gazanyp bilmän gelýärler.
XS
SM
MD
LG