Beýlekileriň näme edýänligini-hä bilemok, ýöne men-ä her gezek gaýry döwletlerden öz Türkmenistanyma dolanyp gelenimde, dessine hemme zady deňeşdirip başlaýan. Deňeşdirip görmek endigim her ädimde diýen ýaly “men munda” diýip, zomparyp bir ýerlerden peýda bolýar-da, meni dürli hasaplamalara gark edýär.
Ynha, bu gezegem şeýle boldy. Beýleki talyplar ýaly, sanalgyja gyşky dynç alyş günlerim Türkmenbaşy säherinde ýaşaýan dostum toýa çagyransoň, men Aşgabatdan kenarýaka şaherine bardym.
Toýuň ertesi güni ulagda we pyýada Türkmenbaşy şäherini kemini goýman, köçeme-köçe aýlandym. Ýöne aýlanmasam gowy boljak ekeni. Sebäbi, şäheriň käbir köçelerinden ýöremeklik meniň üçin ýeňil atletika sportundaky päsgelçilikli aralyga ylgalýan ýaryşa meňzeş bir zat boldy. Türkmenbaşynyň köçeleri ýaly ýaramaz köçeleri, dogrymy aýtsam, men bolan ýerlerimiň hiç birinde-de görmedim.
Gözelligi bulaýan ýagdaý
Elbetde, käbir nukdaýnazardan, Türkmenistanyň beýleki şäherleri ýaly, Türkmenbaşy şäheri hem soňky ýyllarda tanar ýaly bolmandyr. Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky gurulan ymaratlar we desgalar diýermiň ya-da şäheriň görküne görk goşýan täze halkara aeroporty diýermiň, garaz, agyz dolduryp aýdara zatlar az däl.
Emma bu ýerdäki bar görki we gözelligi ýaramaz awtoýollar bulaşdyrýar. Bu hem göze dürtülip duran hakykat. Ýaramaz ýollaryň adamlara, ulaglara, umuman, jemgyýete we ýurduň ykdysadyýetine ýetirýan täsiri bimöçber bolmaly.
Esasy içiňi ýakýan ýeri ol ýollaryň gözgyny ýagdaýy hem däl-de, meniň pikirimçe, olara tehniki taýdan gözegçilik we hyzmat etmeli gulluklaryň iş başarmaýanlygy. Ähli mümkinçiligi bolan ol gulluklarda işleýän hünärmenler ýol gurmagyň, ýollary abat saklamagyň tilsimleri hakynda hiç zat bilmeýäne meňzeýärler.
Özüňiz oýlanyp görüň ahyry! Türkmenbaşy şäherinde iki sany kuwwatly asfalt öndürýän zawod işläp durka, ýol edaralary hem iň kämil, iň häzirkizaman tehnikalary bilen üpjün edilip durka ýollarymyz, beýleki ösen döwletleriňki ýaly, arassa, giň we ýokary hilli bolaýmalydyr öýdýäň.
Ýöne nämüçindir ähli şertlerdir mümkinçilikler döredilen ýagdaýynda-da, biziň awtomobil ýollarymyz, pyýadalar üçin niýetlenen ýodajyklarymyz beýleki ýurtlardakylardan we hatda goňşy Özbegistanda görenlerimizden hem erbet tarapy bilen tapawutlanýar.
“Baş bolmasa – göwre läş”
Türkmenistanyň köp pudaklarynda işine ökde hünärmenleriň ýoklugy göze dürtülip dur. Beýleki ýerlerde bolşy ýaly, Türkmenbaşy şäherinde-de ýollar ýygy-ýygydan abatlanyp durulýar. Emma edilýän işleriň hili asla göwnejaý däl.
Säheriň öňki “1-nji Maý” köçesiniň ugrunda-da geçmesi görgi bolan ýerler bar. Meselem, şol köçäniň “Jennet” dükanyna çenli uzaýan böleginde 60 kilometr tizlige rugsat edilen ulaglar sagatda zordan 30 kilometr tizlikde hereket edip bilýärler. Köne Döwlet awtomobil inspeksiýasynyň jaýynyň deňinden çaga hassahanasyna çenli bir kilometrlik aralykdaky ýoly awtosürüjiler gaty kynlyk bilen geçýärler.
Bu şäherde ýollardaky çukurlary sowan asfalt bilen doldurýarlar – wessalam iş tamam! Ýerli ýaşaýjylaryň aýdyşlaryna görä, ol çukurlara dökülen garyndyny, köplenç, depgiläp berkitjegem bolmaýarlar. Ýol gurluşygyndan spesialist bolmasamam, ýollaryň beýle “usul” bilen bejerilmeli däldigini anyk bilýän.
Şol bir wagtyň özünde, türkmen ýol gurluşykçylaryna görelde alara nusga we öwrenere mümkinçilik hem bar. Olara öňde baryjy iş tejribäni öwrenmek üçin uzaklardaky ösen ýurtlara gidip oturasy zerurlyk hem ýok.
Türkmenbaşy şäherinde Sankt-Peterburgdan gelen bir şirketiň işçileri ýakynda Awazadan mikroraýona çenli, ondanam Türkmenbaşy şäherine tarap 2 kilometrlik gara ýol gurdular. Olaryň işine at dakar ýaly däl. Bu gurulan ýol uzak wagtlap tozjaga ýa dargajaga meňzemeýär.
Emma Awazadan Türkmenbaşa çenli barýan şol ýoluň galan bölegini biziňkiler gurdular. Türkmen ýol gurluşykçylarynyň guran ýerinden başlap pyýada geçseň-ä, büdüräp ýykylmagyň mümkin, ulagda barýan bolsaňam, seni mazaly siltemegi mümkin.
Gadymkylarymyz “Ýol azaby – gör azaby” diýipdirler. Türkmenistandaky käbir häzirki ýollar, iň bolmanda, Türkmenbaşydaky käbir yollar göz öňünde tutulanda, ata-babalarymyzyň şol dana sözleri ýadyňa düşýär.
Kerim Artykow türkmenistanly garaşsyz synçynyň edebi lakamy. Bu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.