Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günäsi geçilenleriň indiki “günäsi” nämede?


Serdar: "Bize diňe Hudaýa bil baglaýmak we öz güýjümize daýanaýmak galýar".
Serdar: "Bize diňe Hudaýa bil baglaýmak we öz güýjümize daýanaýmak galýar".
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň permany bilen maý aýynda Konstitusiýa güni mynasybetli 1022 bendiniň günäsi gecilip, olar azatlyga goýberildi. Türkmen mediasynyň habarlaryndan cen tutsaň, prezident degişli ýolbaşçylara azat edilen şol bendileri iş bilen üpjün etmegi-de tabşyrypdyr.

Türkmenistanda resmi ýazylýan we aýdylýan zatlara seretseň, onda bendilikden boşap gelenler barada “uly aladalar” edilýärmiş. Ýöne, hakykat ýüzünde, türmelerden boşap gelenler hakynda ýazylýan-aýdylýanlar, hemişekisi ýaly, boş söz bolmagynda galýar.

Munuň şeýledigini öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründe bolup geçen günä geçişlikleriň mysalynda-da görüpdik, oňa häzirki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň yakynda yglan eden güna geçişliginde ýene bir gezek saýat bolduk.

Güna geçişlikde azat edilen käbir bendileriň sözlerinden çen tutulsa, hiç zat üýtgänok. Prezidentiň tabşyrygyna garamazdan, bendilikden boşap gelenlere ýerli häkimlerdenem, beýleki edara ýolbaşçylaryndanam kömek ýok.

Boşap gelenleriň “howandary”

Türmeden boşadylanlaryň kynçylyklary diňe munuň bilen hem çäklenmeýär. Özalky bar bolan praktikadan ugur alsak, il arasynda “uçastkowoý” diýlip tanalýan polisiýanyň ýerli wekili türmeden gelenleriň baş howandary bolmaly.

Emma günäsi geçileniň ýaşaýan etrabynda ýa obasynda kimdir-biri mal ogurlasa, adam öldürse ýa başga bir jenaýat etse, uçastkowoý, onuň bilen birlikde polisiýanyň jenaýat agtaryş bölüminiň işgärleri birinji nobatda türmeden boşap gelenleri silterleýärler. Olary polisiýa bölümine äkidip, haýbat atýärlar, urýarlar, köp halatlarda edilen jenaýatda olary esassyz aýyplaýarlar.

“Eger seniň bagtyňa hakykatdan ol jenaýaty eden dessine tapylaýsa, ne ýagşy, onda seni öýüňe göýberýärler. Jenaýatçy tapylmadyk ýagdaýynda, seni tä ol tapylýança günä astynda saklap, etmedik işiňi ‘etdim’ diýip boýun aldyrtjak bolup, her hili usullary ulanyp, jan edýärler” diýip, Baýramalydaky zähmet düzediş koloniýasynda 6 ýyl oturyp gelen aşgabatly öňki tussag Serdar gürrüň berýär.

Günäsi geçilenlere ýerli polisiýanyň bildirýän “howandarlygy” ýene bir zatda göze ilýar. Hepdede bir gezek her bir türmede oturyp gelen adam hökman polisiýanyň bölümine baryp, bellik etdirmeli. “Haýsydyr bir sebäp bilen ol belligi etdirmeseň, polisiýanyň ýerli wekili hayal etmän seniň habaryňy alýar” diýip, Serdar öz ýagdaýyny düşündirýär.

Arkadag hakyndaky çykyşlary diňlemeli

Serdar günä geçişlikde özi bilen bendilikden azat edilenleriň hemmesini Köpetdag etrabynyň häkimliginiň mejlisler jaýyna ýygnanlarynda, özleriniň “biz hakynda alada edilip, işe girmäge dagy kömek etjekler-ow” diýip, pikir edendiklerini, emma öz çaklamalarynyň çykmandygyny we çykjaga-da meňzemeýänligini aýdyar.

“Duşuşyga öňki bendilerden başga-da ýerli hukuk goraýjy organlaryň ketdeleri, edaradyr guramalaryň ýolbaşçylary, metbugat we beýleki habar serişdeleriň wekilleri-de gatnaşdylar. Emma gürrüň türmede oturyp gelenleri iş bilen üpjün etmek hakynda gitmedi. Münberden çykyş edenler ‘belent mertebeli’ Arkadagymyzy alkyşladylar, onuň rehimliligine, ynsanperwerligine, il we ýurt hakynda edýän atalyk aladalaryna salawat okamak bilen çäklendiler” diýip Serdar gürrüň berýär.

Serdaryň aýtmagyna görä, çykyşlardan soň, bendilikden boşap gelenler lapykeç ýagdaýda öýlerine dargaşypdyrlar. Mendäki bar maglumat boýunça, Arkadagy mahabatlap, onuň adyna alkyş okalan, türmelerden boşap gelenleriň geljekki ykbaly hakynda degerli gürrüň edilmedik şeýle ýygnaklar ýurduň ähli welaýat we etraplarynda bolup geçipdir. Bendiler baradaky “aladalar” hem sol yygnaklar bilen çäklenipdir.

Serdar özi ýaly türmeden boşap gelen bir oglan bilen iş gözläp, paýtagtyň onlarça edarasynyň gapysyny kakyp görüpdir. Emma hemme ýerde olar kanagatlanarsyz jogaplar bilen yzlaryna ugradylypdyr.

“Berim gökden ýol ýasar”

Türkmenistanda işsizlik bar. Bu barada resmi aýdylmasa-da, işsizlikden kösenýänleriň sanynyň juda köpdügi hiç kim üçin gizlin syr däl. Iň bärkisi bir edara garawul, ýükçi, tam ýa-da köçe süpüriji bolup işe girmekçi bolsaňam, azyndan 500 dollar para bermeli bolýandygy hem aýdylýar.

Serdar işe girmekde ýardam bermegini haýyş edip, özüniň ýaşaýan ýerindäki häkimlige-de baranlygyny, emma özünuň häkimlige asla salynmanlygyny aýdýar.

Onuň aýtmagyna görä, häkimligiň nobatçysy: “Seniň ýalylar köp, näme, häkimiň senden başga işi ýokdur öýdýäňmi? Bar, zähmet biržasyna, bu ýerde is ýok” diýip, ony ol ýerden kowupdyr.

Elbetde, bendilikden her hili adam boşap gelýär. Şolaryň arasynda öň maliýe-hojalyk işleri boýunça jenaýat jogapkärçiligine çekilen ýerli çinownikler-de bar. Şular ýaly adamlar türmeden gelenlerinden soňam, işsizlikden kän bir kösenmeýarler. Olar köne tanyş-bilişleriniň kömegine ýa-da öňden toplap goýan pullaryna daýanyp, ýene-de özleri üçin amatlyja we düşewüntlije ýerlere işe ýerleşýärler.

“Puluň ýa-da gowja tanşyň bolsa, mesele ýok, seniň öň sud bolanyňa-da kän bir seredip durýan ýok-how” diýip, aşgabatly öňki tussag Serdar aýdýar. “Boşap gelenleriň aglabasy özüm ýaly – ýokary bilimsiz, hünärsiz, orta bilimli adamlar. Şonuň üçin, biz ýalylara iş aňsatlyk bilen tapdyranok. Bize diňe Hudaýa bil baglaýmak we öz güýjümize daýanaýmak galýar” diýip, Serdar özara söhbetdeşlikde zeýrendi.

Kerim Artykow türkmenistanly garaşsyz synçynyň edebi lakamy. Bu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG