3-nji maý metbugat azatlygynyň halkara günüdir. Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “Azatlyk öýi” guramasy bu güne gabatlap, dünýä döwletlerinde metbugat azatlygynyň ýagdaýy barada hasabat ýaýratdy. Hasabatda metbugat azatlygynyň bogulýan ýurtlarynyň sanawynda Türkmenistana yzdan ikinji, Demirgazyk Koreýadan öňdäki 196-njy orun berildi.
Azatlyk Radiosyndan Nazar Hudaýberdi metbugat azatlygynyň güni mynasybetli türkmen türmelerinde oturan žurnalistler barada maglumat taýýarlady.
Boris Orazowiç Şyhmyradow: 1949-njy ýylda doglan, Türkmenistanyň öňki wise-premýeri, Türkmenistanyň öňki daşary işler ministri. Ol Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň žurnalistika fakultetini tamamlap, SSSR döwründe APN-niň (Metbugat täzelikleri agentliginiň) žurnalisti bolup işledi. Türkmenistan garaşsyz bolansoň, Saparmyrat Nyýazow tarapyndan ýurda çagyrylyp, DIM-niň orunbasary, soň ministr, ondan soň wise-premýer ýaly wezipelere bellenipdi. Ol Hytaýda Türkmenistanyň ilçisikä, wezipäni meýletin terk etdi. 2002-nji ýylyň 25-nji noýabr wakasyny gurnaýjylaryň biri hökmünde şol ýylyň dekabrynda ýigrimi bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.
Batyr Berdiýew: Ol 1960-njy ýylda dogulýar. Žurnalist, şahyr. “Komosmolets Turkmenistana” gazetiniň redaktory. 1992-94-nji ýyllarda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary, 1994-2000-nji ýyllarda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky, Slowakiýadaky we Çehiýadaky ilçisi, 2000-2001-nji ýyllarda Türkmenistanyň daşary işler ministri bolup işledi. Batyr Berdiýewe 2002-nji ýylyň 25-nji noýabr wakasy bilen bagly uzak wagtlyk türme tussaglygy berildi.
Serdar Rahymow: Ol 1951-nji ýylda dogulýar. Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň žurnalistika fakultetini tamamlady. Çärjew oblastynyň ors dilinde çykýan “Çardžouskaýa prawda” gazetiniň redaktory, 1984-1989-njy ýyllarda Türkmenistanyň Teleradiogepleşikler baradaky döwlet komitetiniň başlygy, 1990-1991-nji ýyllarda Türkmenistan kompartiýasynyň Merkezi Komiteitiniň ideologiýa boýunça sekretary, 1993-1994-nji ýyllarda Türkmenistanyň Pakistandaky maslahatçy ilçisi bolup işledi. 2002-nji ýylda Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşyk diýilýän waka bilen bagly tussag edilip, ol 25 ýyl azatlykdan mahrum edildi.
Öwezmyrat Ýazmyradow: 1946-njy ýylda doglan, Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetini 1971-nji ýylda tamamlap, Aşgabat raýon, Aşgabat oblast “Oktýabr ýalkymy” gazetlerinde ýigrimi ýyl işledi. SSSR Žurnalistler birleşiginiň agzasy. Ondan soň Aman Kekilow adyndaky Aşgabat pedagogik uçilişesinde pedagogikadan sapak berdi. 2002-nji ýylyň noýabr wakasy bilen bagly uzak wagtlyk türme tussaglygy jezasyny çekýär.
Hudaýberdi Gurbandurdyýew: 1960-njy ýylda Aşgabatda dogulýar. 1982-nji ýylda Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetini gutarýar. Žurnalist. Içeri işler ministrliginiň metbugat gullugynyň müdiri, “Adalat” gazetiniň redaktory, türkmen telewideniýesinde “Adalat” gepleşigini alyp baryjy bolup işledi. Nyýazowyň gözünden düşüp, 2005-nji ýylda gümürtik aýyplama bilen türmä salyndy. Soňra onuň sürgün edilendigi habar berilýär.
Annagurban Amangylyjow we Sapardurdy Hajyýew: Olar Türkmenistanda adam hukuklarynyň bozulyşy baradaky informasiýalary ýygnap, olary fransuz habar serişdesine berendigi üçin türkmen häkimiýetleri tarapyndan ýykgynçylykly işlerde aýyplanyp, 2006-njy ýylda ýedi ýyl azatlykdan mahrum edildi.
Bu sanalan žurnalistler barada resmi häkimiýetler tarapyndan hiç hili maglumat berilmeýär.