Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Okuw kitaplary Nyýazowdan saplanýar


Turkmenistan -- School textbooks with former president Saparmurad Niyazov's picture
Turkmenistan -- School textbooks with former president Saparmurad Niyazov's picture
Okuw ýylynyň tamamlanmagyna 25 gün galanda, ýurduň orta mekdeplerinde öňki okuw kitaplaryny täzeleri bilen çalşyp başladylar.

Başky sahypada öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň suraty, ondan soň şol wagtky Döwlet gimni, tegelek nusgadaky Döwlet gerbi, kitaplaryň içinde Nyýazow tarapyndan girizilen senenama, aýlaryň, hepdäniň günleriniň atlary, müçenama ýerleşdirilien okuw kitaplarynyň ählisi bu gün ýygnalyp alynýar. Onuň deregine häzirki prezidentiň suratlary ýerleşdirilen kitaplar paýlanýar.

“Olaryň mazmuny-da beýik galkynyşlar zamanasynyň bagtyýarlyk döwrüniň ideologik ülňülerinden ugur alýar” diýip, özüni Gurbanbaý Saparow diýip tanadan, Lebabyň orta mekdepleriniň biriniň müdiri Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Türkmen dili we edebiýaty mugallymy Jumadurdy aga kitap çalşygynyň okuw ýylynyň tamamlanmagynyň öň ýanynda geçirilmegini gaty bir oňlap barmaýandygyny aýtsa-da, umuman, ony goldaýar. Bu işiň dört-bäş ýyl gijikdirilip geçirilendigini bellän dil we edebiýat mugallymy öz sözüni anyk mysallar bilen delillendirmäge geçdi.

Nyýazowyň suratlarynyň deregine häzirki prezidentiň suratlary ýerleşdirilen okuw kitaplary
Nyýazowyň suratlarynyň deregine häzirki prezidentiň suratlary ýerleşdirilen okuw kitaplary
“Türkmen dili, edebiýat, taryh we beýleki gumanitar derslerden okuw kitaplary Nyýazowyň “ýazdy” diýilýän goşgudyr kyssalaryndan alnan böleklerden, onuň özüniň, ata-enesiniň ömür ýoly baradaky makalalardan, serdary wasp edýän tekstlerden hyryn-dykyndy” diýip, Jumadurdy aga ýatlaýar. “Onuň girizen we ýene öňküsi ýaly ulanylyp başlanan aý we hepde atlary, müçenama okuwçylaryň aňyny bulaşdyrýardy. Gijrägem bolsa ol kitaplardan dynylany gowy”.

Soňra öz sözüni dowam edip, dil we edebiýat mugallymy täze okuw kitaplarynyň-da köne ülňüde ýazylandygyny, diňe iki sany şahsyýetiň adynyň çalşandygyny ünji bilen belledi: “Ýöne häzirki täze gelip gowşan kitaplaryň mazmunynyň-da, döwrüň syýasatyna lükgeligi bilen boýun egdirilmegi lapyňy keç edýär. Dogry, okuw prosesini, ylaýta-da gumanitar dersleri syýasatdan üzňeleşdirip bolanok. Ýöne herki zadyň çeni-çaky ýagşy”.

Dünýä klassyklary hasapdan öçürilýär

Mekdep kitaphanaçysy Gurbangül bolsa okuw kitaplary bilen birlikde sowet döwründäki türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň käbir kitaplarynyň, şeýle-de Soýuz döwründe “Mekdep kitaphanasy” toplumynda rus dilinde neşir edilen dünýä we rus klassyklarynyň eserleriniň-de hasapdan öçürilýändigini aýtdy.

“Kiril elipbisinde çap edilendigi we fiziki taýdan könelişendigi bahanalanyp, B.Kerbabaýew, B.Seýtäkow, T.Jumageldiýew ýaly türkmen ýazyjylarynyň, W.Maýakowskiý, M.Gorkiý, A.Çehow, S.Ýesenin, A.Blok ýaly rus klassyklarynyň kitaplary-da hasapdan öçürildi we ýygnalyp alyndy” diýip, Gurbangül aýtdy. “Mekdeplerde rus dili dersi okadylýar. Okuwçylaryň arasynda kiril harpyndaky türkmen kitaplaryny, rus dilindäki eserleri okap bilýänleri az däl”.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan mekdep mugallymlary öňki okuw kitaplarynyň täzeleri bilen çalşyrylmagyny nyýazowçylyk ideologiýadan el çekilmegine tarap ädilen ýene bir möhüm ädim hökmünde häsiýetlendirýärler. Olar täze 2012/13-nji okuw ýylyndan “Ruhnamanyň” ders hökmünde okuw meýilnamasyndan aýrylaryna garaşýarlar. Ýöne mugallymlarda “Nyýazowyň “Ruhnamasynyň” ýerine başga bir kitap giriziläýmese ýagşydyr” diýen ünji-de ýok däl.
XS
SM
MD
LG