Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

TOPH: Proýekt baradaky umytlar we päsgelçilikler


"Uzynlygy 1700 kilometrden gowrak, gurluşyk bahasy 7.6 milliard dollar töweregi boljak bu turba Türkmenistandan ýylda 33 milliard kubometr gazy Pakistana we Hindistana akdyrmaga mümkinçilik berer".
"Uzynlygy 1700 kilometrden gowrak, gurluşyk bahasy 7.6 milliard dollar töweregi boljak bu turba Türkmenistandan ýylda 33 milliard kubometr gazy Pakistana we Hindistana akdyrmaga mümkinçilik berer".
Penşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Pakistanyň daşary işler ministri Hina Rabbani Khar bilen Aşgabatda gepleşik geçirdi.

Gepleşiklerde we maslahatlarda, esasan, “Transowgan” gaz proýketiniň geljegi üns merkezinde boldy.

Böwetler we çözgütler

Türkmen gazyny Pakistanyň we Hindistanyň bazarlaryna çykarmak boýunça gepleşikler “Transowgan” proýketine gyzyklanma bildirýän döwletleriň arasynda 20 ýyla golaý wagt bäri alnyp barylýar. Proýektiň durmuşa geçirilip başlanmagyna päsgel bolýan esasy kynçylyklardan birem Owganystandaky howpsuzlyk problemasydyr.

Şu günki gün proýektiň durmuşa geçirilmegi üçin 2010-njy ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň liderleriniň arasynda gol çekilen ylalaşyk esasy dokument bolup durýar. Şol bir wagtda-da, turbanyň gurluşygynyň maliýe üpjünçiligine we guramaçylygyna degişli meseleler entek maslahat edilýär. Proýekt ABŞ tarapyndan goldanylýar, Orsýet hem oňa gyzyklanma bildirýär.

Gazyň bahasy we tranzit üçin tölegleriň möçberi hem proýektiň durmuşa geçirilmegi bilen bagly esasy meseleleriň biridir.

Tranzit tölegleriniň bahasy bilen bagly mesele soňky günlerde Pakistanyň, Hindistanyň we Owganystanyň arasynda gapma-garşylyk döredipdi. Pakistanyň we Owganystanyň habar serişdelerine görä, Owganystan öz üstünden akdyryljak gazyň her million kubometri üçin özüne 54 sentden tölenmegini talap edipdir, turbanyň soňky nokady bolan Hindistan bolsa gazyň bu agzalan möçberi üçin 47 sentden artyk tölemejegini duýdurypdyr.

Taraplaryň arasynda 19-njy aprelde dowam eden iki günlük gepleşikleriň netijesinde taraplaryň tranzit üçin 50 sent diýen baha bilen ylalaşanlygy habar berildi.

“Media Mention” neşiri gazyň tranzit nyrhy barada bu üç ýurduň ylalaşmaklarynyň Pakistan bilen Türkmenistanyň gaz söwdasy barada ylalaşyga gol çekmegine ýol açýandygyny belledi.

Nähili umytlar bar?

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçirijisi boýunça proýektiň durmuşa geçirilmegine degişli gutarnykly karara Aşgabatda maý aýynda boljak gepleşiklerde gelinmegine garaşylýar.

Owganystanyň söwda we senagat ministriniň metbugat wekili Wahydulla Gazyhyl Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz proýekti boýunça gepleşikleriň maý aýynda dowam etdiriljegini we Aşgabatdaky maslahata Owganystan tarapyndan degişli ministrlikleriň gatnaşjagyny aýtdy.

Umumy uzynlygy 1700 kilometrden gowrak, gurluşyk bahasy 7.6 milliard dollar töweregi boljak bu turba Türkmenistandan ýylda 33 milliard kubometr gazy Pakistana we Hindistana akdyrmaga mümkinçilik berer. Habar berlişine görä, gazyň tranziti Owganystana ýylda azyndan 400 million dollar girdeji getirer.

Owganystanyň hökümeti “Transowgan” gazgeçirijisiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge özüniň ukyplydygyny aýdýar. Habar berilişine görä, häzirki wagtda Owganystanyň durnuklylygyny üpjün etmäge ýardam berýän halkara güýçler 2014-nji ýylda Owganystany terk ederler. Mundan soň ýurtda amala aşyrylýan islendik halkara proýektiniň howpsuzlygy dolulygyna owgan hökümetiniň garamagynda bolar.
XS
SM
MD
LG