Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Sehil” Türkmenistany suda berdi, “Delta” taýýarlyk görýär


Aşgabat, 2010-njy ýyl.
Aşgabat, 2010-njy ýyl.
Türkiýäniň "Sehil Inşaat Endustri we Tijaret Ltd.Sti" gurluşyk kompaniýasy 23-nji martda, Türkmenistanyň üstünden şikaýat edip, sermaýa dawalaryny çözýän halkara merkezine ýüz tutdy. Bu kompaniýa türkiýeli biznesmen Muhammet Çap ýolbaşçylyk edýär. Indi Türkiýäniň “Delta” gurluşyk we söwda kompaniýasy hem türkmen hökümetini suda bermegi göz öňünde tutýar. Bu barada kompaniýanyň başlygy Şükrü Kalkan Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy. Onuň bilen Guwanç Gere söhbetdeş boldy.

Ş.Kalkan: Biz türkmen hökümetini halkara suduna bermäge taýýarlyk gördük. Mundan öň biz geçen 6 aýyň içinde türkmen hökümetine we ministrliklerine üç gezek nota ýolladyk. Şol notalarda şeýle problemalaryň bardygyny aýdyp, olary çözmeklerini soradyk. Emma henize çenli hiç hili jogap almadyk. Biz beýleki kompaniýalar bilen birlikde türkmen hökümetini halkara suduna bermegi planlaşdyrýarys.

Azatlyk Radiosy: Näme üçin türkmen hökümetini halkara suduna bermekçi?

Ş.Kalkan: Men Ahmet Çalyk bilen birlikde 1992-njy ýyldan bäri Türkmenistanda işledim. Biz 2002-nji ýylda “Delta” kompaniýasyny gurduk hem gurluşyk işlerini amala aşyrdyk. Öňki prezidentiň döwründe gurluşyk işlerimiz gowudy we öz obýektlerimizi wagtynda tabşyrypdyk. Emma täze prezidentiň häkimiýet başyna geçmegi bilen biziň işlerimiz üçin töleglerde gijikdirmeler boldy. Eger tölegler wagtynda tölenmese, onda iş kadaly gitmeýär.

Men 2009-njy ýylda Demir ýol, Dokma senagaty ministrlikleri we Aşgabat şäher häkimligi bilen işleşdim. Biz olardan alan gurluşyk işlerimiziň ählisini tabşyrdyk. Emma şol işler üçin töleglerimiz barha köpelip ugrady. Öz işçilerimize aýlyk töläp bilmedik. Türkiýede we Türkmenistanda bergä batyp başladyk. Soňra Türkiýedäki zatlarymyzy satyp, bergilerimizi üzmäge başladyk. Men Türkmenistanda ýaşadym we onuň çöregini iýdim. Meniň Türkmenistan we türkmen halky bilen hiç hili problemam ýok. Meniň pikirimçe, täze ministrleriň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň hersi özbaşyna başlyk boldular.

Azatlyk Radiosy: Siz Türkmenistanda nähili gurluşyklary amala aşyrdyňyz?

Ş.Kalkan: Biz 1992-nji ýylda Ahmet Çalyk bilen birlikde Gypjakda jinsi fabrigini, Kakada ýüplük fabrigini, Aşgabatdaky aeroporta gidýän ýoluň ugrundaky “Gurbansoltan eje” adyndaky mekdebi gurduk. Şonuň ýaly-da biz Türkmenabatdaky demir ýol wokzalynyň durkuny täzeledik we Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda iki zawod gurduk.

Azatlyk Radiosy: Türkmen hökümetiniň size näçe bergisi bar?

Ş.Kalkan: Biz Türkmenistanda 200 million çemesi dollarlyk gurluşyk işlerini etdik, ýöne öňki işlerimiz üçin pulumyzy aldyk. Biziň 2006-njy ýylyň ahyrlaryndan häzire çenli alyp bilmedik pulumyzyň möçberi 15 million amerikan dollary töweregi boldy. Şonuň ýaly-da, hiç bir suduň karary bolmazdan, türkmen hökümeti bize jerime salyp başlady. Onsoň meni 18 aýlap Türkmenistandan çykarmadylar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistandan haçan çykdyňyz?

Ş.Kalkan: Men ähli gurluşyklarymy tabşyrdym we algylarym hem dursun, yzyma geljek diýip, Türkmenistandan çykyp bildim. Men 2009-njy ýylyň martyndan 2010-njy ýylyň iýulyna çenli Türkmenistandan çykyp bilmedim. Men öz maşgalamy görüp bilmedim we Türkieýdäki bank işlerimi edip bilmedim. Köp problema döredi.

Azatlyk Radiosy: Siz şu töleg problemalary barada türkmen hökümeti bilen açyk gepleşik geçirdiňizmi?

Ş.Kalkan: Şeýle ýagdaýa düşen 20-21 sany türk kompaniýasy bar. Biz şol kompaniýalar bilen birlikde hereket etdik. Biz öz aramyzdan üç adamy saýlap, 2011-nji ýylyň awgustynda Türkmenistana gepleşikler geçirmäge ýolladyk. Olar 2-3 gezek Türkmenistana gitseler-de, hiç bir problema çözülmedi.

Azatlyk Radiosy: Eýse, olar kimler bilen gepleşik geçirdiler?

Ş.Kalkan: Olar Türkiýäniň ykdysadyýet ministri Zafer Çaglaýan bilen birlikde Türkmenistana gitdiler. Türkmen hökümeti hem bu problemany çözmegi teklip edipdir. Olar Türkmenistanyň premýer-ministriniň orunbasary Baýmyrat Hojamuhammedow bilen duşuşdylar. Ol ministrleriň ählisini çagyryp, bar bolan problemalary çözmegi, dokumentlere täzeden garamagy tabşyrypdyr. Biziňkilerem “bolar” diýdiler. Emma ministrler “o dokument gerek, bu dokument gerek, şolar bolmasa, biz hiç zat edip biljek däl” diýipdirler. Soňra biziňkilerem yzyna geldiler. Ähli kompaniýalar Türkmenistan bilen sudsuz ylalaşmak isleýärler. Biz Türkmenistanyň Ankaradaky ilçisi bilenem gepleşdik. Şonuň üsti bilenem habar ýetirdik. Emma şu wagta çenli hiç bir jogap gelmedi.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, töleg problemalarynyň ýüze çykmagynyň sebäpleri nämede?

Ş.Kalkan: Men hiç bir bahana görmeýärin. Käbir kompaniýalaryň pullaryny tölediler, käbir kompaniýalaryň pullaryny bolsa tölemediler. Garaz,düşüner ýaly bolmady.

Biz bu problemanyň Türkmenistan tarapyndan çözüljekdigine ynanmaýandygymyz sebäpli, halkara suduna ýüz tutmak üçin, ýuristlere ynanç hatyny berdik. Olar eýýäm işläp başladylar. Emma biz öz aklawçylarymyza, ýuridik edaralara, eger Türkmenistan töleg problemalary boýunça gepleşik geçirmek islese, ony geçirmegi soradyk.
XS
SM
MD
LG