Premýer-ministr Wladimir Putin, sesleriň 63,75 prosentini almak bilen, Orsýetiň prezident saýlawlarynyň resmi ýeňijisi boldy diýlip yglan edildi.
Merkezi Saýlaw komissiýasynyň başlygy Wladimir Çurow Moskwada duşenbe güni irden bolan metbugat ýygnagynda, sesleriň 90 prosentden gowragy sanalansoň, netijäni yglan edip, şeýle diýdi:
—Deslapky netijelere görä, Wladimir Putin saýlawçylaryň 45 million 109 müňden gowragynyň sesini aldy, bu ses bermäge gelenleriň 63,75 prosenti bolýar.
Çurow ýekşenbe güni bolan saýlawa 110 million saýlawçynyň 65,3 prosentiniň gatnaşandygyny aýtdy.
Putin saýlawlarda ýeňendigini resmi netijeler yglan edilmezinden has öň, ýekşenbe güni agşam aýtdy.
Ol Moskwanyň Manež meýdançasynda 100 müň çemesi tarapdarynyň öňünde çykyp gürläp, özüniň “arassa ýeňiş” gazanandygyny aýtdy:
—Biz açyk we dogruçyl göreşde ýeňiş gazandyk. Ýöne bu diňe Orsýetiň prezidentiniň saýlawy bolmady. Bu biziň hemmämiz üçin, bütin halkymyz üçin örän möhüm synag boldy.
Merkezi saýlaw komissiýasy Kommunistler partiýasynyň lideri Zýuganowyň 17 prosent gowrak, Mihail Prohorowyň 7,82, Wladimir Žirinowskiniň 6,23, Sergeý Mironowyň bolsa, 3,85 proset ses alandyklaryny aýtdy.
Muňa garamazdan, Moskwadaky netijeler Putiniň diňe 47 prosent gowrak ses alandygyny, Prohorowyň 20 prosent, Zýuganowyň bolsa 19 prosent ses alandygyny görkezýär.
Kommunistleriň lideri Zýuganow žurnalistlere saýlawyň kanuny bolmandygyny aýtdy:
—Biz bu saýlawy ykrar etmeýäris. Biz muny bikanun, adalatsyz we açyk bolmadyk saýlaw hasaplaýarys.
Sowet Soýuzynyň öňki prezidenti Mihail Gorbaçýow yglan edilen netijeleriň “jemgyýetiň hakyky meýlini” beýan edip-etmänligi meselesinde “çynlakaý şübhäniň” bardygyny aýtdy.
Garaşsyz synçylar saýlaw prosesinde müňlerçe düzgün bozmanyň habar berlendigini, ses gutularynyň dykalanyp doldurylan halatlarynyň we şol bir adamlaryň birnäçe saýlaw uçastogynda gaýta-gaýta ses berşiniň bellige alnandygyny aýdýarlar.
Liberal “Ýabloko” partiýasynyň lideri Sergeý Mitrohin “Interfaks” habar gullugyna düzgün bozmalar gaty köp bolansoň, “bu saýlawy kanuny diýip tassyklamagyň kyn boljagyny” aýtdy.
Ozalky premýer-ministr, oppozisiýa lideri Mihail Kasýanow bolsa, özleriniň Putini kanuny prezident diýip ykrar etmejeklerini aýtdy:
—Biz bu prezidenti kanuny prezident, ähli orsýetlileriň prezidenti diýip ykrar etmeris. Ähli syýasy garaýyşlara we Orsýetiň halkyna wekilçilik etmänsoň, biz Dumany hem ykrar etmedik.
Kasýanow bu saýlawdan soň hem, 2011-nji ýyldaky parlament saýlawlaryndan soň bolşy ýaly, köpçülikleýin köçe protestleriniň boljagyny çaklady we özleriniň ýurtda bolýan zatlara garşy täze protest tapgyryna başlajaklaryny hem irki saýlawlaryň geçirilmegini talap etmekçidiklerini aýtdy.
Polat tütjary Prohorow žurnalistlere hökümetden hiç bir wezipe almajagyny we özüniň syýasy partiýasyny döretmegi niýet edinýändigini aýtdy:
—Netijäniň nähilidigine garamazdan, biz ýeňdik diýip pikir edýäris. Sebäbi bu saýlawdan soň iň aktiw, oýlanýan we alada edýän adamlar täze syýasy güýji döretmäge başlarlar.