Siriýanyň oppozision aktiwistleri şu hepdäniň sişenbe gününden bäri Homs we Idlib prowinsiýalarynda hökümet güýçleriniň amala aşyran hüjümlerinde 100-den gowrak adamyň ölendigini aýdýarlar. Homs prowinsiýasynda öldürilen şol adamlaryň arasynda günbatarly iki sany žurnalist hem bar.
Siriýaly aktiwistler Britaniýanyň “Sunday Times” gazetinde işleýän amerikan žurnalisti Marie Kolwin bilen fransiýaly foto-žurnalist Remi Oçlikiň çarşenbe güni irden Homs prowinsiýasynyň Baba Emr raýonynda Siriýanyň harby güýçleriniň amala aşyran artilleriýa hüjüminde ölendiklerini aýdýarlar.
Maglumata görä, bu artilleriýa hüjümi amala aşyrylan wagty bu iki žurnalist şol ýaşaýyş raýonyndaky wagtlaýyn media merkezinde ýerleşýän ekenler.
Gözli şaýatlardan biriniň “Roýter” habar agentligine aýtmagyna görä, amerikan žurnalisti Marie Kolwin bilen fransiýaly foto-žurnalist Remi Oçlikiň ýerleşýän jaýyna artilleriýa oky degende, olar jaýdan çykyp gaçmaga synanyşypdyrlar, ýöne soňraky atylan raketa oklary olaryň ölümine sebäp bolupdyr. Bu wakada ýene üç sany günbatarly žurnalistiň ýaralanandygy habar berilýär.
“Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika regiony boýunça bölüm müdiri Soazig Dollet bu žurnalistleriň ölendikleri barada özlerine-de maglumatyň gelip gowşandygyny, ýöne olaryň ýörite nyşana alnandyklaryny ýa alynmandyklarynyň heniz belli däldigini aýtdy: “Biz bu hüjümde olaryň ýerleşýän jaýynyň ýörite nyşana alnandygyny ýa alynmandygyny bilemzok. Biz häzir bu wakany derňeýäris” diýip, Dollet belledi.
7,600 ölüm
Siriýadaky ynsan hukuklary boýunça düýbi Britaniýada ýerleşýän gözegçi topar çarşenbe güni geçen ýylyň martyndan bäri Siriýada dowam edýän protest çykyşlarynyň barşynda 7 müň 600-den gowrak adamyň ölendigini aýtdy.
Bu toparyň maglumatyna görä, şol ölenlerden 5 müň 500-den gowragy adaty parahat ýaşaýjylar, 400-si ýaragly söweşijiler we 1 müň 700 töweregem harbylar we polisiýa işgärleri.
Siriýadaky ynsan hukuklary boýunça bu topar şu hepdäniň sişenbe gününden bäri Türkiýe bilen serhet ýakada, “Azat Siriýa Armiýasy” diýlip atlandyrylýan ýaragly güýçleriň ýerleşýän ýerleri diýlip hasaplanylýan nokatlara garşy hökümet güýçleriniň geçirýän hüjümlerinde azyndan 44 adamyň ölendigini habar berýär.
Bu toparyň tassyklamagyna görä, şol öldürilenlerin arasynda Idlib prowinsiýasynyň obalarynda ýaşaýan 27 sany ýaş oglan hem bar. Maglumatda bu oglanlaryň adaty parahat ýaşaýjylardygy aýdylýar. Ynsan hukuklaryny goraýjy bu topar bu gürrüňi edilýän oglanlaryň Idita, Iblin we Balşon obalarynda prezident Başar al-Assada ygrarly esgerler we ýörite güýçler tarapyndan kellelerine hem-de döşlerine atylyp öldürilendiklerini aýdýar.
Sişenbe güni agşamlyk hökümet güýçleriniň Homs prowinsiýasynyň merkezini güýçli oka tutandyklary we bu oka tutuşlyklarda azyndan 56 adamyň ölendigi habar berilýär.
Siriýadaky käbir daşary ýurt žurnalistleri-de Homs prowinsiýasynyň merkezi bolan Homs şäherinde oppozisiýanyň has jemlenen raýonlary diýlip hasaplanylýan ýerlere garşy hökümet güýçleriniň hüjümleriniň has-da güýçlenendigini tassykladylar.
Siriýanyň režimine Moskwanyň berýän goldawlary barada arap ýurtlarynda güýçlenýän tankytlaryň fonunda, şu hepdäniň çarşenbe güni Orsýetiň resmileri häzirki wagt Siriýa gumanitar kömekleriň howpsuz ýagdaýda eltilmegi üçin bu ýurduň häkimiýetleri, oppozision güýçleri we regionyň hökümetleri bilen bile iş alyp barýandygyny mälim etdi.