Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG: ABŞ-nyň missiýasy Türkmenistany reformalara çagyrdy


Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy Türkmenistandaky saýlawlara syn etmedi.
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy Türkmenistandaky saýlawlara syn etmedi.
Ýakynda Birleşen Ştatlaryň ÝHHG-däki missiýasy Türkmenistandaky saýlawlar bilen baglanyşykly ýörite beýanat ýaýratdy.

16-njy fewralda ýaýradylan beýanatda “ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky ofisiniň öz gözegçilik missiýasyny Türkmenistandaky bu saýlawlara ugradyp bilmegi üçin talabalaýyk şertleriň bolmandygy bizi gynandyrýar” diýlip bellenipdir.

Mundan daşary, bu beýanatda Türkmenistandaky bu saýlawlar barada halkara gözegçileriniň maglumatlaryna esaslanýan konstruktiw hasabatyň ýoklugyna-da Birleşen Ştatlaryň örän gynanýandygy aýdylýar.

Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasynyň jemgyýetçilik gatnaşyklary boýunça wekili Uilýam Stiwens hem Türkmenistanda prezidentlik saýlawlarynyň erkin we adalatly geçmegi üçin hakykatdanam talabalaýyk şertleriň bolmandygyny belläp, şeýle diýdi:

—ÝHHG-niň hem belleýşi ýaly, saýlawlardan öň bar bolan şertler, şol sanda, raýatlaryň iň bir esasy azatlyklarynyň çäklendirilmegi, şeýle hem saýlamak üçin syýasy alternatiwanyň çäkli bolmagy ýaly ýagdaýlar Türkmenistanda hakyky azat we adalatly saýlawlaryň geçirilmegine mümkinçilik bermedi.

Döredilen şertler

Emma Stiwens Türkmenistanda 12-nji fewralda geçirilen bu prezidentlik saýlawlaryna Birleşen Ştatlardanam, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyndanam gözegçileriň barmandygyny aýdyp, bu saýlaw prosesiniň nähili geçendigine baha bermekligiň kyndygyny belledi:

—Saýlawlaryň netijesine baha bermeklik biz üçin kyn, sebäbi bu saýlawlara biz tarapdanam, ÝHHG tarapyndanam gözegçilik edilmedi. Şoňa görä-de, biz saýlawlaryň özi barada pikir aýdamzok-da, saýlawlaryň geçirilmegi üçin döredilen şertler barada ÝHHG-niň öňe süren garaýyşlary esasynda öz pikirimizi aýdýarys. Ol pikir bolsa, Türkmenistandaky häzirki bar bolan şertlerde saýlawlaryň azat we adalatly bolup bilmejekdigi baradaky pikir.

Köpsanly beýleki synçylar hem Türkmenistanda geçirilen prezidentlik saýlawlaryna oppozision guramalardan ýa-da graždan jemgyýetine degişli toparlardan garaşsyz aktiwistleriň gatnaşdyrylmandygyny aýdyp, bu saýlawlary hakyky bäsleşiksiz geçen saýlawlar hökmünde häsiýetlendirdiler.

Mundan daşary, bu saýlawlarda Türkmenistanyň bäş welaýatynyň bäşisinde-de ses bermäge hukukly ilatyň 96 prosentiniň gatnaşandygy, Gurbanguly Berdimuhamedowyň bolsa 97 prosentden hem gowrak ses alandygy barada berlen resmi maglumatlar bu saýlawlaryň ýörite gurnalan senariýa boýunça geçirilendigi baradaky garaýyşlary-da artdyrdy.

Birleşen Ştatlaryň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyndaky ýörite missiýasy bu saýlawlar bilen bagly ýaýradan beýanatynda Türkmenistanyň hökümetini özüniň plýuralistik jemgyýeti döretmek barada söz arkaly edýän beýanatyny hakyky bäsleşikleri döredip biljek reformalary amala aşyrmak arkaly berkitmeklige çagyrdy.

ABŞ-nyň missiýasy şeýle reformalaryň amala aşyrylmagynda Birleşen Ştatlaryň Türkmenistanyň hökümetine ýardam bermäge-de taýýardygyny nygtaýar.
XS
SM
MD
LG