Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew duşenbe güni syýasy partiýalary hasaba almagyň düzgünlerini ýeňilleşdirmek we beýleki syýasy reformalar barada maslahatlaşmak üçin oppozisiýa liderleri bilen duşuşdy.
Medwedew hasaba alynmakdan boýun gaçyrylan partiýalaryň wekilleri, şol sanda dekabrdaky parlament saýlawlarynda ýol berildi diýilýän bidüzgünçiliklere garşy köpçülikleýin demonstrasiýalary gurnamaga kömek eden adamlar bilen duşuşdy.
On müňlerçe adamy köçelere çykaran protestler premýer-ministr Wladimir Putiniň 4-nji martda gaýtadan prezident bolmak barada edýän tagallalaryna hem şübhe döretdi.
Putin bilen Medwedew, görnüşinden protestçileri köşeşdirmek niýeti bilen, has köp syýasy bäsleşige ýol açmak üçin käbir reformalary teklip etdi.
Duşenbe güni bolan duşuşyk Kremliň dekabrda başlan protestlerden bäri oppozisiýa bilen geçiren ilkinji ýokary derejeli göni gepleşigi diýlip bilinýär.
Prezidentiň Moskwanyň daşyndaky Gorkidäki jaýynda bolan duşuşyga gatnaşan oppozisiýa liderleriniň arasynda weteran liberal we premýer-ministriň orunbasary bolup işlän Boris Nemsow, liberal syýasatçy Wladimir Ryžkow, çep ganat lideri Sergeý Udaltsow we Kremliň beýleki tankytçylary bar.
“Ideallykdan daş bolan” syýasy sistema
Medwedew duşuşygyň başynda özüniň “ideallykdan daş bolan” syýasy sistema barada maslahat etmek isländigini aýtdy:
—Biziň syýasy sistemamyz ideallykdan daş we şu ýerdäki adamlaryň köpüsi ony tankyt edýär we käte gaty berk tankytlaýar. Şol bir wagtda ony çalyşmak üçin umumy kabul edilen garaýşa daýanylsa gowy bolardy. Meniň pikirimçe, muny amala aşyrmagyň wagty gelip ýetdi.
Orsýetiň metbugat habarlarynda oppozisiýa liderleriniň Medwedewe protestçileriň talaplaryna esaslanýan syýasy özgerişliklere çagyrýan rezolýusiýany gowşurandyklary aýdylýar.
Interfaks habar gullugynyň ýazmagyna görä, bu tekst prezident tarapyndan teklip edilýän we Döwlet Dumasyna tabşyrylan reforma taslamalarynyň syýasy durmuşyň hakyky demokratlaşdyrylmagyny kepillendirmeýändigini we onuň propaganda ýokundyly imitasiýadygyny aýdýar.
Nemsow duşuşykdan öň özleriniň oppozisiýa tarapyndan syýasy tussag diýlip atlandyrylýanlaryň boşadylmagy we prezidentiň üç möhlet prezident bolmagynyň öňüni alýan konstitusiýa düzedişi üçin Medwedewe basyş etjeklerini aýtdy.
Martda boljak saýlawlarda prezident bolmagyna garaşylýan Putin protest liderleri bilen duşuşmak planynyň ýokdugyny aýtdy.
Dalaşgär Putin
Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki pikir soraşlygy Putiniň 4-nji martda boljak saýlawlaryň birinji tapgyrynda saýlawçylaryň 58,6 prosentini aljagyny görkezýär.
Orsýetiň jemgyýetçilik pikirlerini öwrenýän VTsIOM ylmy-barlag merkeziniň baş direktory Waleriý Fýodorow duşenbe güni Moskwada bolan metbugat ýygnagynda bu netijeleri yglan edip, şeýle diýdi:
—Wladimir Putin saýlawda 58,6 prosent ses bilen ýeňiş gazanar. Gennadiý Zýuganow 14,8 prosent ses alyp, ikinji orny eýelär. Wladimir Žirinowskiý 9,4 prosent ses bilen üçünji orny alar.
VTsIOM-yň çaklamalary 1,600 adamdan alnan jogaplara esaslanýar.
Iki möhlet prezident bolan Putin 2000-nji ýylda geçen saýlawlarda 53 prosent, 2004-nji ýylyň saýlawlarynda bolsa 71 prosent ses alypdy.
Putin şu aýyň başlarynda özüniň saýlawlarda ikinji tapgyr bilen ýüzbe-ýüz bolmagynyň mümkindigini boýun alyp, beýle ýagdaýyň Orsýetiň syýasy durnuklylygyna howp saljagyny duýdurypdy.