Şu geçen hepdäniň ahyrynda Wenada geçirilen maslahatda Orsýet Owganystandan daşary çykýan neşe maddalaryna garşy göreş boýunça Birleşen Ştatlar tarapyndan hödürlenen täze plana weto goýdy.
Orsýetiň bu hereketi Birleşen Ştatlaryň Merkezi Aziýa regiony boýunça alyp barýan syýasatyna Moskwanyň örän hüşgärlik we seresaplylyk bilen çemeleşmesiniň netijesi hökmünde düşündirilýär.
16-njy fewralda Pariž Paktyna girýän ýurtlaryň wekilleri Owganystandan bikanun ýollar bilen eksport edilýän neşe maddalarynyň öňüni almak meselesi boýunça ýörite maslahat geçirdiler. Pariž Pakty Owganystandan daşary çykarylýan neşe maddalaryna garşy göreş alyp barýan ençeme ýurdy öz içine alýar.
ABŞ-nyň maksady
Wenada geçirilen bu maslahatda Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň orunbasary Wilýam Börnsiň hem-de Döwlet sekretarynyň halkara neşe meseleleri we kanunçylyk meseleleri boýunça kömekçisi Wilýam Brownfildiň ýolbaşçylygyndaky amerikan delegasiýasy ýörite plany öňe sürdi.
Waşington tarapyndan öňe sürlen we “Merkezi Aziýada neşelere garşy göreş boýunça inisiatiwa” diýlip atlanydyrylan bu plan Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Özbegistanda we Türkmenistanda ýörite işwür toparlary döretmekligi maksat edinýär.
Plana görä, bu işewür toparlar Owganystandaky we Orsýetdäki şuňa meňzeş toparlar bilen sazlaşykly iş alyp barmaly.
Şol plana laýyklykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň her birinde şol ýurtlaryň neşä garşy göreş boýunça guramalarynyň wekillerinden ybarat 25 adamlyk işewür toparlary döretmeklik, şeýle hem olara konsultasiýa bermek wezipesini ABŞ-nyň neşelere garşy göreş edarasyna tabşyrmaklyk göz öňünde tutulýar.
ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň halkara neşe meseleleri we kanunçylyk meseleleri boýunça kömekçisi Wilýam Brownfild geçen ýylyň ýazynda Orsýete, Gazagystana, Gyrgyzystana we Täjigistana sapar edip, bu baradaky ýerli inisiatiwalary öwrenipdi.
Orsýeti näme alada goýýar?
Orsýetiň “Kommersant” gazetiniň ýazmagyna gorä, Wilýam Brownfildiň şol saparynyň yzy bilen Moskwanyň delegasiýa agzalary hem Merkezi Aziýa ýurtlaryna sapar edip, Birleşen Ştatlaryň bu ugurdaky planlarynyň “howp-hatarly taraplary” barada ýörite “düşündiriş kampaniýasyny” alyp barypdyr.
Birleşen Ştatlaryň bir hökümet resmisi şu geçen hepdäniň ahyrynda Wenada geçen maslahatda ABŞ-nyň bu ugurda öňe süren planynyň Pariž Paktynyň agzalarynyň arasynda doly goldaw tapmandygyny mälim etdi.
Bu waka bilen baglanyşykly “Kommersant” gazetinde peýda bolan makalada adynyň tutulmagyny islemedik orsýetli bir hökümet resmisiniň “Merkezi Aziýa ýurtlarynda Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň strukturalary iş alyp barýarkalar, bu ýurtlarda täze bir zady döretmeklige näme zerurlyk bar!? Näme üçin Birleşen Ştatlar Orsýetiň bu regiondaky bähbitlerini açyk äsgermezlik edip, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen nähilidir bir dialoglary ýola goýjak bolýar!?” diýen sözleri getirilipdir.
“Kommersant” gazeti bilen söhbetdeş bolan Orsýetiň başga bir hökümet resmisiniň hem Birleşen Ştatlaryň neşä garşy göreş boýunça täze planyny “Merkezi Aziýa regionynda öz harby-syýasy täsirlerini güýçlendirmek üçin Birleşen Ştatlaryň ulanjak bolýan guraly” diýip atlandyrandygy aýdylýar.
Ýöne, şeýle-de bolsa, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň halkara neşe meseleleri we kanunçylyk meseleleri boýunça Býurosynyň metbugat sekretary Suzan Pittman bu gürrüňi edilýän mesele boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary bilen konsultasiýalaryň dowam etjekdigini aýtdy.