Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň baş hukukçysy Siriýany tankytlaýar


BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary Newi Pilleý
BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary Newi Pilleý
BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary BMG-niň Baş Assambleýasynda Siriýanyň başga pikirlileri basyp ýatyryşy barada çykyş edip, bu ýurtdaky hukuk bozulmalarynyň möçberi prezident Başar al-Assadyň režiminiň soňky 11 aýda adamzada garşy jenaýat edendigini görkezýär diýdi.

Hukuk başlygy Newi Pilleý duşanbe güni Baş Assambleýanyň ýörite sessiýasynda çykyş edip, “ynamdar çeşmelerden” alan subutnamalarynyň Siriýa goşunlarynyň Homs şäheriniň merkezindäki gür adamly raýonlary topa tutup, ol ýerdäki graždan ilata uçdantuma hüjüm edýändigini görkezýändigini aýtdy.

Homs Siriýanyň Allawi şaýy azlygynyň wekili bolan Assadlaryň onýyllyklara çeken dolandyryşyny soňlamak isleýän protestçileriň merkezi bolup durýar. 30 ýyl mundan öň, Assadyň kakasy, şol wagtky prezident Hafez al-Assadyň komandasy astyndaky goşunlar Hamada 40 müňe golaý sünnini köpçülikleýin gyraly bäri, Siriýanyň sünni jemgyýetçiligi Allawi dolandyryşyndan gaty nägile.

“Iň ýokary derejede”

Homs, 13-nji fewral.
Homs, 13-nji fewral.
Pilleý duşanbe güni eden çykyşynda häzir Homsda häkimiýet wekilleriniň gatnaşmagynda edilýän gandöküşikligiň “iň ýokary derejesine” ýetendigini aýtdy:

—Men bu çynlakaý hukuk bozmalar sebäpli gaty bozuldym. Men rehimsiz repressiýanyň we bilkastdan mezhep dartgynlylyklaryny gižželemegiň mundan beýläk hem dowam etdirilmeginiň Siriýany basym graždan urşuna eltip biljegi sebäpli örän gaýga edýärin” diýip, Pilleý aýtdy.

Pilleý 4-nji fewralda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň rezolýusiýasyna, Günbatarayň goldamagynda Arap ligasy tarapyndan taslanan Siriýa parahatçylyk planyna Orsýet bilen Hytaýyň weto goýmagy Assad režimini Homsdaky “gyrgynçylyga” has “ýüreklendiren” ýaly görünýär diýdi.

Şeýle-de ol Assad režiminiň agzalary adamzada garşy jenaýat edenlikde aýyplanyp, sud jogapkärçiligine çekilip biler diýen pikiri öňe sürdi:

—Biziň pikirimizçe, Siriýada adamzada garşy jenaýat edilýär we bu işiň arkasyndaky adamlardan hasap soralmalydyr.

Siriýanyň ilçisi Başar Jafari Pileýiň hasbatyny ret etdi we Assadyň hökümetine garşy prnisipsiz pozisiýa eýeleýändigini aýdyp, onuň ynamdarlygyny sorag astyna saldy.

Düşewüntli ýarag şertnamalary

Orsýetiň daşary işler ministri Sregeý Lawrow Moskwada Birleşen Arap emirlikleriniň daşary işler ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed al-Nahaýan bilen duşuşyp, Arap Ligasynyň täze teklibi, Siriýa BMG-niň we Arap Ligasynyň parahatçylyk esgerlerini ýerleşdirmek meselesi barada maslahat etdi.

Lawrow Moskwanyň, daşary ýurt goşunlary eltilmeziden öň, Siriýada ilki atyşygyň bes edilenini görmek isleýändigini ýaňzytdy:

—Biz bu inisiatiwany öwrenýäris we biziň Arap Ligasyndaky dostlarymyz onuň käbir düzgünleri barada bize düşündiriş berer öýdýäris.

Orsýetiň Assad režimi bilen düşewüntli ýarag şertnamalary bar we bu ýurt 2006-njy ýyldan bäri Siriýa goşunlarynyň esasy ýarag üpjünçisi bolup durýar.

Moskwanyň Damask bilen 1971-nji ýylda baglaşan şertnamasy bolsa oňa Siriýanyň Ortaýer deňziniň kenaryndaky Tartus portundaky deňiz bazasyny ulanmaga ygtyýar berýär. Orsýet bu bazany öz uruş gämileri, şol sanda suwasty we suwüsti ýadro gämileri üçin hem ulanýar. Bu şertnama soňy bilen rus desgalaryny Orsýetiň hemişelik deňiz bazasyna öwürmek planlaryny hem öz içine alýar.
XS
SM
MD
LG