Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanlylar dalaşgärlere ses berýärler


Myrat Gurbanow: "Saýlawçylardan käbirleriniň aýtmagyna görä, olara saýlaw uçastoklaryna barmaklyk öz işleýän edaralary ýa-da okaýan okuw jaýlary tarapyndan tabşyrylypdyr".
Myrat Gurbanow: "Saýlawçylardan käbirleriniň aýtmagyna görä, olara saýlaw uçastoklaryna barmaklyk öz işleýän edaralary ýa-da okaýan okuw jaýlary tarapyndan tabşyrylypdyr".
12-nji fewralda Türkmenistanda prezidentlik saýlawlary geçirilýär. Azatlyk Radiosyndan Allamyrat Rahym paýtagt Aşgabatda ses berişlikleriň barşy bilen gyzyklanyp, radionyň ýerli habarçysy Myrat Gurbanow bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Myrat, bu gün paýtagtdaky saýlaw uçastoklarynda ses berişlikleriň barşy nähili? Uçastoklardan baryp görenleriň barmy?

Myrat Gurbanow: Men şu gün ilki bilen özümiň bellige alnan ýerim bolan 43-nji saýlaw uçastogyna bardym. Ol Aşgabadyň 52-nji orta mekdebiniň binasynda ýerleşýär. Soň, 12-nji çagalar bagyndaky, Senagat bankyndaky, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetindäki, 12-nji, 14-nji orta mekdeplerdäki saýlaw uçastoklarynda bolup gördüm.

Azatlyk Radiosy: Saylawlara halkyň gatnaşyşy, adamlaryň aktiwligi nähili?

Myrat Gurbanow: Ses bermäge barýan adam az däl. Olaryň arasynda döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri, ýokary okuw jaýlarynyň studentleri köp. Olaryň käbirleriniň aýtmagyna görä, olara saýlaw uçastoklaryna barmaklyk öz işleýän edaralary ýa-da okaýan okuw jaýlary tarapyndan tabşyrylypdyr.

Olardan käbirleri saýlawa gatnaşmasalar işden boşadylmagynyň mümkindigi barada duýdurylanlygyny-da gürrüň berdiler. Elbetde, saýlaw uçastoklaryna adaty ilatdan barýanlaram az däl.

Olaryň maňa beren maglumatlarynda ünsümi çeken zatlardan biri hem, saýlaw komissiýasynyň agzalarynyň saýlaw uçastoklaryna baran köp adamlara ol ýere barmadyk öz maşgala agzalary üçinem ses bermäge mümkinçilik döredenligidir. Bu barada olaryň özleri maňa maglumat berdiler.

Azatlyk Radiosy: Ses bermäge gatnaşýan adamlar bilen söhbetdeş bolanyňda olar saýlawlaryň geçişine nähili baha berýärler?

Myrat Gurbanow: Saýlawlaryň geçişi olarda o diýen gyzyklanma döretmeýär. Ilatyň arasynda bu saýlawlaryň netijesi öňünden belli diýen garaýyşlar bar. Söhbetdeş bolan adamlarymyň käbirleri döwlet edarasynda işlänsoňlar saýlawa gatnaşýandyklaryny aýtdylar.

Ýaňy hem aýdyşym ýaly, elbetde öz islegi bilen baran adamlaram bar, olardan bir-ikisine menem duş geldim.

Azatlyk Radiosy: Myrat, saýlaw uçastoklary we olaryň töweregindäki tertip-düzgün barada näme aýdyp biljek?

Myrat Gurbanow: Aşgabat şäheriniň köçelerinde adaty uly köpçülikleýin çärelerde bolşy ýaly, polisiýa işgärleri häzir köp. Saýlaw uçastoklarynyň töwereklerinde nähilidir bir bidüzgünçilik edýänlere duş gelmedim. Käbir saýlaw uçastoklarynyň öňünde adam köp. Käbirlerinde azrak adam bar, hatda adam bolmadyk punktlaram gördüm.

Saýlaw uçastoklarynyň içindäki düzgünler barada aýtsam, ses beriji öz ýaşaýan adresi boýunça bellige alýan saýlaw uçastogynyň wekiliniň ýanyna baryp, pasportyny görkezmeli. Saýlawçylaryň sanawynda gol goýlanyndan soň, ses berijä saýlaw býulleteni berilýär.

Saýlaw býulleteniniň arka ýüzünde möhür bilen gol çekilen. Býulletende 8 sany dalaşgäriň ady bar. Saýlaw uçastoklaryndaky ses beriş kabinalarynda ýüp bilen daňlan ruçka goýlupdyr. Şeýle-de, saýlaw býulletenini nähili doldurmalydygy barada türkmen we rus dillerinde düzgünnama asylypdyr.

Bellik edilenden soň, býulleteniň ýüzüni iç tarapyna epläp, içi görnüp duran saýlaw gutusyna oklamaly. Eplenilmedik saýlaw býulleteniniň hakyky diýlip hasaplanylmaýandygy barada-da duýduryş bar. Saýlaw uçastogynda uçastogyň başlygy, onuň kätibi we synçy oturýar. Meniň gören synçylarym diňe ýerli synçylardy.

Azatlyk Radiosy: Myrat, saýlaw uçastoklarynyň töwereginde aýdym-saz çäreleriniň gurnaljakdygy hem aýdylypdy. Şonuň yaly çärelere duş geldiňmi?

Myrat Gurbanow: Hawa, saylaw uçastoklarynda konsertleriň gurnalmagy barada prezident Berdimuhamedow 6-njy fewralda buýruk beripdi, emma Aşgabat barada aýdylanda, şeýle çäreleriň saylaw punktlarynyň ählisinde geçirilýänligini aýtmak kyn.

Men aýdym-sazly konserte diňe Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň binasyndaky saylaw uçastogynda duş geldim. Emma, beýleki tarapdan, saýlaw uçastoklarynyň ählisinde diýen ýaly göçme söwda nokatlary gurnalypdyr. Olarda dürli naz-nygmatlar satylýar.

Bellemeli ýene bir zat, käbir beýleki saýlaw punktlarynda dinamikler arkaly ýazgydaky aýdym-saz goýberilýärdi.

Azatlyk Radiosy: Maglumata görä, ýurduň köp böleginde düýn gar ýagypdyr. Diýmek, Türkmenistanda howa sowuk bolmaly. Sowuk howanyň bu saýlaw prosesine nähilidir bir täsiri duýulýarmy?

Myrat Gurbanow: Hawa, şu günem howa sowuk boldy. Howanyň sowuklygy belli bir derejede saýlawlara barýan adamlaryň sanyna täsir ýetirendir diýip çak etse bolar. Emma saýlawlaryň adamlarda gyzyklanma döredip-döretmeýänliginiň, elbetde, diňe sowuk howa bilen baglydygyny aýtmak kyn.
XS
SM
MD
LG