Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Howpsuzlyk geňeşi Siriýa barada maslahat edýär


Birleşen Ştatlaryň BMG-däki ilçisi Sýuzan Raýs dünýä guramasyny Siriýadaky zorluk-süteme “üns bermezligi” bes etmäge çagyrdy.
Birleşen Ştatlaryň BMG-däki ilçisi Sýuzan Raýs dünýä guramasyny Siriýadaky zorluk-süteme “üns bermezligi” bes etmäge çagyrdy.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi sişenbe güni Siriýa babatdaky täze rezolýusiýanyň maslahatyna başlady.


Ýewropa-arap taslamasy Arap ligasynyň Siriýada Başar al-Assadyň dolandyryşyna garşy halk oppozisiýasy esasynda turan on aýlyk gozgalaňy soňlamaga gönükdirilen planyny goldaýar.

Liganyň Siriýa komitetine Arap ligasynyň baş sekretary Nabil Elaraby we Kataryň premýer-ministri Şeýh Hamad bin Jassim al-Tani ýolbaşçylyk edýär. Olar Howpsuzlyk geňeşinde Arap ligasynyň Siriýa babatdaky plany barada çykyş edýärler. Bu plan Assadyň häkimiýeti öz orunbasaryna tabşyrmagyna we Siriýada wagtlaýyn milli birlik hökümetiniň döredilmegine çagyrýar.

Howpsuzlyk geňeşinde weto hukugyna eýe bolan Orsýet özüniň bu planyň käbir ýerlerine garşydygyny, ýöne gepleşiklere taýýardygyny aýdýar. Orsýet Hytaý bilen bilelikde Siriýa babatdaky ozalky rezolýusiýa weto goýupdy.

Birleşen Ştatlaryň BMG-däki ilçisi Sýuzan Raýs dünýä guramasyny Siriýadaky zorluk-süteme “üns bermezligi” bes etmäge çagyrdy. BMG bu zorluklaryň bäş müňden gowrak adamyň ölümine sebäp bolandygyny aýdýar.

Raýs rezolýusiýanyň taslamasynyň örän düşnüklidigini aýtdy:

—Biz bu rezolýusiýanyň mazmuny gaty düşnükli diýip hasap edýäris. Onda, käbirleriniň aýdyşy ýaly, sanksiýalaram, güýç ulanmak ýa-da güýç ulanmak wehimi hem ýok, ol esasan bolan zady göni ýazgarmak, Siriýanyň hökümetini Arap ligasynyň öňünde alan borçlaryna boýun bolmaga çagyrmak we Arap Ligasynyň planyny tassyklamak barada, biz bulary örän möhüm hasaplaýarys we Geňeşiň minimum etmeli zady diýip bilýäris.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton hem, ýewropaly kärdeşleriniň birnäçesi bilen, Howpsuzlyk geňeşiniň sessiýasyna gatnaşar.

Siriýanyň Kafranbel şäherinde geçirilýän protestler mahalynda, 29-njy ýanwar.
Siriýanyň Kafranbel şäherinde geçirilýän protestler mahalynda, 29-njy ýanwar.


Siriýanyň oppozisiýada durýan Milli geňeşiniň başlygy Burhan Galion özüniň Nýu-Ýorkda beýleki resmiler bilen bir hatarda rus resmileri bilen hem duşuşandygyny we olary rezolýusiýanyň taslamasyny goldamaga çagyrandygyny aýtdy.

Siriýada zorluklaryň dowam etmegi bilen, Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň sözçüsi Wiktoriýa Nuland Arap ligasynyň gözegçilik missiýasyny soňlamagynyň ýaramaz netijelere getirip biljegini aýtdy:

—Biz Arap ligasynyň gözegçileriniň yzyna çykarylmagyna örän alada bildirdik, siriýa režimi muny bigünä adamlaryň garşysyna görýän aýylganç çärelerini arkaýyn dowam etdirmäge bir bahana hökmünde kabul etdi.

Aktiwistler 30-njy ýanwarda Siriýa boýunça azyndan 29 adamyň öldürilendigini, olaryň köpüsiniň asuda ilata degişlidigini aýdýarlar.

Siriýanyň hökümet güýçleri, tanklara daýanyp, paýtagt Damaskyň gyrak-bujagyndaky pitneçileri yzyna serpikdirdi diýen habar bar.

BMG-niň rezolýusiýasy ir bolanda 2-nji fewraldan bärde sese goýlar öýdülmeýär.
XS
SM
MD
LG