Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe fransuz senatynyň gyrgyn kanunyny ýazgarýar


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýyp Erdogan türk parlamentiniň oňünde eden çykyşynda Fransiýanyň senatynyň kabul eden täze kanun taslamasyny berk ýazgardy. Ankara, 24-nji ýanwar, 2012.
Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýyp Erdogan türk parlamentiniň oňünde eden çykyşynda Fransiýanyň senatynyň kabul eden täze kanun taslamasyny berk ýazgardy. Ankara, 24-nji ýanwar, 2012.
Türkiýäniň Daşary işler ministrligi duşenbe güni giçlik beýanat ýaýradyp, Fransiýanyň senatynyň 100 ýyla golaý mundan ozal gündogar Türkiýede ermenilere garşy edilen “genosidi” inkär etmegi jenaýat hasaplamak barada kanun taslamasyny kabul etmegini ýazgarýandygyny aýtdy.

Ministrlik bu kanun taslamasynyň kabul edilmegi “jogapkärçiliksizligiň bir mysaly” diýýär. Şeýle-d, beýanatda türk hökümetiniň bu karar bilen baglylykda jogap çärelerini görmekden gaýtmajagy bellenilýär.

45 müň ýewro jerime

Duşenbe güni giçlik Fransiýanyň senaty genosidi, şol sanda 1915-1916-njy ýyllarda gündogar Türkiýede ermenileriň köpçülikleýin öldürilmegini inkär etmegi jenaýat hasaplamak baradaky kanun taslamasyny kabul etdi. Fransuz parlamentiniň aşaky öýi bu kanun taslamasyny geçen aý kabul edipdi.

Duşenbe güni giçlik Fransiýanyň senatynyň “ermeni genosidi” diýilýän mesele boýunça kanunyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşýan pursady.
Duşenbe güni giçlik Fransiýanyň senatynyň “ermeni genosidi” diýilýän mesele boýunça kanunyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşýan pursady.
Täze kanun prezidentiň goly bilen gutarnykly tassyklanan halatynda, ol kanuny bozanlar bir ýyla çenli türme tussaglygy we 45 müň ýewro (57 muň dollar) pul jerimesi bilen jezalandyrylyp bilner.

Türkiýäniň Fransiýadaky öňki ilçisi Uluç Ozülker fransuz parlamentiniň bu kanun taslamasyny kabul etmegini Fransiýadaky prezidentlige kandidatlaryň saýlawçylaryň seslerini almak üçin edýän syýasy hereketi bilen baglanyşdyrdy.

“Bu prezidentlige kandidatlaryň ikisi üçin-de täze ses berijileri çekmek maksady bilen bagly hereket. Bu jenap Sarkoziniň, prezident Sarkoziniň ikinji möhlete saýlanmagyny gazanmak üçin soňky mümkinçilik” diýip, Ozülker bu waka baha berdi.

Reaksiýalar dürli

Bu kanun taslamasynyň kabul edilmegine Stambulyň köçelerinde bildirilen reaksiýalar hem ýiti boldy. Stambulyň ýaşaýjysy Ozkan Ýeginaltaý Fransiýanyň bu ädimini “dönüklik” atlandyrdy. Ol “Fransuz halky öz gymmatlyklaryna ikilik etdi. Türk respublikasy beýik ýurt we ol ýeňilmez. Geljekde utulan Sarkozi we onuň topary bolar” diýip, Ýeginaltaý nygtady.

Ermenistan Birinji Jahan urşy döwründe Osman Türkiýesinde 1.5 million çemesi ermeniniň bilkastdan, gyrgynçylyk syýasaty netijesinde öldürilendigini aýdýar. Ermenistanyň daşary işler ministri Eduard Nalbandýan Fransiýanyň bu kanun taslamasyny kabul etmegini öwüp, ony dünýä ýüzünde adam hukuklarynyň dabaralanmagy üçin gaýdyş pellesi ýaly bir waka atlandyrdy.

“Bu gün diňe ermeni we fransuz halklarynyň taryhynda däl, eýsem dünýä boýunça adam hukuklaryny goramagyň taryhynyň ýyl ýazgylarynda hem altyn harplar bilen ýazylar” diýip, Nalbandýan aýtdy.

Türkiýe bu meselede “genosid” terminini ret edýär we 1915-1916-njy ýyllarda gündogar Türiýkede bolan söweş mahalynda iki tarapdan hem agyr ýitgi çekilendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG