Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň premýer-ministri basyş astynda


Pakistanyň premýer-ministri Ýusuf Reza Gilani (sagda) we prezident Asif Ali Zardari hökümet binasynda özara duşuşykda. Yslamabat, 16-njy ýanwar, 2012.
Pakistanyň premýer-ministri Ýusuf Reza Gilani (sagda) we prezident Asif Ali Zardari hökümet binasynda özara duşuşykda. Yslamabat, 16-njy ýanwar, 2012.

Pakistanyň Ýokary sudy 16-njy ýanwarda premýer-ministr Ýusuf Reza Gilaniniň suduň kararyny ýerine ýetirmänligini aýdyp, onuň hut özüniň şu hepdäniň aýagynda, 19-njy ýanwarda sudda görkezme bermegini buýurdy.


Bu çäre Gilaniniň Ýokary suduň prezident Asif Ali Zardariniň geçmişdäki işleri boýunça korrupsiýa bilen baglanyşykly jenaýat-derňew işini açmak baradaky kararyny ýerine ýetirmezliginden uç alýar.

Prezident Asif Ali Zardariniň garşysyna bildirilýän aýyplamalar onuň 1990-njy ýyllarda, ýogalan aýaly Benazir Bhuttonyň hökümetinde inwestisiýa ministri bolan döwrüne degişli.

Goha sebäp bolan zat

Ýusuf Reza Gilaniniň hökümeti Zardariniň prezident hökmünde eldegrilmesizligine salgylanyp, onuň öňden gelýän “şweýsar korrupsiýa işi” boýunça derňew geçirmekden boýun gaçyryp geldi.

Premýer-ministr hökmünde eldegrilmesizligini aýdýandygyna garamazdan, garşysyna çykarylan kararyň Gilaniniň özüniň hem jogapkärçilige çekilmegine getirmegi mümkin. Bu ýagdaý onuň işden aýrylmagyna we irki saýlawlaryň geçirilmegine hem getirip biler.

Ýokary suduň 16-njy ýanwardaky karary Pakistanyň geçen hepdeden bäri ýurduň kuwwatly harby elitasynyň barha artýan basyşynyň astynda galan raýat ýolbaşçylarynyň ýüzbe-ýüz bolýan birnäçe kanuny synagynyň diňe biridir.

Premýer-ministr Gilani geçen hepde goranmak sekretaryny işden aýrypdy. Bu wakanyň fonunda bolsa, Ýokary suduň komissiýasy prezident Zardari bilen baglanyşykly başga-da bir galmagally işi, ýagny «memogeýt» adyny alan hatly wakany hem derňeýäp başlady.

Gilani geçen hepde goşunyň baş generaly Aşfak Kaýani we Pakistanyň pudagara aňtaw gullugynyň baş direktory, general-leýtenant Ahmed Şuja Paşany bu iş boýunça hökümeti resmi habardar etmezden suda şikaýat etmekde tankytlady.

Ýekşenbe güni Gilani öz tankydyny yzyna almagy barada general Kaýaniniň eden talabyny ret edip, şeýle diýipdi: “Men parlamentiň öňünde jogap berýärin. Men hiç bir şikaýat üçin bir adama jogap bermerin. Men parlamentiň öňünde jogapkär. Men parlamente onuň bilmek islän islendik zady barada öz pozisiýamy aýdaryn”.

“Hat işi” nähili döredi?

Hat işi prezident Asif Ali Zardariniň kömekçileriniň biri tarapyndan geçen maýda ABŞ-nyň harbylaryna iberilipdir diýilýän gol çekilmedik hat bilen bagly. Ol hatda ABŞ-nyň Pakistanda Osama bin Ladeni öldüren reýdinden soň, Yslamabatda bolmagy mümkin harby agdarlylyşygy duruzmaga kömek soralýar.

Pudagara aňtaw gullugynyň başlygynyň talaby esasynda 30-njy dekabrda döredilen Ýokary sud komissiýasy häzir hökümeti diňleýär we onuň Zardariniň bu hat bilen baglanyşygy baradaky tapyndylaryny şu aýyň aýagynda yglan etmegine garaşylýar.

Bu hata dahylly hasaplanylýar amerikaly biznesmen Mansur Ijaza bu hat bilen bagly gohly wakany ilki oktýabrda «Financial Times» gazetinde aýan etdi. Ol özüniň diňe araçy bolandygyny aýdýar.

Şondan soň işden çekilen Pakistanyň Waşingtondaky ilçisi Husaýin Hakgani bu hat bilen ilteşigini inkär edýär we bu zatlaryň Ijazyň toslamasydygyny öňe sürýär.

Bu dawa Pakistanda ýene bir harby agdarylyşygynyň bolmak gorkusyna sebäp boldy. Emma synçylar pakistan harbylarynyň agdarylyşyk niýetiniň ýokdugyny we Zardari bilen Gilaniniň kanuny esaslarda gyrakladylmagyna gol ýapjaklaryny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG