Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tahrir rewolýusionerleri Müsüre gowudan-gowy arzuw edýärler


Müsürli rewolýusionerler ýurduň syýasy keşbini tanalmaz ýaly özgerden taryhy protestlerden soň has uly çözgütleriň pikirini edýärler.
Müsürli rewolýusionerler ýurduň syýasy keşbini tanalmaz ýaly özgerden taryhy protestlerden soň has uly çözgütleriň pikirini edýärler.
Täze ýyl ýetip gelýär. Adamlar geljek 2012-nji ýyla taýýarlanmak bilen meşgul. Käbirleri bäş kilogram agramyny aýyrmak islese, kim okap ýetişmedik romanyny okajak. Emma müsürli rewolýusionerler ýurduň syýasy keşbini tanalmaz ýaly özgerden taryhy protestlerden soň has uly çözgütleriň pikirini edýärler. Ýurdy täzeden gurmagyň wagty geldi. Azatlyk Radiosy müsürli protestçileriň birnäçesi bilen olaryň öz ýurtlaryny 2012-nji ýylda ýetirmek isleýän sepgitleri barada gürrüňdeş boldy.

Kairli öý hojalykçy Doaa Nabhanyň işi-aladasy ýetik, onuň iki sany ýaş çagasy bar. Ýöne ol özi hem Müsür üçin Täze ýyl çözgütlerini we arzuwlaryny eýýäm kesgitläpdir:

—Bu bir ikitaraply çözgüt: bu meniň özüm we Müsür hakda. Birinjisi, hemişe öz içki pikirimi diňlemek, bir zat aýdylaryna ýa-da başga bir zada yrjak bolmalaryna garaşmazlyk... Ikinji çözgüt? Bu meniň şu ýurtda graždan konstitusiýasyndan başgasyna, ne dini ýa beýlekisine hiç wagt gol ýapmazlygym. Azatlyk meniň üçin söwdalaşylmaly zat däl.

Doa Nabhan sözüni dowam etdrip, şeýle diýdi:

Men azat ýurt isleýärin we graždan Konstitusiýa isleýärin. Onsoň men şular bolýança näme etmeli bolsa ederin.
—Men azat ýurt isleýärin we graždan Konstitusiýa isleýärin. Onsoň men şular bolýança näme etmeli bolsa ederin... üçünji çözgüt bolsa, protest meýdany biziň güýç-kuwwatymyz, şu sebäpden men ol ýere rewolýusiýanyň maksatlary we talaplary jogap tapýança gatnaryn.

34 ýaşly ene Kairiň Tahrir meýdançasynda başlanan we ahyrynda uzak wagtlyk prezident Hosni Mubaregiň işden çekilmegine getiren taryhy protestlere hemişe goşulypdyr. Ol Müsürdäki üýtgeşmeleriň 2012-nji ýylda hem dowam edenini görmek isleýän “hemişelik” protestçileriň biri.

Şeýle protestçileriň ýene biri bolsa, Sara Farag:

—Men öz ýurdumyň Tahrir meýdanyndaky bir-bitewilik eýforiýasyny gaýtadan başdan geçirmegini, munuň durmuşyň ähli pudagynda şeýle bolmagyny isleýärin. Men öz halkymyň pikir dürlüliklerini taşlap, has guramaçylykly bolmagyny, aýry-aýrylykdaky maksatlaryna ýetirjek umumy maksadyň daşynda has jebisleşmegini isleýärin...

21 ýaşly hudožnik Farag Müsüriň dürli garaýyşly, ýagny ýaşlardan, şäherlilerden, medenileşenlerden, lapykeçlerden ybarat protest hereketiniň integrerleýji bölegine degişli. Ol geçen aý ýurduň harby dolandyryjylarynyň hukuk bozmalary diýilýän sebäpli protestçileriň uly toparyny Tahrir meýdanyna toplamaga kömek etdi.

Howatyrlanma ýok däl

Noýabr gozgalaňy ýurduň welaýatlarynyň üçden birinde geçýän we martda tutuş ýurda ýaýrajak parlament saýlawlaryna ses berişligiň başlanmagyna gabat geldi. Kanun çykaryjylar şondan soň ýurduň harby dolandyryşdan graždan dolandyryşyna geçişiniň bir bölegi bolan täze konstitusiýany ýazjak assambleýany saýlamaly. Emma muňa garamazdan, köpler dolandyryjy harbylaryň, Ýaragly güýçleriň ýokary geňeşiniň kontroly saklamak üçin ýer astyndan syýasy partiýalar bilen dil tapyşmagyndan howatyr edýär.

Taryh professory Haled Fahmy ýaly protestçiler ýurduň o diýen mälim bolmadyk geljeginden umytly, ýöne seresaplygy hem elden bermejek bolýarlar:

—Bu örän uly ýurt, 85 million ilaty bar. Şeýle-de bu soňky 60 ýylda syýasy basyş astynda saklanan ýurt. Onsoň biz häzir köp sanly çynlakaý meseleleriň toplanmagynda ysgyndan salnan ýurtda täze syýasy sistemanyň agyryly dogluşyna şaýat bolýarys–diýip, Fahmy aýdýar.

Ýöne şol bir wagtda, bu ýurduň öňdeni gelýän gurnalan institutlary, güýçli intellektual gatlagy, kuwwatly orta gatlagy bar we men özümiziň bu kynçylyklary ýeňip geçjegimeze ynanýaryn.
—Ýöne şol bir wagtda, bu ýurduň öňdeni gelýän gurnalan institutlary, güýçli intellektual gatlagy, kuwwatly orta gatlagy bar we men özümiziň bu kynçylyklary ýeňip geçjegimeze ynanýaryn... Bu ýerde kynçylyk biziň bir-biregi kabul etmek boýunça formula tapyp bilmegimiz: dünýewiler we dinçiler, harbylar we graždanlar, ýaşlar we garrylar, hristianlar we musulmanlar öz dürli pikir-garaýyşlaryny parahatçylyk esasynda beýan edip biler ýaly bolmaly. Şu meniň ilkinji arzuwym–diýip, professor Fahmy sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýaş kadr Hanýa El-Azzouny bolsa Müsüriň mekdep sistemasynda özgerişlik bolmagyny isleýär:

- Men edil häzir we gelýän alty aýdan bir ýyla çenli wagtda bilim habarlylygynyň iň ileri tutulýan ugur boljagyna umyt edýärin. Bu özgerişligiň bolmagyna hakyky kömek etjek zatlaryň biri bolup durýar.

Kairli student we aktiwist Omar El-Sabh bolsa, “hemme zatdan beter rewolýusiýanyň dowam etmegini” arzuw edýär.
XS
SM
MD
LG