Düýbi Minskde ýerleşýän ynsan hukuklaryny goraýjy “Wesna” merkeziniň başlygy Ales Belýaskini sud salgyt galplyklarynda günäli diýip tapdy. Türme tussaglygyndan daşary, sud onuň emlägini konfiskasiýa etmek barada-da höküm çykardy.
Özüne garşy suduň höküminiň yglan edilmeginiň yzy bilen, Belýaskiý suduň zalynda “Wesna merkeziniň işi togtadylyp bilinmez” diýip gygyrdy. Onuň aklawçysy suduň bu hökümine garşy ýokary suda şikaýat etjekdigini mälim etdi.
Ales Belýaskiniň aýaly Nataliýa Pinçuk habarçylara beren interwýusynda Belarusyň sudunyň şeýle höküm çykarmagyna öňünden garaşylandygyny aýtdy. Ol: “Ýurduň resmi habar serişdeleriniň äheňi suduň höküminiň şundan gowy bolmajakdygyny görkezip geldi” diýip belledi.
Ýiti reaksiýalar bildirildi
Ynsan hukuklaryny goraýjy belarusly belli aktiwistiň türme tussaglygyna höküm edilmegine halkara derejesinde ýiti reaksiýalar bildirildi we onuň haýdan-haý azatlyga goýberilmegine çagyryşlar edildi.
Ýewropa Bileleşigi we ÝHHG guramasy suduň bu hökümini syýasy matlaba esaslanýan çäre diýip atlandyryp, muny berk tankyt etdi.
Ýewropa Parlamentiniň prezidentiniň metbugat sekretary Robert Golanskiý belarusly aktiwistleriň ykbalyna Ýewroparlamentiň hem örän alada bildirýändigini aýtdy:
—Ýewropa Parlamenti jenap Belýaskiniň salgyt galplyklarynda aýyplanyp, ýerliksiz jogapkärçilige çekilmegine we tussaglyga höküm edilmegine uly alada bildirýär. Parlament Belýaskä garşy yglan edilen suduň hökümini syýasy matlaplara esaslanýan we ýerliksiz jeza diýip hasaplaýar. Ýewroparlamentiň prezidenti Belarusyň häkimiýetlerini jenap Belýaskini we tussaglykdaky ähli beýleki syýasy tussaglary hiç hili şert goýmazdan, haýdan-haý azatlyga goýbermeklige hem-de olara bildirilýän ähli jenaýat aýyplamalaryny ýatyrmaklyga çagyrýar. Hemişe bolşy ýaly, Ýewroparlamentiň prezidenti Ýewropa Parlamentiniň Belarusyň halkynyň tarapynda durýandygyny nygtaýar.
Bank hasaplary bilen baglanyşykly
Ales Belýaskä garşy salgyt galplyklarynda bildirilen aýyplamalar onuň Belarusda ynsan hukuklaryny goramak boýunça alyp barýan işlerine halkara donorlary tarapyndan berilýän we onuň Litwadaky hem-de Polşadaky şahsy bank hasaplarynyň üsti bilen geçýän pullar bilen baglanyşykly.
Litwanyň we Polşanyň häkimiýetleri özleriniň Belarusa beren maglumatlarynyň Ales Belýaskini jenaýat jogapkärçiligine çekmek üçin ulanylandygyna göz ýetirenlerinden soň, bu ýagdaý barada öz gynançlaryny mälim edip we ötünç sorap çykyş etdiler.
Ales Belýaskiý 2010-njy ýylyň dekabrynda Belarusda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň netijesine protest bildirilip gurnalan demonstrasiýalarda häkimiýetleriň güýç ulanmalary bilen baglanyşykly yzygiderli hasabatlar we makalalar bilen çykyş edip geldi.
Ol şu ýylyň 4-nji awgustynda tussag edildi. Birneme soňra bolsa, oňa salgyt galplyklary bilen baglanyşykly jenaýat aýyplamasy bildirildi.