Birleşen Ştatlaryň Senatynyň komitetinde geçen hepde kabul edilen we Özbegistany hem öz içine alýan karar barada 20 töweregi gurama, şol sanda “Human Rights Watch” we “Freedom House” guramalary Döwlet sekretary Hillari Klintonyň adyna ýörite beýanat ýaýratdylar.
Çarşenbe güni ýaýradylan şol press-relizde Özbegistanyň dünýäniň iň repressiw ýurtlaryndan biridigine garamazdan, Waşingtonyň Daşkent bilen aragatnaşygyny kadalaşdyrmaga synanyşýanlygy aýdylyp, bu ugurdan alada bildirilýär.
“Freedom House”, ýagny ”Azatlyk Öýi” guramasynyň Ýewraziýa boýunça wekili Sýuzan Kork bu barada Azatlyk Radiosyna “maksadymyz Özbegistandaky ýagdaýlara Waşingtonyň ünsüni çekmekden ybarat” diýdi.
“Bu beýanatyň maksady Waşingtonyň, hamana Özbegistanda hiç zat bolmadyk ýaly, Daşkent bilen aragatnaşyk gurmaga synanyşmagyna garşy basyş etmekden ybarat. Sebäbi Özbegistanda adamlaryň hak-hukuklarynyň depelenmegi dowam etdirilýär” diýip, hanym Kork belledi.
Düýbi ABŞ-da ýerleşýän adam hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” guramasy tarapyndan ýaýradylan we beýleki 19 gurama, şol sanda “Freedom House” tarapyndan tassyklanan şol beýanatda esasanam Senatyň komiteti tarapyndan geçen hepde kabul edilen karar hakda gürrüň edilýär.
Beýanata görä, “Ol karar Özbegistanyň adam hukuklaryny depeleýänligine garamazdan, Obamanyň administrasiýasynyň bu ýurda harby ýardam bermegine ýol açýar”. Özbegistana garşy şeýle çäklendirme 2004-nji ýylda girizilipdi. “Freedom House” guramasynyň wekili hanym Korkuň sözlerine görä, şol çäklendirmäniň ýatyrylmak howpy olary alada goýýar.
“Gürrüňi edilýän şol taslama häzir Senatda garalýar. Ol şol ýerde kabul edilse, bu Özbegistana garşy girizilen şol çäklendirmelere garamazdan, Obamanyň administrasiýasyna Daşkende ýardam etmäge mümkinçilik döreder. Biz administrasiýa şeýle ygtyýaryň berilmegine garşy” diyip, Kork belledi.
Özbegistandaky ýagdaý
Şol tagallalaryň çäginde çarşenbe güni Waşingtonda ençeme guramanyň agzalarynyň gatnaşmagynda Özbek-Amerikan biznes forumy geçirilýän myhmanhananyň öňünde protest hem gurnaldy. Protestçiler Özbegistanyň daşary işler ministri Elýar Ganiýewiň hem gatnaşýanlygy aýdylýan şol ýygnagyň geçirilýän myhmanhanasynyň öňüne jemlenişip, esasanam Özbegistanda çagalaryň hak-hukugy barada çykyş etdiler.
Protestçileriň aýtmagyna görä, edil häzirki döwürde Özbegistanda pagta ýygymy başlandy, bu çärä 2 million töweregi çaga gatnaşdyrylýar. Bu Daşkendiň Bütindünýä zähmet guramasynyň şertlerini hem depgileýänligini aňladýar.
Adam hukuklaryny goraýjy guramalar tarapyndan ýaýradylan beýanatda, aýratynam edil häzirki döwürde Özbegistanda ençeme hukuk goraýjy aktiwistleriň we žurnalistleriň tussaglykda saklanýanlygy we olaryň türmelerde dürli gynamalara sezewar edilýänligi bellenýär.
Beýanatda Döwlet sekretari Hillary Klintona ýüzlenilip, Özbegistana garşy amerikan syýasatynyň ýumşadylmaga synanyşylýan häzirki döwründe Waşington diňe Özbegistanyň hökümetine däl, halkyna hem üns bermeli diýilýär.
Hanym Kork: “Bu taslamanyň kabul edilmegini goldap çykyş edýän adamlar köp, emma biz Özbegistanda syýasy bendileriň, adam hukuklarynyň, söz azatlygyna garşy dowam edýän çäklendirmeleriň gowşadylmagy ýaly meseleler hakda Özbegistan tarapyndan ädilmeli takyk ädimler barada hem gürrüň edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekmäge sýnanyşýarys” diýýär.
Beýanatda Döwlet sekretary Klintona ýüzlenilip, Özbegistanyň daşary işler ministri Ganiýewiň Waşingtona edýän saparyndan peýdalanmaga we gürrüňi edilýän bu meseleleri onuň öňünde takyk goýmaga hem çagyryş edilýär.