Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ekspertler ýewrozonanyň döwlet obligasiýalary barada


Ýewrozonanyň bitewi obligasiýalaryny ulanmagyň islendik planlary diňe täze meseleleri keserdip goýýar.
Ýewrozonanyň bitewi obligasiýalaryny ulanmagyň islendik planlary diňe täze meseleleri keserdip goýýar.
Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Žoze Manuel Barroso 14-nji sentýabrda Ýewropa Parlamentinde çykyş edip, Ýewropa Komissiýasynyň ýewrozonanyň döwletleriniň öz taryhynda ilkinji gezek bitewi döwlet obligasiýalaryny çykarmagyň düzgünini teklip etmäge taýýardygyny aýtdy. Obligasiýalaryň çykarylyp başlanmagy regionda bergi gahatçylygyny ýeňip geçmäge kömek eder diýlip çaklanylýar.

Muňa garamazdan, ýewrozonadaky esasy bergidar ýurtlar şeýle planlaryň häzirlikçe wagtynyň gelmändigini aýdýarlar. Olar ilki Ýewropanyň maliýe ýagdaýyny sagdynlaşdyrmaly diýip hasaplaýarlar.

Bary-ýogy üç hepde mundan ozal Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi ikitaraplaýyn duşuşygyň jemleri boýunça çykyş edenlerinde hatda ýewrozona ýurtlarynyň bitewi döwlet obligasiýalaryny çykarmak baradaky pikiri-de diňe geljekde — haçan-da bergidar döwletler býujet gahatçylyklaryny özbaşdak kemeltmek bilen çäklenmän, eýsem olar toplanan bergileriniň möçberlerini azaldanlaryndan soň ara alnyp maslahatlaşylyp bilner diýip aýtdylar.

Şeýle-de bolsa, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Žoze Manuel Barrosonyň 14-nji sentýabrdaky beýanaty Ýewropa Parlamentinde el çarpyşmalar bilen garşylandy. Barroso şeýle ssenarileriň biri hereket edýän umumyýewropa kanunçylygynyň çäklerinde ulanylyp bilner, beýlekileri düzediş girizmegi talap edýär diýip belledi:

—Geliň, aç-açan gürrüň edeliň: bu biziň öňümizde dörän ähli meseleleriň çalt çözülmegine getirmez. Ol biziň mundan soňky ykdysady we syýasy integrasiýa gönükdirilen umumy hereketlerimiziň diňe bir ülşi bolar.

Ýewrozonanyň bitewi obligasiýalaryny ulanmagyň islendik planlary diňe täze meseleleri keserdip goýýar. Bu ýurtlar öz hususy obligasiýalaryny çykarmakdan ýüz öwrerlermi? Girdejiden düşen serişdeler nähili paýlaşylar? Onsoňam, häzir Ýewropanyň çökgünlige garşy göreş gaznasy, hususan-da, ýewrozona ýurtlarynyň kepili bilen, şeýle obligasiýalary çykaryp ýör. Eýsem, ýewrozonanyň bitewi obligasiýalarynyň çykarylmagyny şunuň bilen nädip utgaşdyryp bolar? Gaznanyň obligasiýalarynyň satylmagyndan düşýän serişdeler Portugaliýa, Irlandiýa ýa-da Gresiýa ozalky ylalaşylan şertlere görä maliýe kömeginiň umumy möçberinden bölekler boýunça kreditler görnüşinde berilýär.

“Bitewi ýewropa obligasiýalarynyň çykarylaýan halatynda ýewrozonanyň ýurtlarynyň öz hususy, garaşsyz obligasiýalaryny çykarmaklaryny togtadaýmaklary mümkin, ýöne häzirlikçe munuň özi uzakdaky perspektiwa” diýip, “Kapital” maliýe inwestisiýa öýüniň bergi bazaryndan analitik Wladimir Harçenko öz çaklamasyny öňe sürýär:

—Şonuň üçinem, dogrusy, ýewrozonanyň ýurtlary (aýratynam bergi bazaryndan beýle uly bolmadyk prosentler bilen serişdeleri özüne çekip bilýän iri ýurtlar) muňa ymtylyp durmazlar. Sebäbi şeýdilen halatynda haýsydyr bir umumy gurluşyň kepili bilen bitewi ýewropa obligasiýalaryny çykarmaly, soňam girdejiden düşen puly nähilidir bir ýol bilen ol ýa-da başga bir döwletiň haýryna paýlap bermeli bolar — diýip, ol aýdýar.

“Ýewrozonanyň bitewi döwlet obligasiýalarynyň çykarylmagy öz girdejileri boýunça ýaşaýan ýurtlary hökümetleri gereginden has köp çykdajy eden ýurtlar bilen deňeçerleşdiriberýär. Hut gereginden artykmaç edilen çykdajylaram netijede şu ýurtlary bergi gahatçylygyna getiripdi” diýip, Berlindäki nemes ykdysady seljermeler institutynyň işgäri Ferdinand Fihtner belleýär.

Bitewi ýewropa obligasiýalaryny çykarmak pikiriniň özi Gresiýa ýa-da Irlandiýa ýaly döwletleriň özleri üçin, aýdaly, maliýe bazarlarynda Germaniýanyňky ýa-da Fransiýanyňky ýaly şertlere bil baglamagy aňladýar. Başga söz bilen aýdylanda, olaryň şu bazarlarda häzirkilerinden has pes prosentler bilen karz pul almaga mümkinçilikleri bolar.

Fihtner bu Ýewropanyň maliýe babatda has durnukly ýurtlarynyň ýagdaýyna adalatsyz bolar diýip hasaplaýar. “Her näçe gowulyga garaşylsa-da, şeýle gyradeňlik ahyrsoňunda olary-da bergi çukuryna gutulgysyz gapgarar. Onsoňam, şeýle ýagdaý “problemaly” ýurtlary öz maliýe syýasatlaryny nähilidir bir reformalaşdyrmak höwesinden we çökgünlik ýagdaýyndan öz güýjüň bilen çykmaga bolan ymtylyşdan bütinleý mahrum eder”.

Ýewropa Bileleşiginiň soňky sammitinde Ýewropanyň häzirki çökgünlige garşy göreş gaznasynyň täze ygtyýarlyklary umuman makullanyldy. Hususan-da, olara hususy eýeçilikdäkilerden, ýagny ikinji bazardan — Ýewropanyň “problemaly” ýurtlaryndan döwlet obligasiýalaryny satyn almaga, şonuň ýaly-da şu ýerlerde bergi gahatçylygynyň, mysal üçin, Ispaniýada ýa-da Italiýada ösmegine ýol berilmezligi üçin aýry-aýry ýurtlara “prewentiw” karz bermek mümkinçilikleri ygtyýar berildi. Şonda Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi hatda bu karary Ýewropanyň pul gaznasynyň döredilmegi bilen deňedi.

“Belli bir derejede şeýle deňeşdirme hakykatdanam ýerlikli” diýip, Mýunhendäki "Unicredit" bankynyň analiz bölüminiň ýolbaşçysy Kristian Weber munuň bilen ylalaşýar. Aýratynam, bu ýurtlara “prewentiw” karz bermekdäki garaýyşda şeýledir — munuň özi Halkara pul gaznasynyň ýörelge edinen hyzmatydyr. Şu babatda Ýewropanyň çökgünlige garşy göreş gaznasy we Halkara pul gaznasy deňeşdirmä örän laýyk gelýär:

—Her näme bolanda-da Gresiýanyňka çalymdaş çökgünçilikleriň öňüni almak üçin möhüm gural emele gelýär. Eger-de ony Halkara pul gaznasy bilen deňeşdirýän bolsalar, onda Ýewropanyň çökgünlige garşy göreş gaznasy-da düýpli giňeldilse gowy bolardy.

Çökgünlige garşy göreşmegiň islendik täze görnüşleri, goý, Ýewropa bileleşiginiň sammitlerinde makullanylanlary hem bolaýsyn, olar soňra Ýewropa ýurtlarynyň milli parlamentlerinde-de goldaw tapmalydyr. Munuň üçin aýlar gerek bolar. Bärde biz deslapky makullanmalardan kän daşdaky täze planlaryň gürrüňinem edemzok.

Sergeý Seninskiý Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň žurnalisti.
XS
SM
MD
LG