Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-rus gatnaşyklarynyň geljegi maslahatlaşyldy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Orsýetiň wise-premýeri Wiktor Zubkow “Awazada”, 12-nji awgust.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Orsýetiň wise-premýeri Wiktor Zubkow “Awazada”, 12-nji awgust.
11-nji awgustda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Awazada” ýerleşýän “Serdar” myhmanhanasynda Orsýetiň hökümetiniň başlygynyň orunbasary Wiktor Zubkowy kabul etdi.

Hazaryň kenarynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň, şeýle hem ýangyç-energetika pudagy, oba-senagat toplumy, bilim we medeniýet ulgamy boýunça özara hyzmatdaşlygyň ýokarlanýandygy bellendi. Zubkow Hazar deňziniň kenarynda döredilen "Awaza" turistik zonasyny ösdürmek boýunça-da özara hyzmatdaşlyk üçin uly perspektiwalaryň bardygyny aýtdy.

Orsýetiň wise-premýeri prezident Berdimuhamedowy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has hem ýokarlandyrmak we durnukly depginde ösdürmek boýunça Moskwanyň edýän teklipleri bilen tanyşdyrdy diýip, resmi Aşgabat habar berýär.

Ýerli habar serişdeleriniň ýazmagyna görä, Orsýetiň işewür toparlary türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny giňeltmäge synanyşýarlar. Emma synçylar soňky döwürde Orsýetiň Merkezi Aziýanyň ähli döwletleri, şol sanda Türkmenistan bilen hem gatnaşyklarynyň ýaramazlaşýandygyna ünsi çekýärler.

“Türkmenistan garaşsyzlygyny alandan soň, 1997-98-nji ýyllarda Hazardaky jedelli gaz ýataklary baradaky meselä Orsýetiň goşulmagy iki ýurduň gatnaşyklaryna ýaramaz täsir edipdi. Munuň özi iki ýurduň arasyndaky haryt dolanşygyna-da täsirini ýetirdi” diýip, Orsýetiň Strategik barlaglar institutynyň ylmy işgäri Aždar Gurdow aýdýar.

Soňra ol şeýle diýýär: “2003-nji ýylda bu problema çözüldi we türkmen gazyny Orsýete satmak boýunça uzak möhletli ylalaşyga gol çekildi. Şeýdip, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanşygy ýokarlanyp başlady”.

2009-njy ýylyň aprel aýynda türkmen gazyny Orsýete akdyrýan turbanyň partlamagy netijesinde türkmen-rus gatnaşyklary ýene-de ýaramazlaşdy. Şonda Aşgabat bu waka boýunça Orsýeti aýyplady. Aýdylmagyna görä, öňünden duýdurmazdan, “Gazprom” import edýän türkmen gazynyň möçberini kemeldipdir we netijede partlama emele gelipdir.

Şol pursatdan soň Orsýet türkmen gazy boýunça monopoliýasyny ýitirdi we bu ýagdaý Türkmenistandaky agalygyny gorap saklamak isleýän Moskwa üçin oňaýsyz ýagdaý döretdi.

Gurdow Orsýete satylýan türkmen gazynyň bahasy meselesinde henizem doly ylalaşyga gelinmändigini aýdýar.

“Soňky döwürde iki ýurduň arasyndaky haryt dolanşygynyň derejesi pese gaçan bolsa-da, Türkmenistan Orsýetden maşyn gurluşygy önümlerini we beýleki önümleri satyn almagyny dowam etdirýär. Bu ýagdaý iki ýurduň arasyndaky haryt dolanşygynyň has hem pese gaçmagynyň öňüni alýar” diýip, Gurdow sözüniň üstüni ýetirýär.

Häzirki wagtda Orsýetiň pasportyna eýe bolan türkmen raýatlarynyň statusy, şeýle hem Hazaryň türkmen kenaryndan Azerbaýjana tarap çekilmegi göz öňünde tutulýan “Transhazar” gaz geçirijisi boýunça Moskwanyň pozisiýasy iki ýurduň arasynda çözülmän galan meseleleriň arasyna girýär. Hazar meselesi şu hepde Orsýetiň we Azerbaýjanyň liderleriniň Soçide geçiren duşuşygynda hem gozgaldy.

Ylym we bilim

Şu ýylyň iýun aýynda Orsýetiň Ylymlar akademiýasy Türkmenistana milli hemra gözegçilik merkezini döretmäge kömek teklip etdi. Bu teklip Aşgabatda Ylymlar güni mynasybetli guralan halkara sergisinde Orsýetiň Ylymlar akademiýasynyň sergidäki seksiýasy tarapyndan edildi.

Şu hepde bolsa Orsýet Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň prezidenti Rustam Minnihanow türkmen ýaşlaryny öz ýurdunda okatmaga taýýardygyny mälim etdi. Onuň aýtmagyna görä, häzir iki ýurduň Ylymlar akademiýasy özara hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşygy taýýarlaýarlar.

Tatar paýtagty Kazanda türkmen spesialistleriniň hünärini kämilleşdirmek boýunça bilelikdäki merkeziň açylmagynyň hem planlaşdyrylýandygy aýdylýar. Göz öňünde tutlýan bu merkez türkmenistanlylary Tatarystanyň we Orsýetiň ýokary okuw jaýlaryna ibermek bilen meşgullanmaly.

2008-nji ýylda gol çekilen ylalaşyga görä, döwletiň hasabyna her ýyl 250-den gowrak türkmen studenti 150-ä golaý ugur boýunça Orsýetde ýokary okuw okamaga iberilýär. Öz hasabyna okaýan studentleri hem göz öňünde tutanyňda, Orsýetiň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen studentleriniň sanynyň üç müňden geçýändigi, diňe Sankt-Peterburgda okaýan türkmenistanly studentleriň sanynyň müňden gowrakdygy habar berilýär.

Aşgabatly ýazyjy Amanyrat Bugaýew Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyny alanyna 20 ýyl bolan bolsa-da, ene-atalaryň öz çagalaryny rus mekdeplerinde okatmak tendensiýasynyň saklanyp galýandygyna ünsi çekýär. “Öňle rus dilini bilmek, rus medeniýetini öwrenmek dereje hasaplanýardy. Henizem adamlarda şol pikir, şol ynanç bar” diýip, Bugaýew aýdýar.

Orsýetiň Strategik barlaglar institutynyň ylmy işgäri Aždar Gurdow munuň sebäbini şeýle düşündirýär: “Ilki başdan Sowet sistemasynda orta mekdeplerde berilýän bilimiň derejesi ýokary hasaplanýardy. Bu, elbetde, mekdep mugallymlarynyň bilim derejesi we olara tölenýän zähmet haky bilen baglydy. Häzir ene-atalar çagalarynyň geljeginiň aladasyny edip, Türkmenistanyň geljekde hökman açyljakdygyna we daşary ýurduň dilini we medeniýetini gowy bilýän ýaşlaryň ýurt üçin arzyly kadr boljakdygyna ynanýarlar”.

12-nji awgustda “Awazada” ýerleşýän “Hazyna” myhmanhanasynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara işçi toparynyň duşuşygy hem geçirildi. Oňa Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we öz ýurdunyň delegasiýasyna ýolbaşçylyk edip gelen Wiktor Zubkow hem gatnaşdy. Bu komissiýanyň 5-nji mejlisi geçen ýylyň noýabr aýynda geçirilipdi, 6-nji mejlisi şu ýylyň noýabr aýynda Moskwada geçiriler.

Häzir Türkmenistanda Orsýetiň maýa goýumlarynyň gatnaşmagynda 130-dan gowrak kärhana işleýär, 110-dan gowrak döwletara we hökümetara ylalaşyklar hereket edýär diýlip, habar berilýär.
XS
SM
MD
LG