Mundan iki ýarym ýyla golaý wagt ozal, 2009-njy ýylyň ýanwarynda geçirilen hökümet maslahatlarynyň birinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň energetika pudagynda elektrik üpjünçiligi bilen bagly käbir düýpli problemalaryň bardygyny boýun alypdy.
Hususan-da, ol şonda şeýle diýipdi: “Bizin energetika pudagymyzda hem çözmegi zerur bolan uly meseleler bar. Hemişe iň bir jogapkärli pursatlarda elektrik energiýasy bilen baglanyşykly bökdençlikler ýüze çykýar. Pudakda işleri talabalaýyk guramak üçin diňe başarjaňlyk we höwes gerek”.
Paýtagt Aşgabadyň energiýa üpjünçiligine 2,3 milliard ýewrodan gowrak serişde sarp ediler diýip, 2010-njy ýylyň fewral aýynda habar berildi. Proýekt belgiýaly “Enex Process Engineering S.A.” kompaniýasynyň hem-de fransiýaly “Schneider Electric” konsortiumynyň spesialistleri tarapyndan taýýarlandy. Ol 10 ýylyň dowamynda 3 tapgyra bölünip amala aşyrylmaly.
Ýöne şondan soňky geçen döwrüň içinde döwlet lideri nämüçindir elektrik üpjünçiligi bilen baglanyşykly bar bolan çynlakaý problemalara garamazdan, bu meseläni düýpli gozgamady.
Iýul aýynyň ahyrynda geçen hökümet maslahatynda-da prezident ýurduň mobil aragatnaşyk pudagyndaky problemalara alada bildirip, aragatnaşyk ministrine igesini sürtüp, oňa berk tabşyryklary tabşyrsa-da, şu günki gün köpleri alada goýýan elektrik üpjünçilik meselesini welin ol ýene gozgamady.
Çynlakaý kynçylyk
Uzak obalardaky ýagdaýlar barada gürrüň etmän, eýsem, paýtagt Aşgabat we onuň eteklerindäki ilatly punktlar barada gürrüň edilende-de, şu günki gün ol ýerlerdäki elektrik togy bilen üpjünçilik ýagdaýynyňam örän gözgynydygy barada maglumatlar gelip gowuşýar.
Aşgabadyň eteginde ýaşaýan garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew hem Azatlyk Radiosy bilen telefon gürrüňdeşliginde şu günki gün adamlaryň bu ugurda çynlakaý kynçylyklary başdan geçirýändiklerini tassyklady.
“Türkmenistan öz elektrik energiýasyny daşary ýurtlara-da eksport edýär. Emma ýurduň içinde welin onuň üpjünçiligi örän ýaramaz. Ynha, özümiz Aşgabadyň eteklerinde, Änewde ýaşap ýörüs, ýöne şu ýerde-de kondisionerler we plitkalar 140-150 woltda işleýär. Soňky üç ýylyň içinde elektrik energiýasy bilen üpjünçilik hasam ýaramazlaşdy” diýip, Ýazgulyýew aýdýar.
Ýerli ýaşaýjalaryň aýtmaklaryna görä, elektrik togunyň güýjüniň pese gaçmagy diňe bir tomusda däl, eýsem howanyň sowuk wagtlary, adamlaryň elektrik peçlerinden peýdalanýan günlerinde-de ýiti duýulýar.
Aşgabatly synçy Çoluk Möwlamow Azatlyk Radiosynyň websaýtynda çap edilen blogunda şeýle ýazýar: “Halkyň peýdalanmagy üçin juda az elektrik energiýasy goýberilýär. Kondisionerler işläp bilmän öçýärler. Çyralar bolsa örän pes ýanýar. Hatda çyralaryň körekliginden öýüň içi garalma derejesine barýar. Ýa-da çyralar gözüni gyrpýan adam ýaly, bir öçüp-bir ýanyp, belli bir kadada durup bilenoklar. Elektrik energiýasynyň kadasyzlygy sebäpli holodilnikler hatardan çykýarlar”.
Bir tarapdan toguň ýetmezçiligi kondisionerleriň ýa-da elektrik peçleriniň köp ulanylýandygy bilen baglanyşdyrylyp, bu kadadan çykma bir ýagdaý hokmunde-de düşündirilýär. Emma, beýleki tarapdan, eger ilat yssydan ýa sowukdan goranyp, elektrik enjamlaryny ýygy-ýygydan ulanmaga mejbur bolýan bolsa, şeýle zerurlykda ilata elektrik togunyň ýetmezçilik etmegi, eýsem, häkimiýetleriň jogapkärçiligine degişli mesele dälmi diýen sorag ýüze çykýar.
“Şäher gazetlerinde käte-käte gazyň, elektrik togunyň bolmadyk ýagdaýynda jaň etmek üçin telefonlar halka hödürlenýär. Ýöne jaň eden halatyň ol telefonlaryň hiç birinde trubka göterilmeýär. Sebäbi elektrik energiýasynyň halkyň sarp etmegine goýberilýän böleginiň örän ujypsyzdygyna düşünýän elektrikçiler halkyň arz-şikaýatyny diňlemekden bizar. Düzedip bolmajak zat üçin jogap tapylmansoň, olar telefon trubkasyny galdyrman oňanlaryny gowy görýärler” diýip, aşgabatly synçy Möwlamow ýazýar.
Problemanyň köki
Tok ýetmezçiliginden ýa-da toguň güýjüniň pes bolmagyndan çekilýän kynçylyklardan şikaýat edip, Azatlyk Radiosynyň internet saýtyna seslenme ýazýan okyjylar hem az däl. Şol ýazylýan hatlardan hem bu gürrüňi edilýän problemanyň regionlar boýunça giň ýaýran problemadygyny görmek bolýar.
Olaryň bu ýazýan arz-şikaýatlary ýurduň häkimiýetlerine gönükdirilen. Emma “Beýik galkynyş we özgertmeler zamanasy” diýlip atlanydyrylýan Türkmenistanyň şu günki günlerinde metbugat serişdelerinde ilatyň arz-şikaýatyna orun berilmeýändigine görä, adamlar öz arzlaryny Azatlyk Radiosynyň üsti bilen häkimiýetlere ýetirmäge synanyşmaly bolýarlar.
Garaşsyz žurnalist Ýazgulyýew sowet ýyllaryndan bäri ýurtda elektrik setlerini we transformatorlary täzelemek ugrunda döwlet tarapyndan hiç hili iş geçirilmeýändigini aýdyp, häzirki problemanyň sebäplerini hut şonda görýär.
“Ýurtdaky elektrik setleri örän köne, olar esasan 1960-70-nji ýyllarda gurlan. Onsoňam, Türkmenistanyň ilatly punktlarynda transformator meselesem uly mesele bolup dur. Adamlar pul goşup, şol transformatorlary öz pullaryna satyn alyp goýmaga-da razy, emma häkimiýetler şoňa-da şert döredenoklar. Ne-hä bu işi döwletiň özi edýär, ne-de adamlara satyn almaga mümkinçilik döredilýär. Ýurtda transformator getirip ýören hususy firma-da ýok” diýip, Ýazgulyýew ýagdaýy suratlandyrýar.
Ýurdun ähli regionlarynda diýen ýaly ilatyň şeýle möhüm kommunal-durmuş hyzmatlarynyň gözgyny ýagdaýyndan kosenýän halatynda, bu meseleleriň çözgütlerine üns bermän, Türkmenistanyň prezidentiniň şowhunly dabaralara, baýramçylyklara gitdigiçe uly üns berip ýörmegi köpleri geň galdyrýar.
Žurnalist Ýazgulyýew sosial we kommunal pudakdaky problemalary çözmek üçin halkyň kän bir derdine ýaramaýan kaşaň binalaryň gurluşyklaryna goýberilýän pullary hut şular ýaly sosial problemalary çözmeklikle sarp etmelidigini nygtaýar.