Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG ýurtlarynda internet azatlygy


“Global Voices” websahypasynyň ýolbaşçysy Sigeliň aýtmagyna görä, sosial mediadan peýdalanýanlaryň ýagdaýy has hem ynjyk.
“Global Voices” websahypasynyň ýolbaşçysy Sigeliň aýtmagyna görä, sosial mediadan peýdalanýanlaryň ýagdaýy has hem ynjyk.
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy boýunça Birleşen Ştatlaryň Helsinki komissiýasynda 15-nji iýulda geçirilen diňlenişikde bu guramanyň hereket edýän giňişliginde ýerleşýän ýurtlarda internet azatlygynyň ýagdaýy barada gürrüň edildi.

Diňlenişikde internet azatlygy we halkyň internete elýeterliligi barada dürli meseleler hakda pikir alşylyp, esasanam käbir hökümetler tarapyndan bu ugurda alnyp barylýan çäklendirmeler barada durlup geçildi.

“Tutuş dünýä boýunça internet ulanýanlaryň ýarsyna golaýy çäklendirmäniň bir bolmasa beýleki görnüşi bilen ýüzbe-ýüz. Şeýle ýagdaýa duçar bolanlaryň sany barha köpelýär. Häzirki döwürde 45 töweregi ýurt internetiň erkin pikir öňe sürülýän forum hökmünde hyzmat etmeginiň öňüni alyp, ony gapysy garawully jemgyýetlere öwürmäge synanyşýarlar” diýip, Toronto uniwersitetiniň alymy Rafal Rozinski diňlenişikde eden çykyşynda aýtdy.

“Barha güýçlenýär”

Rozinskiniň sözlerine görä, esasanam bu ýagdaýa Ýewraziýa giňişliginde duş gelmek mümkin. “Şol hökümetler tarapyndan ulanylýan usullaryň arasynda repressiw kanunlar çykarmak arkaly halky öz-özüni senzurlamaga mejbur etmek we gerek bolsa, olary internetden mahrum etmek ýaly usullardan peýdalanýarlar” diýip, kanadaly ekspert aýtdy.

Soňra ol sözüni şeýle dowam etdirdi: “Gazagystanda, Özbegistanda, Türkmenistanda, Orsýetde we Belarusda şeýle usullardan oppozisiýany basyp ýatyrmak üçin üstünlikli peýdalanylýar. Öňki Sowet Soýuzyna girýän ýurtlar barada aýdylanda, şol ýurtlaryň ählisinde internet ulanyjylar şeýle çäklendirmeleriň belli bir görnüşi bilen ýüzbe-ýüz. Internete we onuň ulanyjylaryna kontrollyk etmek boýunça mehanizm barha güýçlenýär”.

Diňlenişige şaýat hökmünde gatnaşanlardan biri hem ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň demokratiýa we adam hukuklary boýunça kömekçisiniň orunbasary Daniel Biýer. Ol internet azatlygy boýunça Merkezi Aziýada ýerleşýän käbir ýurtlaryň repressiw syýasat alyp barýanlygyny tassyklady.

Biýer öz çykyşynyň dowamynda, aýratynam “arap baharyndan” soňra, käbir ýurtlaryň internet boýunça senzura syýasatyny güýçlendirenligine özleriniň şaýat bolanlygyny belledi: “Meniň pikirimçe, şol waka sebäpli, beýleki hökümetleriň bu ugurda ädim ädip-ätmänligine garamazdan, olaryň, elbetde, bu meselä üns berýänligini aýtsa bolar”.

Institutlardan şahsyýetlere

Garaşsyz žurnalistleriň we bloggerleriň goşantlary bilen dolandyrylýan “Global Voices” websahypasynyň ýolbaşçysy Iwan Sigel hem diňlenişikde çykyş edenlerden biri. Ol internet azatlygyna garşy dowam edýän hüjümleriň haýsydyr bir täzelik bolmanlygyny aýdyp, öňki döwürlerde bu hüjümler institutlara edilýän bolsa, häzir olar şahsy adamlara hem gönükdirildi diýdi.

Sigeliň aýtmagyna görä, sosial mediadan peýdalanýanlaryň ýagdaýy has hem ynjyk, sebäbi, käbir edaralar ýaly, olaryň şeýle hüjümlerden özlerini goramaga ukyby, mümkinçiligi we serişdeleri ýok.

Düýbi Waşingtonda ýerleşýän Helsinki kommissiýasynda geçirilen diňlenişikde problemalar bilen bir hatarda olaryň çözgüdi we bu ugurda demokratik ýurtlaryň, şol sanda ABŞ-nyň oýnap biljek roly barada hem gürrüň edildi.

Rozinski internet azatlygynyň ABŞ-nyň we onuň Ýewropada ýerleşýän ýaranlarynyň uzak möhletli maksatlary nukdaýnazaryndan iň möhüm meseleleriň biri bolup durýanlygyny belledi. Şonuň üçin internete garşy repressiw syýasat alyp barýan ýurtlar bilen özara gatnaşyklarda bu meselä aýratyn ähmiýet berilmeli diýip, ol nygtady.

“Bütindünýä söwda guramasy ýaly edaralar beýleki ýurtlar bilen alyp barýan gatnaşyklarynda internet azatlygyna söwda şertnamasynyň maddasy hökmünde garamaly, olar şeýle repressiw syýasat alyp barýan agzalaryna garşy çäre görmeli” diýip, kanadaly ekspert nygtady.
XS
SM
MD
LG