Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus režimi demonstrantlara hüjüm edýär


Geçen ýylyň dekabrynda Lukaşenko dawaly ýagdaýda täze möhlete prezident saýlanandan soňky protestleriň gazaply basylyp ýatyrylmagy netijesinde oppozisiýa basyş has-da ösdi.
Geçen ýylyň dekabrynda Lukaşenko dawaly ýagdaýda täze möhlete prezident saýlanandan soňky protestleriň gazaply basylyp ýatyrylmagy netijesinde oppozisiýa basyş has-da ösdi.
Belarusda polisiýa ýurduň dürli künjeklerinde hökümete garşy geçirilen ýörişleri dargadanda göz ýaşardyjy gazy ulandy we onlarça protestçileri tussag etdi.

Ýekşenbe güni giçlik paýtagt Minskide we beýleki şäherlerde protestçiler ýurduň awtoritar prezidenti Aleksandr Lukaşenko garşy öz närazylyklaryny bilelikdäki el çarpyşmalar bilen bildirdiler.

Oppozisiýa aktiwistleri 1944-nji ýylda Belarusyň nasistik basybalyjylardan azat edilmeginiň ýyl dönümi bilen bagly geçirilýän Garaşsyzlyk gününde parahat “el çarpyşmalar” arkaly protestleri geçirmäge internet arkaly çagyryş edipdiler.

Minskiniň etegindäki demir ýol stansiýalarynyň birinde geçirilen protestlere şaýat bolan Azatlyk Radiosynyň habarçysy Halina Abakunçygyň aýtmagyna görä, graždan eşikdäki polisiýa işgärleri demonstrantlar bilen çaknyşyga girip, olaryň onlarçasyny tussag edipdirler.

Abakunçygyň pikiriçe, bu henize çenli görlüp-eşidilmedik gazaplylyk bolupdyr: “Men bular ýaly zady Minskide hiç haçan öz habar taýýarlan demonstrasiýalarymda görmändim. Adamlary göni köçelerde tutýarlar. Polisiýanyň ýörite ulaglary köçäniň gyrasynda hatar bolup dur. Olar žurnalistleri, garaz ellerine kim ilse, şolary tussag edýärler. Olar garşysyndakynyň kimdigini seljerjegem bolman, olary ýençýärler”.

Protestçileriň arasynda ýaşlar bilen bir hatarda garrylar we çagaly aýallar hem bardy. Oppozision “Wesna” toparynyň maglumatyna görä, ýurt boýunça 100 töweregi adam tussag edilipdir. Tussag edilenleriň arasynda Azatlyk Radiosynyň iki sany habarçysy hem bar.

Protestleriň guramaçylygynyň öňüni almak maksady bilen ýurduň häkimiýetleri birnäçe internet saýtlaryny ençeme sagatlyk bagladylar. Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugynyň websaýty hem güman edilýän hüjüm sebäpli birnäçe sagatlap ýurtda açylmady.

Lukaşenko harby paradyň öňünden şeýle çykyş etdi: “Zorluk hem belli bir maksat bilen biziň boýnumyza reňkli rewolýusiýalaryň ynsapsyz senarisini dakjak bolýarlar. Bular belli bir döwletleriň paýtagtlaryndan göçürilip ýazylan. Biz bu hüjümleriň maksadynyň ynamsyzlygy, howp-hatary döretmekdigine we jemgyýetiň agzybirligini bozmakdygyna düşünýäris. Netijede olar bizi dyza çökerip, garaşsyzlyk döwründe gazanylan ähli ýeňişlerimizi bir köpük etjek bolýarlar. Bu hiç haçan amala aşmaz”.

Geçen ýylyň dekabrynda Lukaşenko dawaly ýagdaýda täze möhlete prezident saýlanandan soňky protestleriň gazaply basylyp ýatyrylmagy netijesinde oppozisiýa basyş has-da ösdi.
XS
SM
MD
LG