Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistan gepleşikleriň netijesiz tamamlanmagynda Azerbaýjany aýyplady


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew (sagda), ermeni prezidenti Serž Sarkisýan (aňyrda) we azeri prezidenti Ylham Alyýew (bärde) Orsýetde, 2011-nji ýylyň 5-nji marty
Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew (sagda), ermeni prezidenti Serž Sarkisýan (aňyrda) we azeri prezidenti Ylham Alyýew (bärde) Orsýetde, 2011-nji ýylyň 5-nji marty
Hepdäniň anna güni Orsýetiň Tatarstan respublikasynyň paýtagty Kazanda Azerbaýjan bilen Ermenistanyň prezidentleriniň Daglyk-Garabag meselesi boýunça geçiren gepleşiklerine uly umyt baglanypdy.

Emma azeri prezidenti Ylham Alyýew bilen ermeni prezidenti Serž Sarkisýan bu dawaly meseläniň esasy ugurlary boýunça ýene umumy dil tapmagy başarmadylar.

Ermenistanyň daşary işler ministri Edward Nalbandýan düýp meseleler boýunça taýýarlanan soňky teklipleri Azerbaýjanyň kabul etmekden ýüz owrendigini aýdyp, gepleşikleriň netijesiz tamamlanmagynda Azerbaýjan tarapyny aýyplady. Onun aýtmagyna görä, Azerbaýjan tarapy özara ylalaşyk boýunça taýýarlanan dokumente 10 sany üýtgetme girizilmegini isläpdir.

Daglyk-Garabag meselesi boýunça alnyp barylýan gepleşiklere soňky wagtlar Orsýet bilen birlikde Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Fransiýa-da araçylyk edip gelýärler.

Netije

Nýu-Ýork şäherindäki Kolumbiýa uniwersitetinde iş alyp barýan, Kawkaz regiony boýunça bilermen Linkoln Mitçell Kazan şäherinde geçirilen gepleşiklerde düýpli netije gazanylmadyk-da bolsa, kabul edilen özara beýanatyň käbir umytlary döredýändigini aýtdy.

Mundan ozallar taraplar hemişe stoly ýumruklap, gapydan çykýardylar. Bu gezek beýle zat bolmady.
“Gepleşikden soň edilen beýanata dürli hili many berip boljak. Siz pessimist bolsaňyzam, optimist bolsaňyzam ondan alar ýaly many bar. Meniň pikirimçe, beýanatyň oňyn tarapy onuň geljekki diskussiýalara ýol açýanlygyndadyr. Mundan ozallar taraplar hemişe stoly ýumruklap, gapydan çykýardylar. Bu gezek beýle zat bolmady. Gepleşigiň ýaramaz tarapy barada aýtsak, onda ‘olar, ynha, şu meselede ylalaşdylar - bu uly öňegidişlik’ ýa-da ‘ynha, şu zat konflikti çözmek üçin fundament boljak’ diýer ýaly zat ýok. Gepleşikleriň şeýle derejä ýetmändigi aýdyň zat” diýip, analitik Linkoln Mitçell nygtady.

Kazandaky gepleşikleriň öň ýany daşary ýurtlaryň hökümetleri Ylham Alyýew bilen Serž Sarkisýany esasy meselelerde ylalaşyga gelmäge tutanýerli çagyrdylar.

Bu gürrüňi edilýän esasy meseleler Ermenistan tarapyndan okkupirlenen Daglyk-Garabag regionynyň Azerbaýjanyň kontrollygyna geçmegi, ýaşaýan ýerlerinden çykarylan ozalky ýaşaýjylaryň yzlaryna dolanmaklary üçin hukuklarynyň kepillendirilmegi, Daglyk-Garabagyň howpsuzlygy we öz-özüni dolandyrmagy üçin oňa wagtlaýyn statusyň berilmegi, şeýle-de geljekde bu regionyň gutarnykly kanuny statusyny kesgitlemek boýunça özara ylalaşyga gelinmegi ýaly şertleri öz içine alýar.

“Wagt geldi”

Şu ýylyň 26-njy maýynda G-8 toparynyň Fransiýada geçiren sammitiniň çäklerinde Daglyk-Garabag meselesi boýunça kabul edilen beýanatda Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew, ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama we Fransiýanyň prezidenti Nikolaýa Sarkozi Azerbaýjan bilen Ermenistanyň bu meselede aýgytly ädim ätmekleri üçin “wagtyň gelendigini” nygtapdylar.

Olar meseläniň çözgüdiniň uzaklaşdyrylmagynyň diňe Azerbaýjan bilen Ermenistanyň ylalaşyk gazanmak isleglerini sorag astynda goýjakdygyny belläpdiler.

Daglyk-Garabag regiony bilen baglanyşykly konfliktler Sowet Soýuzy dargamazyndan üç ýyl öň, 2008-nji ýylda Ermenistan bilen Azerbaýjanyň bu regionyň üstünde özara urşa girmekleri bilen başlanypdy. Şol çaknyşyklaryň netijesinde 20 müňden gowrak adam ölüp, bir million töweregi adam öz ýaşaýan ýerlerini terk etmäge mejbur bolupdy.

Şol harby konfliktlerde Ermenistan tarapy Azerbaýjanyň territoriýasyndaky Daglyk-Garabag regiony bilen birlikde ýene ýedi sany regiony, ýagny ýurduň tutuş territoriýasynyň 13 prosentini basyp alypdy.

1994-nji ýylda özara ýaraşyk şertnamasynyň netijesinde uruş hereketleri togtadylan-da bolsa, Daglyk-Garabag regiony şondan bäri ermeni güýçleriniň kontrollygynda galýar.
XS
SM
MD
LG