Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garry adamlara ýowuz daramalar


Hasabatda nygtalmagyna görä, garrylaryň zorluga sezewar edilmegi bilogiki, sosial, medeni, ykdysady we daşky gurşaw ýaly faktorlara bagly bolup durýar.
Hasabatda nygtalmagyna görä, garrylaryň zorluga sezewar edilmegi bilogiki, sosial, medeni, ykdysady we daşky gurşaw ýaly faktorlara bagly bolup durýar.
Ýewropada her ýyl dört milliona golaý garry sütemleriň dürli görnüşlerine, şol sanda urgulara, bedeniň ýanmasyna, öýlerinde gulp astynda saklanyp, hereket etmek azatlygynyň çäklendirmelerine sezewar edilýärler. Bu barada Bütindünýä saglyk guramasynyň Ýewropada garry adamlara ýowuz daralmagynyň öňüni almak boýunça hasabatynda bellenilýär. Bu hasabat 16-njy iýunda Budapeştde Zorlugyň we şikes ýetmäniň öňüni almak we howpsuzlgyň üpjün edilmegine kömek bermek boýunça geçirlen 3-nji Ýewropa konferensiýasynda ýaýradyldy.

BSG-niň Zorlugyň we şikes ýetmäniň öňüni almak babatda Ýewropa sebiti boýunça programmasynyň dolandyryjysy Dineş Sethi
Bütindünýä saglyk guramasynyň Zorlugyň we şikes ýetmäniň öňüni almak babatda Ýewropa sebiti boýunça programmasynyň dolandyryjysy Dineş Sethi bu hasabat barada Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Biz hasabatda 60 ýaşdan geçenleriň ýagdaýlary barada maglumat berdik. Biz bu hasabatda şol adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny görkezmäge synanyşdyk. Bularyň arasynda: ýaşuly adamlara fiziki taýdan jebir edilmegi, olaryň jynsy zorluklara sezewar edilmegi, olara garşy maliýe hem ruhy taýdan gazaplylyk, şeýle-de olaryň halys ünsden düşürilmegi ýaly ýagdaýlar bar. Umuman, bu hasabatda köp mesele gozgalýar. Biziň hasabaty ýaýratmak bilen öňde goýan maksadymyz, bu ýagdaýlaryň ýewropada häzirki wagtda juda uly problemadygyny görkezmekdir. Şeýle-de kanun çykaryjylaryň ünsüni bu ugurda bir zatlaryň hökmany edilmelidigine çekmekdir”.

Bu hasabatda nygtalmagyna görä, garrylaryň zorluga sezewar edilmegi bilogiki, sosial, medeni, ykdysady we daşky gurşaw ýaly faktorlara bagly bolup durýar.

Barlaglaryň netijlerine syn edilse, onda ruhy taýdan näsag ýa-da maýyp garrylaryň zorluga has köp duçar bolmak howplary bar. Garrylara azar bermeler esasan olaryň çagalaryndan ýa-da beýleki garyndaşlary tarapyndan amala aşyrylýar. Emma garrylara seretmek üçin hak tölenýän ýörite keselhana işgärleriniňem ýaşuly adamlara rehimsiz çemeleşmek howpunyň bardygy hasabatda bellenilýär.

Ýewropa regionynda her ýyl 60 ýaşdan geçenleriň 8,300 töweregi özara zorluklar sebäpli ölýärler. Şeýle-de hasabatda nygtalmagyna görä, erkekler aýallar bilen deňeşdirlende öz janlaryna has köp kast edýärler.

Hasabatda bellenilişi ýaly, gartaşan aýallar has köp zorluklara sezewar edilýär. Mysal üçin, Ispaniýada ejir çekýän garrylaryň 60-75%-i aýallar.

Merkezi Aziýa

“Merkezi Aziýa ýurtlary barada aýdylanda, garry adamlaryň öz janlaryna kast etmeleriniň derejesi ýokary. Bu şol döwletlerde olaryň beden we ruhy gynamalara sezewar edilýändigini görkezýän bir mysaldyr” diýip, Bütindünýä saglyk guramasynyň Zorlugyň we şikes ýetmäniň öňüni almak babatda Ýewropa sebiti boýunça programmasynyň dolandyryjysy Dineş Sethi aýdýar.

Türkmenistanda pensiýa üpjünçiligi ilatyň sosial durmuşynda aýratyn we möhüm orun tutýar. Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow pensionerleriň köpüsiniň pensiýalaryny kesip, köpüsini bolsa pensiýadan bütinleý mahrum edipdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçende, öňki kesilen pensiýalary dikeltdi, pensiýadan mahrum edilenlere pensiýanyň täzeden berilmegini üpjün etdi. Emma, bulara garamazdan, ýurduň içindäki ýaşulular, berilýän pensiýanyň ähli durmuş harajatlary üçin ýeterlik däldigini aýdýarlar.

Döwlet edarasynda 24 ýyl işläp, 2004-nji ýylda pensiýa çykan zenan özüne berilýän pensiýadan nägiledigni Azatlyk Radiosyna aýtdy: “Iýjegiňe ýetse, geýjegiňe ýetenok. Saglygyň hakda gürrüň hem ýok. Iýmitleriň bahasy ýylyň-ýylyna galdyrylýar. Pensiýa bolsa şol ujypsyzlygyna dur”.

Türkmenistanda Gurban baýramynda, Remezan aýynda adamlar öz sadakalaryny garrylar öýlerine hem bagş edýärler.
XS
SM
MD
LG