Hepdäniň sişenbe güni Belarus öz milli pulunyň dollara bolan gatnaşygyndaky hümmetini 36 prosent aşak düşürdi. Ýöne maliýe ugrundan bilermenler şeýle radikal çäräniň-de Belarusyň maliýe krizisini çözüp biljekdigini sorag astynda goýýarlar.
Belarusyň Merkezi banky hepdäniň sişenbe güni bir dollaryň resmi kursuny 3 rubl 15 köpükden 4 rubl 93 köpüge, ýagny, tas 5 rubla çykardy. Mundan daşgary, ýurduň Merkezi banky kommersiýa banklaryna daşary ýurt walýutasyny satmagy-da duruzdy.
Şeýlelikde edil şu günki gün Belarusyň banklaryndan daşary ýurt walýutasyny satyn almak hem mümkin däl.
Belarusyň prezidenti Aleksandra Lukaşenkonyň, döwletiň bank sistemasynda walýuta defisitiniň bardygyny boýun almakdan ýüz öwürýändigine garamazdan, maliýe ugrundan bilermenler munuň hut walýuta defisitiniň öňüni almak üçin çykalgasyzlykdan görülýän çärelerdigini aýdýarlar.
Belarusyň Merkezi bankynyň ozalky başlygy Stanislaw Bahdankewiç milli belarus puly bolan rubluň hümmetsizlenmek prosesiniň mundan has ozal başlanandygyny belläp, bu prosesiň öňüni almak üçin öz wagtynda, mundan has öňräk zerur çäreleriň görülmelidigini nygtady.
“Olar bu meselede, elbetde, gijä galdylar. Olar ozaly bilen asla walýuta bazarynyň gymmatlamagyna ýol bermeli däldiler. Olar ýaňy krizisiň ilkinji alamatlary ýüze çykan badyna zerur çäreleri görmelidiler. Mundan daşgary, dewalwasiýa prosesini has siwilizlenen görnüşde-de geçirip bolýar-a, ýagny 15-20 prosent ýokary galdyryp. Emma şu günki gün Belarusyň öz walýutasy - goýumlar üçinem, tutuş ilat üçinem uly ýitgilere öwrüldi” diýip, Bahdankewiç belledi.
$3 milliard kredit aldy
«Financial Times» gazeti özüniň bu mesele bilen bagly çap eden synynda şu üstümizdäki ýylda Belarusyň walýuta ätiýaçlyklarynyň 3,8 milliard dollar kemelendigini we edil häzirki wagtda ýurduň walýuta defisitiniň onuň tutuş içerki önümçiliginiň 16 prosentine deňdigini ýazýar.
Dek geçen hepde Belarus Ýewraziýa Ykdysady maliýe institutyndan 3 milliard dollar kredit aldy. Emma käbir synçylar uly prosent bilen berlen bu maliýe krediti ýurduň ykdysadyýetine wagtlaýyn hemaýat bolsa-da, onuň Belarusyň ykdysadyýetini maliýe krizisinden halas edip bilmejekdigini aýdýarlar.
Belarusyň parlamentiniň maliýe meseleleri boýunça komissiýasynyň başlygy Ýewhen Arsýuşenka ýurduň walýuta pudagynda hakykatdanam häzir çynlakaý problemalaryň bardygyny boýun alyp, bu problemalardan halas bolmak üçin belli bir şertleriň zerurdygyny aýtdy.
“Walýutanyň kursunyň deňagramly ýagdaýda kesgitlenmegi üçin zerur platforma döredilmeli. Şol hem ýurduň hakyky ykdysady ýagdaýyny-da görkezýän özboluşly bir görkeziji bolardy we biz şu günki gün walýuta bazarlarynda bar bolan spekulýatiw operasiýalardan hem dynardyk» diýip, Belarusyň parlamentiniň maliýe meseleleri boýunça komissiýasynyň başlygy Arsýuşenka belledi.
Günbatar synçylary hem indi köp wagtlardan bäri Belarusyň diňe bir syýasy dolanydyryşynda däl, eýsem maliýe-ykdysady pudagynda-da düýpli reformalaryň zerurdygyny nygtap gelýärler.