Prezident Barak Obamanyň administrasiýasy Hytaý bilen özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk has-da ösdürmek ugrunda iş alyp barjakdygyny yglan eden-de bolsa, bu iki ýurduň hyzmatdaşlyklary soňky wagtlar garaşylyşy ýaly şowlulygy görkezmeýär.
Aýratynam Hytaýyň alyp barýan dawaly walýuta syýasaty Waşingtonyň Pekin bilen söwda hyzmatdaşlyklaryny belli bir derejede pese düşürdi. Munuň üstesine, prezident Hu Jintaonyň hökümetiniň ýakynda ýurduň syýasy oppozisiýasyna garşy ulanan gazaply çäreleri Waşingtonda köp aladalary döretdi.
«ABŞ-Hytaý Strategik we Ykdysady dialogy» ady bilen geçirilýän nobatdaky ýyllyk gepleşiklerde şu meseleler esasy üns merkezinde durdy.
Duşenbe güni bu gepleşikleriň açylyş dabarasynda amerikan delegasiýasyna ýolbaşçylyk edýän Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton özara hyzmatdaşlardan iki tarap üçinem bähbitli zatlaryň köpdügini nygtady.
«Biziň ýurdumyzda käbir adamlar Hytaýyň ösüşine Birleşen Ştatlara abanýan bir howp hökmünde garaýarlar. Hytaýda-da käbir adamlar Hytaýyň ösüşine Amerika böwet boljak bolýar diýen gorky bilen muňa alada bildirýärler. Ýöne biz bu garaýyşlaryň ikisinem ret edýäris» diýip, Klinton belledi.
Walýuta
Gepleşikleriň dowamynda Hytaýyň walýuta manipulýasialary bilen baglanyşykly bu ýurduň resmilerine basyş hem görkezildi.
Birleşen Ştatlaryň önümçilik pudagyna degişli kompaniýalar soňky wagtlar Hytaýy adalatsyz söwda we walýuta pirimlerinde aýyplaýarlar. Olar hut şu gürrüňi edilýän problemalaryň hem Birleşen Ştatlarda iş orunlarynyň kemeldilmegi ýaly kynçylyklara getirendigini öňe sürýärler.
Birleşen Ştatlaryň ykdysadyýetçileri Hytaýyň öz milli walýutasy ýuanyň hümmetini bolmalysyndan 40 prosent pesde saklamagynyň Birleşen Ştatlaryň bu ýurt bilen söwda gatnaşyklaryna zyýanli täsir edýändigini aýdyp, Amerikan Kongresini Hytaýyň bu walýuta pirimleri üçin Pekine garşy temmi beriş çärelerini ulanmaklyga çagyrýarlar.
Şu bar bolan problemalar sebäpli geçen 2010-njy ýylda Birleşen Ştatlaryň Hytaý bilen söwda defisiti 273 milliard dollara deň boldy diýlip hasaplanylýar. Munuň özi iki ýurduň söwda dolanyşygynyň taryhynda iň uly söwda defisitidir.
Adam hukuklary
Waşintonda geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda Birleşen Ştatlaryň resmileri ykdysady meselelerden daşary Hytaýyň adam hukuklary bilen baglanyşykly alada döredýän meselelerini-de gozgadylar.
Bu gepleşikleriň başlanan güni eden çykyşynda Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Žosef Baýden adam hukuklary meselesinde Waşingtonyň Pekin bilen köp babatda ylalaşmaýandygyny aýtdy.
Şeýle-de, ol Birleşen Ştatlaryň Hytaýdaky adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň, ýuristleriň, žurnalistleriň, aktýorlaryň we bloggerleriň tussag edilmeleri bilen baglanyşykly meseleleri gozgamagyny dowam etdirjekdigini belledi.